Ýürekdeş sözler!
Sen gideňsoň...
TäzejeYashyl [off]
11.01.2024 / 22:19
Sen gideñsoň, şu şäherde
galasym gelmedi
meňem.
Galmady öňküligim –
Üsti-başym eleşan,
Başdan aşak goşgy,
Saçlarym dagynyk,
ýüzümde gamgyn nyşan.
Ellerim jübimde,
Ýeke özüm ygyp ýörün
köçede.
Ýolda duşsaň tanamarsyň.
Gyş sowulmady…
Köçeler dym-dyrs,
Guşlar entek dolanmady.
Adamlary howlukmaç bu şäheriň.
Teatrlar boş,
Köpçülik duralgalar…
Gün-güzeran gaýgysy.
Bir men işsiz entäp ýören,
Gören zadym ýazyp ýörün.
…Bilseň, şo gün sen gideňde
Çak edenim çykmady.
Ne zaryn saz çaldy,
Ne gök titredi.
Taşlap gitdiň “sessizligi”
Ýüregim törüne.
Şindem işsiz,
Hiňlenere
aýdym gözläp ýörün, ine.
© Begençgeldi ORAZOW
146 |
10 |
1 |
3 |
0 |
0 |
2 |
Teswirler:
Akademik2 [off]
12.01.2024 / 03:39
+0
Gitmejek adamam gidirjek gosgyn diyeyinmi oran gowy bolupdyr ozun yazan bolsana galamyn ujy titi bolsun
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...