Ýürekdeş sözler!
IKIMIZ
Good [off]
10.12.2025 / 16:32
IKIMIZ
"Ýar ýara duşanda salamlaşmazmyş"
(Folklordan)
Sataşýarys indi aýda — rowanda,
Ine, sen!
Şol öňki galam gaşlaryň.
Dymyşýas. Zat kän-ä aýdara munda,
Ýar ýara duşanda salamlaşmazmyş.
Bakyşlarňa düşündim men, dilberim,
Şu gündizlik gözleriňden syçrandyr.
Barýaň.
Haçan görüşeris?
Bilmerin.
Belki bu aýralyk baky hijrandyr.
Seni ýöriteläp idemerin hiç,
Gözläp,
ogryn-ogryn esetmerin men.
Jähennem, örtenýän gijelerim hiç,
Belent mertebäňi peseltmerin men.
Tötänlikden sataşarys çenden bir,
Gör, bu günem rehim etdi tötänlik.
Ikimiziň umydymyz şondandyr
Halasgärdir merhemetli tötänlik.
Gabat gelsek ýene bir sapaly gün,
Görüp helal Aý deý galam gaşlaryň
Saňa düşünerin.
Dymarys şonda,
Ýar ýara duşanda
Salamlaşmazmyş.
Guldurdy SÄHETDURDYÝEW
166 |
21 |
3 |
6 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Daniel [off]
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
10.12.2025 / 19:30
+1
Başga ýurtda dost bolubam ýörler öňki söýüşenler 😕😕😕
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
11.12.2025 / 06:06
+1
Soygi gutarmasyn hic hacan!
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️
