“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
erkin1997 : kynçylyk — bu täze bir mümkinçilik

Forum | UMUMY BÖLÜM | Kitaphana

Ne öli ne diri. 7-nji bölüm.
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 18.12.2025 / 16:20

Ne öli ne diri. 7-nji bölüm.

...Ertesi irdene çenli prokuraturanyň saklanyş-jaýynda, öz suduna garaşyp oturan Mukam-aganyň pikirlerini Hazar gelip böldi:
— Ýaşuly. Sudumyz başlady. Baralyň... — diýip, Mukam-aga bilen tirkeşip sud-jaýyna bardylar. Suduň jaýyna giren Mukam-aga, eýýäm 25-30 adamdan ybarat suda gatnaşyjylaryň gelenini görüp, öňki aýdylan, şuwagt aýdylýan, inniki aýdyljak sözler barada pikirlenýär. Serwini bu ýagdaýa salan Pena barlyja, honnansy-lälik maşgalanyň çagasyna meňzeýär. Bildirýär-bazara elten 2 paket-doly pulundan. Megerem onuň eje-kakasy eýýäm suddaky ähli adamlary satyn alandyrlar!? Ondada "Almany göge zyň, ýere düşýänçä ýa pelek". Mukam-aga ýörüte sud-edilýän raýatlar üçin bellenilen ýere geçip oturdy. Zalda biriniň "Ýeriňizden turuň, sud başlanýar" diýip aýdan sesi eşidilenden soňra Sudýa söze başlady:
— Hormatly adamlar, otyrdaşlar, emin-agzalary, diňleýjiler Salam. Şu gün, ýagny ýurdumuzyň, jenaýat kodeksiniň "184-nji maddasyna" laýyklyda raýat Mukam-aga saklanyldy we şu raýata iş gozgaldy hem şu iş boýunça sudumyzy "Açyk" diýip yglan edýärin. — diýip Sudýa öz kürsisinde oturdy. Beýleki adamlar hem ýerlerinde ornaşdylar. Sudýa bir-az wagt resminamalara(dokumentlere) göz gezdireninden soňra Mukam-aga garap:
— Mukam-aga, siziň aklawjyňyz ýokmy? — diýeninden Mukam-aga oturan ýerinden turup:
— Ýok hormatly sudýa.
+ Beýle ýagdaýda sud size öz aklawjysyny teklip edýär. Goldaýaňyzmy?
+ Zerurlygy ýok. — diýip ýene Mukam-aga ýerinde oturdy. Sudýa gözlerini zalyň ol çetine geçirip:
— Prokuror Bejidow Hazar, söze başlap bilersiňiz!? — diýip Sudýa Hazara çiňňerildi. Hazar uludan demini alyp, ýerinden turup, zalyň beýleki gapdalyndaky bölege baryp gürrüňe başlady:
— Ýagny, düýn, sagat takmynan 09:00-töweregi, Raýat Pena biziň bölümimize şu iş boýunça ýüz tutup geldi. Biz boljak ähli wakalary ýazgylara geçirmek üçin wideo we ses ýazyjy apparrady raýat Penanyň bedenine berkidip işe başladyk. Zerur bolsa ýazgylar taýyn! Soňra Penany şübhelenýän Mukam-aganyň ýanyna ugratdyk. Mukam-aga Penanyň psihiki-taýdan pesligini aňyp Pena ummasyz pul-görnüşinde para getirmegi buýrýar. Pena puly elteninden soň, Mukam-aga ol puly öz şahsy bähbitlerine ulanýar we sowýar. Netijede men we işdeş ýoldaşym Toýly Nazarow bilen Mukam-agany sakladyk. Mundan başga aýtjagym ýok. — diýip Hazar indiki herekete garaşdy. Sudýa az pikirleneninden soň Mukam-aga garap:
— Raýat Mukam-aga. Goranmak üçin nämeler aýdarsyňyz? — diýeninde, Mukam-aga hem uludan demini alyp, ýerinden turup:
— Hormatly sudýa, otyrdaşlar, emin-agzalar. Salam. Prokuror Hazaryň size ýetiren deslapky maglumatlarynyň hijisiniň anyk subutnamasy ýok. Ýagny men Pena "Plança pul getir, getirmeseň basdyrýan" ýada şuňa meňzeş sözler diýmedim. Puly Penanyň özi getirdi. Siz "Ol sussy basylan, psihiki taýdan pes" diýersiňiz. Üns beriň, psihiki taýdan pes-adam, prokuratura barmaz. Haçanda adam ruhy-taýdan güýçli bolanynda ol goranar, Pena hem şeýle hereket edip prokuratura baryp gorandy. Ýene, getirilen pula men ýekeje gezek hem elimi degirmedim we şahsy maksatlarym üçin ulanmadym we ýene Pena öz eli bilen hossarsyz-howandarsyz 10 çagadan ybarat bolan maşgala hudaýoly hökmünde berdi. Mundan soňra meni şu zala iterdi. Hormatly emin-agzalary! Özüňiz pikirleniň, ruhy-psihiki taýdan pes ýa-da kem adam şeýle hereketler edip bilermi? Ýagny ilki öz-günäsi bilen, awto-ulagy nädogry-peýdalanyp, başgalaryň janyna ölüm-howpuny abandyryp, meň gyzymyň paraliž bolmagyna sebäp bolup, soňra "Ýekeje gezek hem" ötünç soramaga gelmän-gelmän, ahyrynda gelibem, hudaýoly paýlap, ýene soňam paýlan-hudaýolysyna närza-garşy çykyp, maňa gara ýöňkeýän adam, siziň pikiriňizçe nähili adam!? — diýeninden Hazar:
— Bizde wideo we ses ýazgylaryňyz bar!!! — diýip gygyrdy. Sekunt yz ýany hem Mukam-aga:
— Şol ýazgylaryňyzda meniň "Pul getir" diýenimi, puly alanymy ýa ellänimi, şo puly elim bilen harçlanymy, harçlanan harytlara elimi degirenimi, görkezip bilersiňizmi? Ýok!!! Oňa derek "Inim, adyňam bilemok. Şu öýde ýaňky gyz "hem ýetim, hem ýesir". Ol ýaňky alan zatlaryň hem bulara sadaka bolar, günäleriňi ýuwar. Bar. Senden yrzadyryn. Ýoluň ak bolsun." diýip okan alkyşlarymy hökman taparsyňyz!!! — diýip gaharly-azymly jogap gaýtardy. Adamlar ýuwaşlyk bilen gohlaşyp başladylar. Sudýa çekijini kakyp:
— Zalda tertibi saklaň. — diýip gygyrdy. Soňra bolsa Sudýa Hazara öwrülip:
— Ýoldaş Hazar. Siziň ýazgylaryňyzyň uzaklygy 2 belki 3 sagat mümkin ondan köp wagta çekendir. Bize iň esasy ýagny Mukam-aganyň "Plança pul getir" diýen ýerlerini, puly eline alan ýerlerini, puldan harçlanan harytlary alyp öýüne düşüren ýerlerini we "Hudaýoly" diýip aýdýan wajyp ýerlerini görkezip bilersiňizmi!? — diýip dikanlady. Aslynda beýle zatlar ýazgyda ýok. Hazar bolsa Mukam-aganyň "sussy-basylyp, gürlemän oturjagyna" bil baglapdy. Görse Mukam-aga "Naýynjar Mukam-sazlar" çykarman "Ot-alaw, ataş-ýalynly Mukamlar" çykaraýsa nätjek. Elbetde "Ar-namysyň, diniň, çagasyna-bolan söýgüniň we gahar-gazabyň" birleşip görülip-eşidilmedik güýç ýasaýandygyny ýaş-prokuror Hazar entek bilenok. Şondada inni näme jogap ederkä!?

