Ýürekdeş sözler!
DILEG...
Gulmahrem [off]
08.12.2025 / 16:30
Gursagyňyz dünýä ýaly giňesin,
Nebsiňiz gysym deý, dar bolsun hernä.
Akyl bilen utuň durmuş hilesin,
Size gowy günler, ýar bolsun hernä.
Biz hemmämiz ýalňyşdyk öz döwründe,
Şol ýalňyşlar sanjy indi böwrüňde,
Haram işler tapylar her öwrümde,
Sogapdan paýyňyz bar bolsun hernä.
Hiç kim bir-birinden ýüzün sowmasyn,
Tersleşenler arasyny gowlasyn,
Dogan-doganyny görmän oňmasyn,
Gelimli-gidimli tör bolsun hernä.
Bärde syrly zat ýok düşünmez ýaly,
Her geçen günüňde bolmaly many
Oýnatsaň, oýnaýar wepasyz pany,
Bizde namys bilen, ar bolsun hernä.
Ömrüňiz ötmesin abyr-zabyrda,
Şu gün diri bolsaň, ertir gabyrda,
Puluňa, malyňa zat ýok aňyrda,
Hakyky dünýämiz nur bolsun hernä.
Ýazmyrat ÇÖRLI
163 |
21 |
4 |
9 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Täzejearzy [off]
Saglyk -iň uly baýlyk.
08.12.2025 / 18:56
+2
Ýetireniňe minnetdar, gowy goşgy!
Daniel [off]
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
08.12.2025 / 19:02
+1
Ajayyp goşgy!
Sagboluñ hernä @Gulmahrem
Gulmahrem (08.12.2025 / 22:32)
Daniel,
Dogan-daganyny görmän oňmasyn,
Gelimli-gidimli tör bolsun hernä.👍
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
09.12.2025 / 14:01
+1
Dogan daganyny gorman onmasyn diyya welin, dagasa-da goruber diyyamika,zyom )
Daniel (09.12.2025 / 16:39)
Belki, dogan-doganyny bolmaly meniň pikrimçe
Gulmahrem (09.12.2025 / 18:32)
Daniel, hawa, şeýle bolmaly. Men ýalňyşandyryn. Mekdebi zordan tamalanymy şunça bildirmejek boldum welin... :)
Gulmahrem (09.12.2025 / 18:35)
Daniel, hawa, şeýle bolmaly. Men ýalňyşandyryn. :)
Daniel (09.12.2025 / 18:56)
Gulmahrem, Bu ýalňyşlar her kimde-de bolup biler normal halat
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
