“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Sevilmek değilde oncelikle kirmadan, dökmeden oyle güzel sevebilinki Allah'in izniyle cevabida bi o kadar güzel olsun #yurekdes

Forum | UMUMY BÖLÜM | Kitaphana

Ne öli ne diri. 5-nji bölüm.
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 18.12.2025 / 13:55

Ne öli ne diri. 5-nji bölüm.

...diýip oglany yzyna tirkäp hassahanadan çykdy. Hassahanadan çykyp awto-ulag stoýankasyna ýöränlerinde, oglan hem Mukam-aganyň yzyndan ýetibereninde, Mukam-aga oglana:
—Näme diýsem diýenimi et, köp sorag berme, köp gürleme. Hereketiňe görä netije çykararyn! — diýip aýtdy. Oglan çalt-çalt "Bolýa" diýip kellesini silkeledi. Mukam aga "Maşynyň barmy?" diýip soranyndan oglan jübsünden maşynynyň-pulduny çykaryp, düwmesine(knopkasyna) basdy. Aňyrrakda bir maşyn ses etdi hem bular şol maşyna tarap ýöneldiler. Oglan bilen Mukam-aga maşyna mündiler. Ýene Mukam-aga:
— Iň golaýdaky, iň uly bazara sür! — diýip arkaýynlaşdy. Oglan hä diýmän, golaýdaky uly bazara tarap getirdi. Mukam-aga maşyndan düşüp, uly bir azyk-magazina baryp, ol magazindäki iň gymmat iýmitlerden bir uly araba dolarýalylaryny alyşdyryp, oglana garap "Hasaplaş" diýip ümledi. Oglan ýany bilen getiren pully pakediniň birini açyp, ýaňky alynan harytlaryň bahasyny satyjy bilen hasaplaşdy. Mukam-aga satyja:
— Inim, şular häzir dursun. Bir-az salymdan äkiders. — diýip indiki telefon magazina girip, bu magazindan hem aramlyk-bahada 6 sany telefon satyn aldyrdy. Ýen bu magazindan çykyp, egin eşik magazina girip, orta ýaşdan uly ýaşly 10 çagalar üçin eşikler satyn aldylar. Inniki magazinlerden okuw esbaplar, un, şeker, goýun-eti, hojalyga-gerek ähli zatlary alyşdyryp, ýörüte ýük-maşyn tutup ol maşyna ýükletdiler. Oglanyň ýany bilen getiren 2 paket doly pulunyň ýaňybir 1 çärýegi sowulupdur. Ahyry Mukam-aga ýükli maşyny sürüjisine "Yzymyza düşüber" diýip, gapdalyndaky oglanyň maşynynada münüp "Inim plan ýerik sür" diýip aýtdy. Bular bir obanyň başyndan girip, bardylar bir aram-tapdaky öýüň-howlysyna. Mukam-aga ol öýüň gapysyny kakdy. Gapyny bir näzenin gyz açyp:
— Salam Mukam-aga.
+ Salam gyzym. Saglyk-gurgunlykmy? Gowmy ýagdaýlaryňyz?
— Howwa, hudaýa-şükür. Gowçuluk...
+ Gyzym, çagalara bir iýip-içgi, eşik-esbaplar getirdik. Ine bu oglan alyşdyrdy. Çagalaryň jany-bolsun. Şu ýükleribir düşüreliň.
— Aýýý zeruramdäldileweli... Azar-edinipsiňiz...
+ Azary bolmaz gyzym, şu ýükleri bir düşürdeýin! — diýip Mukam-aga ýük-maşynyň sürüjisine ähli-hemme ýükleri düşürdip, hasaplaşyp ony ugratdy. Soň ol öýdäki gyz bilen hem hoşlaşdylarda, Mukam-aga we oglan bile köçä çykyp:
— Inim, adyňam bilemok. Şu öýde ýaňky gyz "hem ýetim, hem ýesir". Ol ýaňky alan zatlaryň hem bulara sadaka bolar, günäleriňi ýuwar. Bar. Senden yrzadyryn. Ýoluň ak bolsun. — diýip yzyna öwrülip oglanyň ýanyndan daşlaşyp başlady. Oglan bolsa aňkarylyp galyberdi. Mukam-aga ýaňybir 40-50 ädim ýa ýörändir ýa ýörändäldir, oň yzyndan iki sany ýaş oglan ylgap ýetip geldiler hem:
— Ýaşuly salawmaleýkim.
+ Waleýkimessalam...
— Mukam-aga, men şu ýaşaýyş ýeriniň prokuraturasynyň prokurory Bejidow Hazar, buda işdeşim Nazarow Toýly. Ine şahsyýetnamamyz.
+ Howwa. Onsaň...
— Mukam-aga. Siz "Raýatyň psihiki ýagdaýyndan peýdalanyp, uly göwrümde para almagyňyzda" aýyplanýaňyz we saklanýaňyz. Yzyma düşüň. Toýly, Mukam aganyň yzyndan ýöre...
+ Durhow inim. Men para alamok. Alan bolsam hany nirämde bolsun. Jübülerimi barlaň. Siz ýalňyşýan bolaýmaň...
— Mukam aga, gaýtawul-berip garşylyk görkezmäň. Galan zatlary hem sudda düşünşers. Ýörüň...
+ Beý diýmäňhow ýigitler. O nämäň sudy.
— Ýaşuly, edara baralyň. Onsaň düşünşers. — diýip bu prokurorlar ýaşulyň elinden tutup, göterip aýagyny ýere degirmän diýenýaly eltip maşyna dykdylar. Megerem hälki, Serwini maşynda-kakan oglan bu zatlary gurnan bolmaly. Mukam-aga sesini çykarman otyr, ýogsa näme, ähli zat kanun esasynda ýöreýär, ýalbaryp-aglamagyň peýdasy ýok ahyry. Baryp girdiler prokuratura jaýynyň gapysyndan, eltip dykdylar bir jaýa. Mukam-aga inniki boljak zatlary kellesinde aýlaýar. 20 minut soň prokuror-Hazar geldide:
— Ýoldaş Mukam. Bizi üns berip diňle. Bize häliräk bir raýat geldi. Arz edip. Ýagdaýlary düşündirdi. Ol maşynyny awariýa edipdir, oň netijesindede gyzyňyza şikes ýetipdir. Siz hem şol sebäpli ol oglandan, ady Pena, Penadan jemi... Jemi plança pul para alypsyňyz. Penanyň eden etmişi üçin türmä basdyrmazlyga söz berip. Penanyň ýanynda ýörüte ähli zady ýazga geçiriji gural göterdi, subutnamalar anyk...
+ Diýmek siziň hasabyňyzdan men para alypdyryn, inni meni sud etmeli we tussag etmeli, şeýlemi!?
— Şeýle bolýar!
+ Bolýa onda men suda garaşjak. — diýip sesini çykarman oturuberdi. Prokurolar bolsa:
— Bolýa, siziň ýagdaýyňyzda sudy çaltlaşdyraýars!!! — diýişip gapydan çykyp gitdiler...

