“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Anora : Durmuş şeýle bir işleri başa salýar, ýagny iň uly ýalňyşyň arkasynda unudulmajak bagt bar.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

KÄBÄM!..
 Öwreniji
 Suray [off]
 09.12.2025 / 22:26

Waspyña şygyrlar ýazasym geldi,
Dert başymdan agyp geçdi-le käbäm!
Dostlaryñ ahwaly gijiräk belli,
Köp kişi ynamdan gaçdy-la käbäm!

Mätäjem öwüt ber sypap saçlarym,
Sen bar ahyr özgä syrym açmaryn.
Baglarda saýran nije guşlaryñ,
Gadyry bilinmän, uçdu-la käbäm!

Çarhypelek bat berdi-de çarhyna,
Aýlady daşyma gamdan çarçuwa,
Yrýa saýdym yş görünse şam çyra,
Eregen şem bolup, öçdü-le käbäm!

Erikler güllese, galkynyp göwnüm,
Menem bolar öýtdim ömrümde öwrüm,
Ýagşy niýetleri ýüregme göwdüm,
Armanlar saralyp, bişdi-le käbäm!

Uludan dem alsam geñirgenmegin
Ýokuş gördüm, dünýäñ hilegärligin,
Ökünçli bar bolsa biri mendirin,
Ýalançy aýbyny aşdy-la käbäm!

Suraý AMANAKOWA


176

24

3

9

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 09.12.2025 / 23:49

+2

Tuweleme, Suray! Gowy goşgy!

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 09.12.2025 / 23:50

+2

Ejänyñ waspyna sözler ejiz!

 Täzeje
 MaksatH [off]
 10.12.2025 / 13:08

+1

Oñat goşgyñyzy okap täsin duýgylar başymdan geçdi. Minnetdar @Suray köp sag boluñ. :roza:

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


вахей...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 7-nji bölüm
Ейжежик (Düýn, 23:58)

JESET OGRUSY. 6-nji bölüm


ызны хачан гойжак...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 6-nji bölüm
Ейжежик (Düýn, 22:41)

Goşgy_1


👍gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Aixcam_nx (Düýn, 14:49)

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


Şasenemiň ejesi näme üçin söýgi ýok diýip Garyp çagaň ýüzüne mälçilledip urýaka? Bu ýazylan aýdylanlardan hawary ýokdumyka o bendäň çagasy...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


33💓 Dogry shy...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


Soýgi näme iahlesinäý erkekdowon...dowamy...

JESET OGRUSY. 5-nji bölüm


ещё.....dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 5-nji bölüm
Ейжежик (15.06.2026 / 23:42)

JESET OGRUSY. 4-nji bölüm


ызны хачан гойян...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 4-nji bölüm
Ейжежик (15.06.2026 / 23:11)

Ýagşy Magtymguly Pyragy


Magtymguly bolup biljek yokdurla...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy Magtymguly Pyragy
MG8 (15.06.2026 / 02:05)

Naýynsap


Allayar Curiyewde beyle pes goshgy barmyka beri? Ya yalnyshyamykam?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Naýynsap
MG8 (14.06.2026 / 08:54)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->