“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Zoruna gittiğini duydum. Güzel yer, ben de gitmiştim!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

SÜÝJÜLI WAKA
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 16.12.2025 / 11:46

(Ýatlama)

Ählimiziň söýgüli baýramçylygymyz bolan Täze ýylam ýetip gelýär.  Çaga bolmasam-da, çaga ýaly şol baýrama her ýyl garaşýaryn. Täze ýyl golaýlaşdygyça, şähdim açylýar. Nädip begenmejek?! Hat ýazýaň-da arçanyň aşagynda gizläp goýýaň. Ertesi islän sowgadyň taýýardyr. Biziň munda çagalyk döwrümiziň hekaýasyna siňen gyzykly günlerimiz ýatyr.
Ak guwlara meňzeş ak köýneklije (balarinalar) gyzjagazlar, Pingiwin ýörüşli oglanjyklaryň goşulşyp, edýän tansjagazlary, aýdymdyr, goşgulary ýerine ýetirişlermiz ömür ýatdan  çykmajak täsiri aňyma siňip galypdyr.
Çagalyk bir gaýgysyz- gamsyzja geçirilýän ynsan ömrüniň iň gyzyklyja döwri. Pursatdan peýdalanyp, öz çagalyk döwrümden galan ýatlamam barada size kijijek başdan geçirmejigimi  gürrüň bereýin.
Ýokarda aýdyp geçişim ýaly, Täze ýyl golaýlaberende baýramçylyga niýetläp, ejem maňa-da  akja çişirilen köýnekden satyn alyp berdi. Baý, şol gün  begenjimiň çägi bolmandy. Başym aýlanýança pyrlanyp, başagaý bolýardym. Ejem bir gün saçymy daraşdyryp, ikä böldi-de, onam akja ýuka lentadan tikilen bantiklerden  dakyşdyrdy. Bantik diýlýänem şeýle bir uly welin, iki bantigiň arasyndan ýüzüm zordan görünýär. Bantigimiň ululygyndan utanyp, ejem jana yrsarap başladym. Şondan başga-da, saça dakaýar ýaly öýde hiç zat ýokdy. Ejeme saçymy açyp goýmagyny näler ýalbarýan, diňlänokda.  Aglap duramsoň, näderini bilmän, ejem iki bantigam bir tutup, ähli saçymy depäme çygnap, ýeňsämden bir bogun edip dakdy ýaňky bantigi. Ertirlik baýramçylygyňam wagty ýetip gelýärdi. Men ýene ylgap bardym-da, saçyma seretdim. Bantigim indi öňküdenem beter çişip, kellämdenem ullakan, kapron şapka geýen ýaly bolup durun. Ýene aglamana başladym. Muňa-da ejemiň geldi gahary. Biz elmydama çagalar bagyna  goňşymyzyň ogly Begenç bilen bile gidýärdik. Irden ejem äkitse, agşam Begenjiň ejesi getirýärdi.
Begenç bu gün daýzalaryna ýatymlyk  gidensoň, ol şol ýerden  çagalar bagyna bizden ir barypdyr. Ol hemişe eli süýji-kökeli gelerdi hem meniňem paýymy elinde saklaýardy. Bu gezek oňa sorulýan süýji beripdir daýzalary. Gijä galamsoň men bu gün gelerinem öýden däldirdä. Maňa netlän süýjüsini topardaşym Aýnajyga beripdir. Biz hemişe bir partada oturýardyk. Bu gezek baýramçylyk bolansoň, oturgyçlar üýtgedilip, hatarlandyrylyp goýulypdyr. Meniň gelenimi görüp, Begenç ylgap geldi-de, elimden tutup, öz ýanynda oturtdy. Muny gören Aýnajygam gelip, "Meniň ýerim bu, tur" diýip, meni  itip goýberdi. Men ýerimden turdum. Begenjem "Näme sen ony itdiň, getir agzyňdaky süýjini. Men ony Mährä diýip getirdim" diýdi. Süýji tagamly bolmaga çemeli. Aýnada bererli däldi. Ertirlik (utrennik) heniz başlanokdy, ýöne wagty gaty golaýlapdy.

