“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Hayat, fırtınanın dinmesini beklemekle ilgili değildir; yağmurda dans etmeyi öğrenmekle ilgilidir

Forum | UMUMY BÖLÜM | Kitaphana

Ne öli ne diri. 2-nji bölüm.
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 17.12.2025 / 21:44

Ne öli ne diri. 2-nji bölüm.

...Az salymdan kakasy bilen Lukman otaga girdiler. Serwi gowy uka gidipdir. Gynansakda bu ukymy, ýa özünden gidip çaşmakmy bellizady ýok. Lukman, hassa-gyza seredip barlag etmän, çaltlyk bilen yzyna çykyp, başga lukmanlary çagyrmaga gitdi. Gözegçilik edýän baş-lukman içeri girip, özünden giden gyzy gözden geçirip, Mukam-aga garadyda:
- Hemmezat gowy, gyzyňyz uklap ýatyr. Howply zat ýok... - diýeninden Mukam aga gazap atyna atlandy. Göz-açyp ýumasy wagtda Mukam-aganyň gözleri köz-dek gyzaryp, baş-lukmanyň ýakasyndada garbap-tutup:
- Körmüňeee, haýwanmyň!? Nämezat gowy? Kelläň nirde? Haýsy zat gowy? Gyzym, jiger-bagrym ne öli ne diri, şu bolup ýatyşy gowymy!? - diýip gözlerinden ýaşlar seçip, agzyndan ak-köpükler gelip, uly sesi bilen baş-lukmana gygyrdy. Baş-lukman Mukam aganyň ýagdaýyna gaty gowy düşünenligi sebäpli ýüzüni sallap durmakdan başga alaç ýok. Şondada lukman:
- Bagşlaň ýaşuly, haýş edýän köşeşiň, elimizden gelenini etdik. Galany hem Allanyň elinde. Meň gyzym beýle ýagdaýa düşüp görenok, şondada şeýle ýagdaýlary köp gördüm, şol sebäpli hem siziň ýagdaýyňyza düşünýän. Enşalla hemmezat gowuluk bolar. - diýip Mukam agany köşeşdirýär. Mukam agada, lukmanlaryň jadygöýdäldigine, ähli işiň Allahyň elindedigine akly-aýlanyp, lukmanyň ýakasyndan ellerini aýyryp, ýuwaşlyk bilen oň egnine kakyp:
- Bagşlaň lukman, ötünç soraýan. Men.. Men ýagdaýyma düşüniň. Bagşlaň... - diýip elleri bilen göz-ýaşlaryny süpürdi. Lukman bolsa ýüzüni sallap:
- Mert we berk boluň ýaşuly. Çykmadyk janda umyt bar. Gyzyňyzyň şeýdip ömrüni geçirjegine anyk subutnama ýok. Biziň hemmämiz onuň aýagyna galjagyna ynanýas. Ol aýagyna galar. Ýagşy-niýet ýarym-döwlet. Nesip bolsa öňküsi ýaly ylgap-bagtdan dolar. Emma haçan we nädip, biz muny bilemzok. Alla kuwwat bersin. - diýip otagdan çykyp gitdi. Nämede bolsa muňada şükür. Serwiniň bu bolup ýatyşyny synlap oturan Mukam aganyň ýüregine nämede bolsa giňlik girdi. Howwa, eger Serwi ymykly bu dünýeden baky gidip gara-guma garylsa neneň bolardy, muňada şükür. Gyzynyň bu bolup ýatyşyna entek bir-gün hem dolmadygam bolsa, ondada Mukam-aga gyzyny aýaga galdyrmak üçin ähli zady orta goýdy. Beýle diýildigi, gyzyny sagdyn-bagtly etmek üçin Mukam-aganyň öz janyny gaýgyrmajagy, doga-dilegler, jadygöýlükler hatda şeýtanada ýüz-tutmagy mümkin diýildigi. Mukam-aganyň kellesine gelen pikirlerden Hudaý-saklasyn... Wah çagasyda, jiger-bagryda. Gün-batanyndan soň hem gyzynyň ýanyndan aýrylmadyk Mukam-aga, naýynjar gyzyny synlaýar. Wah jan üçin ummasyz pullar dökülendir, gep puldada dälweli, negözel perişde ýaly gyzyň, ondada özgäniň günäsi sebäpli turbajykdan dem-alyşy hem iýmitlenişi ýüregiňi paralaýar. Şondada umytdan düşmelidäl, belki bir alajy bardyr. Bu gije gyzynyň ýanynda uklan kakasynyň galagoply ukysyny, güýçli hem çalt-çalt dinkyldaýan aparadyň sesi oýardy...

2-nji bölümiň soňy. Dowamy bar.

Awtory: IDEALLIDER.

Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.


157

14

3

6

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 arzy [off]
  Saglyk -iň uly baýlyk.
 17.12.2025 / 22:34

+0

Gyzykly eken,dowamyny goýaýyň!

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 18.12.2025 / 04:05

+0

Belligi goyup gowy edayipsiň :)

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 18.12.2025 / 04:07

+0

Galagoply,dinkyldaýan
Name diymek bular


Gowy yazypsyň Tuweleme 👍

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)

Toba.(Hekaya)


gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
SerdarG (Düýn, 14:42)

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


yzy yokmy...dowamy...

“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal


Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak yaşa saýtdaş🎂🎉...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Eren jak uzak yaşa, moşşym!...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->