“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Belki : Iñ söýgüli aýdymymy diñleýşim ýaly gaýta-gaýta seni göresim gelýänine aldanma! Adatça ýygy-ýygydan diñleýän aýdymlarymy gysga wagtda telefonymdan bozýaryn #Belki

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

TANA MENI... TANABILSEŇ!
 Öwreniji
 Good [off]
 18.12.2025 / 09:58

TANA MENI... TANABILSEŇ!

Meni tanabilseň, tana!
Munça mekir gözler içre...
Meni tanabilseň, tana...
Munça çeper sözler içre...
Geňem galyp ýörme, diýip:
"Seniň ýaly köpmi munda?!"
Meňki ýaly mele gözleň,
Mele saçlaň köplüginde,
Saýlap duşum bilen deňi,
Tanabilseň, tana meni!

Sesi sese çalymdaş bar.
Kowumlar bar, garyndaş bar...
Boýa boýdaşlar tapylar.
Ýola ýoldaşlar tapylar.
Aýňalyp gözle, başarsaň.
Saýgaryp gözle, başarsaň.
Hem synag bolar özüňe,
Hem sylag bolar özüme,
Ödeseň şu tamamy sen,
Tana meni... tanabilseň!


Aýgül GARAÝEWA


154

22

4

7

1

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 18.12.2025 / 12:16

+2

Aýgülüň öz okamagynda diňläýseň, bu goşgyny. Sag boluň ýetireniňize:roza:

 Täzeje
 Enel2 [off]
  Cehennemin dibindeyim” dese yanına gidecek kadar çok sevdik bazılarını.
 18.12.2025 / 18:03

+1

Herkim oz goşgusyny özi gowy okayada. Mantaj etman saz gywerman okasa yone.

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 18.12.2025 / 20:42

+0

Aygul Garaýewa hakynda maglumat ýazaýyñ))
Ýenede goşgularyndan goýuñ !
Üýtgeşik stilde ýazylan


Öwreniji
Senyorita  (18.12.2025 / 22:14) 

Daniel,
Salam. Bilýänjelerim-ä şahyr "Esger" gazetinde işleýär diýipdiler.Asly Tejenli, soňam Daşoguza durmuşa çykan eken. Adamsy Merdan Baýadow ýalňyşmasam žurnalistdi öýdýän. Bahar paslyny halaýan eken. Söýgüli şahyrlarymyň biri.
Islenende edebiýat agşamlary barada @Belki agza mowzuk açýady. Aýgül Garaýewaly duşuşyk barada-da ýazyp, bize ýetiripdi. Şahyr adamsy bilen tanşyşy barada-da aýdyp beren eken şonda. Duýguçyl zenanyň geljekki ýanýoldaşyny tanap bilşi, duýuşy üýtgeşik bolan


Özümiziňki
Daniel  (19.12.2025 / 09:19) 

Good, Sagbol , Göwher maglumatyňa))

 Öwreniji
 Good [off]
 18.12.2025 / 22:16

+0

Aýgül Garaýewany has gowy tanaýan agzalarymyz köp bolmaly bärde. Meselem, @Belki :)


Premium
Belki  (19.12.2025 / 05:00) 

Good, howwa aydara zat kop-le. Halypa hokmunde goren zenanlarymdan. Adamcylygy, sypayydan gelyan talabedijiligi...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (Şugün, 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (Şugün, 16:59)

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (Şugün, 16:20)

Hudaýsyzlar 6- nji bölümi.


yzyny yazarsynda...dowamy...

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->