– Ber süýjini...
– Berjek däl.
– Ber diýdim...
– Bermeýän... Begenjem topuldy onuň agzyna. Aýna ýere ýazyldy. Begenç  Aýnaň üstüne eşek münen ýaly edip oturdy-da, aldygyna onuň agzyny gysýa.
–Aç agzyňy...
–Yşşjak däl– diýip, Aýna dişini berk gysyp durşuna gygyrdy.
– Aç diýdim, aç!
– Yşçmaýynn...
Oňa çenli terbiýeçi ylgap geldi. Aýna ýerinden turdy. Gütürt-gütürt edip agzyndakyny çaltlyk bilen çeýnedi-de, bar güýji bilen Begenji itip goýberdi. Begenç ýeňseleýin ýöräp-ýöräp, geldi-de, yzda duran çaga çolaşdy. Ol çagada ýerinden turup, Begenji iteledi. Aňyrdan batly gelýän Begenç gelip, maňa süssürildi. Menem badymy saklap bilmän, ýeňseleýin  ylgap bardymda, ýolkaň aşagyna sümüldim, ýolka ýykyldy. Boldy bir başagaýlyk. Gülen güldi, gülmedikler ylgap gelip, ýolkany galdyrdylar. Ýerli-ýerden ýolkany täzeden bezemeli boldular.
Owaldanam  bantigime gaharym gelip duruşyma bulam üsüne urna boldy. Geýen owadan akja köýnegim ütüm-ütüm boldy. Ejem silterläp-silterläp diýen ýaly meni ýene öýe getirdi. Eşiklerimi çalşyp, ýene tämizläp, ertirlige getirdi.
9.00-da başlamaly ertirlik (utrennik) barymyzy aç daňyp, 11.00-da başlap, günortana çenli uzap gidipdi
Begenç, Aýna, men üçümiz soň klasdaş bolduk. Begenç Aýna bilen durmuş gurdy. Gabatlaşsak, ilki bilen süýjüli waka ýada düşüp, henizlerem  ýylgyranymyzy duýman galýas. ☺

Geliň, çagalygmyzy ýatlalyň! :)


220

32

7

17

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 Good [off]
 16.12.2025 / 13:05

+1

Gyzykly we gadyrly ýatlama)

 Täzeje
 Nikli [off]
 16.12.2025 / 13:43

+1

Hakyky gowy bayram mende oyumizin dasyna cyrajyjlar dakyan belki bu amerkan kinolar tasiridir emma men sondan lezzet alyan

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 16.12.2025 / 14:30

+1

Gyzykly ýatlama))
Aýna ähli süýjilere eýe bolupdur-da ahyr

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 16.12.2025 / 16:46

+1

Sonunda Ayna yenipdir)
men angliyan taze yyllaryny gowy goryan. Ayratynam Carlz Dikkensin "Rozdestwo aydymyndaky " taze yyly. Gonur jaylaryn ustundaki ak garlar, buzda typyan cagalar, agsam owadan geynilip gatnasylyan karnawallar, yerine yetirilyan cykyslar...


Özümiziňki
Gulmahrem  (16.12.2025 / 16:54) 

Belki, aram-aram pompaza bilen çaý içmäge çagyrýalar 😊

 Täzeje
 Zuleyha [off]
 16.12.2025 / 20:29

+1

İn sonunda hem suji hem Begenc elden gidipdir. Utulypsyna :)


Özümiziňki
Gulmahrem  (16.12.2025 / 21:29) 

Zuleyha,😊👍

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 18.12.2025 / 04:21

+1

Sadikdaki joralañ dostlan bilen klasdash bolmak bir bashga duygy yone


Özümiziňki
Gulmahrem  (18.12.2025 / 12:10) 

rexha, hawa )

 Täzeje
 mk [off]
  Тримайся Бога — і він тебе втримає!
 20.12.2025 / 00:30

+1

Детство!
Это то чего о чём я хочу не думать

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (Şugün, 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (Şugün, 16:59)

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (Şugün, 16:20)

Hudaýsyzlar 6- nji bölümi.


yzyny yazarsynda...dowamy...

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->