5-nji bölümiň soňy. Dowamy bar.

Awtor: IDEALLIDER.

Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.


89

10

1

4

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 19.12.2025 / 13:35

+0

E way beytseňem bolyamyka :neznayu:

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Bäh, tapaýýaňyzaý bir zat......dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Gyzlar üçin gyzlar owadan, sallah oglanlar üçinem gyzlar owadan...dowamy...

>>>>>


Gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | >>>>>
SerdarG (Düýn, 22:26)

Emeli aň baradaky soraglar.


Bu ýerde ullakan syýasat ýatyr. Emeli aň zyýanly diýip aýydýanlar öz ýurdynda emeli aň ulgamyny ösdürmek üçin millirdlap pullary sarplaýarlar hem...dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Siz birhili soraga yalnys dusunipsinizmi namemi ) yuregi owadan bolsun pisintli jogaplar beripsiniz. Yone sorag bu yerde owadanlyk mohummi ya dal...dowamy...

>>>>>


Gowy gylyk-häsiýet aýdylypdyr durmuşdaky hemme adama gerekli ýöne gynansakda her kimde ýok...dowamy...
Erkin mowzuklar | >>>>>
Minigim (Düýn, 13:01)

>>>>>


Ho-ol "galadyňdyr" diýen söz "galaňdyr"-mydyka?...dowamy...
Erkin mowzuklar | >>>>>
Senyorita (Düýn, 11:10)

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Oglana owadanlyk däl-de erkege mahsus hàsiýeti owadan bolsun ýeterlik. Gyzda şeýle. Özüne mahsus owadan häsiyeti bolsun ýeter. Owadanam...dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Kä bir gyzlaň ýaşajak bolşy dertlaý ýöne. Kasmetika harytlaň arasyna girip dagy seretseň .. Pamada, ten, haýlaýtr, pudur,tanalny,gaş,kirpik,ma...dowamy...

Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?


Allah owadanlygy geçmişde erkek adama ýagny Ýusup aleýhissalama beripdir. Kinosunda hem bardyr zenanlar onuň owadanlygyna aňkaryp öz ellerini kes...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->