7-njy bölümiň soňy. Dowamy bar.

Awtor: IDEALLIDER.

Bellik: Awtoryň razylygyny almazdan, başga ýerlerde paýlaşmak gadagan edilýär.


116

10

1

4

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 19.12.2025 / 13:45

+0

Hay gowy edayipdir şona...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir ahyrzaman /hekaýa


Birem yzy yokmy muň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir ahyrzaman /hekaýa
Minigim (26.06.2026 / 20:26)

Ertir ahyrzaman /hekaýa


Bobardimonçy näme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir ahyrzaman /hekaýa
Minigim (26.06.2026 / 20:25)

Durmuş Sapaklary


Mena bashda maglumatdyr oydup pikir etdim asyl goshgy eken, ay boljak kopurak yazypbersena kapyyada girjek eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Durmuş Sapaklary
MG8 (25.06.2026 / 01:14)

JAŇ EDIŇ!


Prostq gyzyklanma: Ejeesi yanynda bolsa onam gunde azyndan 7-8 gezek hosh soz aydyp opyan bolsa bashyna tac edyqn bolsa onq tqgzym edyan bolsa. B...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
MG8 (25.06.2026 / 00:32)

Ýatkeşligi ösdürüň!


Gowy cykalga aslynda shu meselede menem kop ejir cekyan belki bizede peyda eder hokman barlap gorerin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýatkeşligi ösdürüň!
MG8 (25.06.2026 / 00:19)

GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...


Gowy synanyzhyk bolupdyr. Google translate yaly cem popular dalde dogry terjime etmegini arzuw edyan...dowamy...

GARGALARA BILBIL BOLAN GÜLKI MEN...


Ylhamda umuman pikir uzlem-saplamlygy orboyuna galyar dip pikir edyan. Aytmaklaryna gora, sonky dowur hasam samahyllapdyr. Tiktok şahyry bolupmyş...dowamy...

JAŇ EDIŇ!


😏 arman arman arman. Mende hem bolsady...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
hickim (22.06.2026 / 22:31)

JAŇ EDIŇ!


Eje, häzir agtygyňy ugratjak, şoo hälki bişiren kökejikleňden 1 paket edip ugradaýda... diýip jaň edäýsemmikäm? :D...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
Fantom (22.06.2026 / 20:25)

Hudaýsyzlar 4- nji bölümi.


5- nji seriyasy hacan bolya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 4- nji bölümi.
HUNTER369 (22.06.2026 / 17:12)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->