“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Sebap : En büýük aşklar nefretle başlar

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

ABONENT-2
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 15.12.2025 / 14:50

Amangeldi:

Şu gezegem jaňa jogap bolmasa,
Köýjegim hak, ýanjagym çyn ataşda.
"Abonentiň telefony öçürlen
Ýa-da hyzmat ediş çäginden daşda".

Gülmährem:

Ýene bir gez synanşyp gör, jaň et-de,
Ýanyp-köýüp, tutaşma sen ataşda,
Abonent telefon öçürlen bolsa,
Diýmek, hyzmat ediş çäginden daşda.

Amangeldi:

Şeýle bir owadan siziň sesiňiz,
Ýöne diýenňizi gaýtalap durmaň!
Heý, bir alaç tapylmazmy, gelneje,
Men başga biriniň sesine gurban.

Gülmährem:

Aýdyp durmak, şol bir zady gaýtalap,
Borjum, hyzmatda men bolýan jan serek,
Elbetde alajy tapylar onuň,
Sesin eşitmek üçin tölemek gerek.

Amangeldi:

"Hormatly müşderi, açyň belgini,
Hyzmat ediş çägindenem daşlaşmaň"
Gaýtam şeý diýiňde käýäň, gelneje!
Siz ol gyzyň oýunlarna gatnaşmaň!

Gülmährem:

"Hormatly müşderi, hasabyny siz,
Töläp berseňiz, ol belki, daşlaşmaz"
Diýip, men size maslahat bersem,
Gowy boljak, hiç bir oýna gatnaşman!

Amangeldi:

Telefonam bilgeşleýin öçürýär,
Iki söz kän, bir sözem az, öýkelek.
Menem indi ýardan habar gelmese,
Dönüp barýan ýel degmedik ýelkene.

Gülmährem:

Telefonam bilgeşleýin öçürse,
Bir ýarym söz bilen göwnün tapjak bol,
Ýa-da ýardan habar gelmese, haýyş!
"Altyn asra" bergisini ýapjak bol!

Amangeldi:

Bir alajyn tapyň, heniz giç dälkä,
Abonentiň telefonyn açdyryň!
Ýüregimden päk söýgini öçürse,
Bagtly ediş çägindenem daşdyryn.

Gülmährem:

"Bir alajyn tapdyk" hasap edäýgin,
Kömek bolsun, telefonyn açarys,
Ýürekdäki päk söýgini öçürme,
Toýuňyzda üýşüp, süýji seçeris!


231

36

10

19

0

1

1
Mowzugy vip edenler:
Burning - 7 sagat vip etdi!
(15.12.2025 / 18:26)
Teswirler:
 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 15.12.2025 / 15:47

+1

Berekella! Bet çykypdyr 😁😁😁😁

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 15.12.2025 / 15:47

+1

Gulmahrem :alo:

 Öwreniji
 Good [off]
 15.12.2025 / 16:28

+1

:) Ylhamyňyz ýene-de joşubersin 👏

 Öwreniji
 Good [off]
 15.12.2025 / 17:18

+1

Ýene bir agzamyz goşgudaky gyzyň adyndanam goşgy joşup goýberse-hä hasam gyzykly bolardy)


Özümiziňki
Daniel  (15.12.2025 / 18:31) 

Good, @Belki nirdekä şol gowy düzýä

 Täzeje
 Zuleyha [off]
 15.12.2025 / 17:42

+1

Onat degisme bolan 😊

 Özümiziňki
 Burning [off]
 15.12.2025 / 18:27

+0

☆☆☆☆☆-söz ýok

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 15.12.2025 / 19:10

+0

Ap berekella!

 Täzeje
 Mmmmm [off]
 15.12.2025 / 20:50

+1

Berekellaaaaa:romawki:

 Özümiziňki
 Basmacy [10s]
  Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
 15.12.2025 / 22:07

+1

Parodiýa ýazaýsammykam

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 16.12.2025 / 03:02

+1

Tuweleme 👍👍👍

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (Şugün, 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (Şugün, 16:59)

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (Şugün, 16:20)

Hudaýsyzlar 6- nji bölümi.


yzyny yazarsynda...dowamy...

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->