“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
@menin_dunyam : Gőwin çőkende gussany, çilim çekende hem tűssăni gizlăp bolmaÿşy ÿaly, Sen gideñdede gőz ÿaşymy gizlăp bilmedim. Bagyşla!!! @menin_dunyam

Forum | UMUMY BÖLÜM | Kitaphana

Ne öli ne diri 1-nji bölüm.
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 17.12.2025 / 21:33

Ne öli ne diri 1-nji bölüm.

Ir säher asudalyk. Ýoluň gyrasyndan bolsa "Gijä-hä galamok, emma näçe ir-barsam şonça gowy" diýip pikirlenýän Serwi çalt-çalt ädimleri bilen haýdaşlap işine barýardy. Şol ýöräp barşyna Serwiniň gapdalyndan bir maşyn wazlap swetaforyň ýaşyl reňkine ýetişjek boldy. Serwi bu maşynyň boluşuna aňkarylyp, ädimini hem haýallatman şol maşyny synlap ýoluny dowam edip gelýär. Bara-barmaga ýaňky maşyn swetaforyň sary-durmaly yşygyna düşäýse nätjek!? Ýaňybir geçdim bolanynda ol maşynyň öňünden başga bir maşyn çykyp, iki maşyn hem göz açyp ýumasy-salymda kül owram derejede eplenen wagtlary, bu ýagdaýy synlap duran Serwi hem gorkusuna yzyna öwrüldi. Şol yzyna öwrülen mahaly hem, ýaňky maşynlaryň biriniň tekeri gelip Serwiniň arkasyna ýelmäp degdi. Tekeriň zarbyna ep-esli ara zyňylan Serwi huşundan gidip ýere ýykyldy. Birnäçe wagtdan soň gözlerini açan Serwi ýokaryk seredip ýatan ýerinden ýuwaşlyk bilen daş-töweregini synlap ugrady. Hassahananyň bir palatasyna meňzeş. Özi hassanyň koýkasynda-krowadynda ýatyr. Gözlerini açaryna garaşyp, synlap duran Serwiniň kakasy Mukam aga gyzynyň üsdüne abanyp:
- Gyzym, gyzymjan, köşeş, darykma ýat, gymyldama, saňa gymyldamak bolanok. - diýeninden Serwi elleri bilen maňlaýyny saklamak üçin hereket etjek boldy. Emma hiç-hili hereket ýok, eller gymyldamady. Muňa hopugan Serwi beýleki elini galdyrmak üçin hereket etjek boldy, bolmady. Üsdüne abanyp duran kakasy bolsa gyzyny gujaklap, aýak aldygyna "Köşeş, gymyldama, köşeş gyzymjan darykma hopugma" diýip ýalbaryp aglamjyrap başlady. Kakasynyň aglanyna, elleriniň hereket etmeýänine, has-da beter hopugan Serwi, aljyrap demi-demine ýetmän krowatdan turjak boldy, ellerini, kellesini göwresini galdyrjak bolup jan etdi, barysy biderek. Asuda suw ýaly ýatan gyzyň, ýeke gyly hem gymyldamady. Ne aýak, ne el, ne göwre, agyz, kelle, hatda barmaklarynyň hem hijisi gymyldanok. Serwi 95% ysmaz-paraliž. Diňe garaňky gijeden beter, garaja gözleri hereket edýär. Serwiniň içki ruhy ot-alýan alowýaly, deňiziň äpet tolkunlary sunamy ýaly, hereket edýär, emma bedeni... Merhum adamyň bedenine çalymdaş... Bolan zatlara akyly ýetsede, Serwi gymyldajak bolup, turup ylgajak bolup jan-edýärdi. Kakasy Mukam aga hem, Serwi hem gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdüler. Lukmanlar Mukam aga "Köşeşdirjek boluň" diýip öň berk tabşyrypdylar. Özüniň bu derejä düşenine ynanman Serwi bolsa zol-zol eýläk-beýläk gözlerini oýnadýar, göz-ýaşlary bolsa durman çeşme dek akýar. Mukam aga bolsa "Gymyldama, köşeş, darykma" diýen sözlerini gaýtalap ýalbarmagyny dowam edýär. Ahyry Serwiniň bedeni, fiziki-psihiki basyşlara(stress) çydamady. Serwiniň gulaklarynda, burnundan gan gelip başlady, ylahym beýle güni hiçkime görkezmesin. Mukam aga balasynyň hal-ýagdaýynyň beterleşýänligini görüp-duýup:
- Lukman, Lukman, dogtarlar, kömek edäýiňdä, geläýiňdä biriň. Lukman! Lukman! - diýip palataň içini uly-goh edip dogtarlary çagyrmaga başlady. Hiçkim kömege gelmänsoň, Mukam aga towsanaklap palatadan daşary çykdy. Şol mahalam şeýle ýagdaýda birinji gezek ýeke galyp, buda stresleriň üsdüne goşulup, Serwi öz bedeninden birugsat gözleri bilen ýokaryk seredip huşundan gitdi. Az salymdan kakasy bilen Lukman otaga girdiler...

1-nji bölümiň soňy. Dowamy bar.

Awtory: IDEALLIDER.

Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.


134

16

1

4

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 18.12.2025 / 04:13

+0

:( gynançly Serwä gynandym dogrusy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir ahyrzaman /hekaýa


Birem yzy yokmy muň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir ahyrzaman /hekaýa
Minigim (26.06.2026 / 20:26)

Ertir ahyrzaman /hekaýa


Bobardimonçy näme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir ahyrzaman /hekaýa
Minigim (26.06.2026 / 20:25)

Durmuş Sapaklary


Mena bashda maglumatdyr oydup pikir etdim asyl goshgy eken, ay boljak kopurak yazypbersena kapyyada girjek eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Durmuş Sapaklary
MG8 (25.06.2026 / 01:14)

JAŇ EDIŇ!


Prostq gyzyklanma: Ejeesi yanynda bolsa onam gunde azyndan 7-8 gezek hosh soz aydyp opyan bolsa bashyna tac edyqn bolsa onq tqgzym edyan bolsa. B...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
MG8 (25.06.2026 / 00:32)

Ýatkeşligi ösdürüň!


Gowy cykalga aslynda shu meselede menem kop ejir cekyan belki bizede peyda eder hokman barlap gorerin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýatkeşligi ösdürüň!
MG8 (25.06.2026 / 00:19)

GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...


Gowy synanyzhyk bolupdyr. Google translate yaly cem popular dalde dogry terjime etmegini arzuw edyan...dowamy...

GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...


Ylhamda umuman pikir uzlem-saplamlygy orboyuna galyar dip pikir edyan. Aytmaklaryna gora, sonky dowur hasam samahyllapdyr. Tiktok şahyry bolupmyş...dowamy...

JAŇ EDIŇ!


😏 arman arman arman. Mende hem bolsady...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
hickim (22.06.2026 / 22:31)

JAŇ EDIŇ!


Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
Fantom (22.06.2026 / 20:25)

Hudaýsyzlar 4- nji bölümi.


5- nji seriyasy hacan bolya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 4- nji bölümi.
HUNTER369 (22.06.2026 / 17:12)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->