“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Ýürekdeş sözler!
Wepa : Herkimiñki özine, aý göriner gözüne.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Kitaphana

Ne öli ne diri. 10-nji bölüm.
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 19.12.2025 / 07:34

Ne öli ne diri. 10-nji bölüm.

...Hany onda 45-ýaşly adama bu daglar ýardam edermikä ýa-da... Mukam-aga gowy ýol şaýyny tutunup, daga baryp, ol ýerlerdäki çopanlardan, ýaşaýjylardan, ähli duşan adamlardan "Şol syrly goja" barada soraşdyrdy. Kimler "Ol goja birmahal öldi" diýseler, kimleri "Bir aý-mundan owal akyly-üýtgän ol gojany plan ýerde gördük" diýip ýene başga ýerleri salgy berýärdiler. Şeýdip argynsyz gözleglerden soň Mukam-agan ýadap bir agajyň düýbünde oturdy. Şol mahal onuň ýanyna nirdendir birýerlerden çykyp, bir oglanjyk gelip "Seniň gyzyňa uly, üýtgeşik, täsin, bolmajak, başga hem haram hem halal güýçýaly birzat gerek. Ol zat seniň başyňdadyr" diýip aýtdyda, ýylgyryp yzyna öwrülip gidiberdi. Mukam-aga oglanjygyň bu aýdanlaryna aňkarylyp-galyp, pikirlenip, oý-hyýallara çümüp, ol oglanyjygyň nirden gelip nädip gidenini hem bilmändir. Megerem bu şol "Gudratly goja" bolmaly. Adamlaryň arasynda "Okap ylymyň aňyrysyna çykyp bolmaýar, emma bärisine golaýlan alym-ahunlar, öz jynslaryny-sypatlaryny üýtgedip bilýärmiş" diýilen gürrüňlere Mukam-aga köp duşupdy. Ol hä diýmän gyzynyň ýanyna howlukdy. Gelse gyzy şol öňki boluşunda ýatyr. Şeýdip esli-günleri geçiren Mukam-aga "Nämäniň üýtgeşik güýji, nämäniň täsin bolmajak zady" diýip pikirlenip geziberen. Aýlar geçdi. Adaty günleriň birinde agşamlar, sagat 12 töweregi Serwi gündekikeri ýaly uka gidipdi. Asal hem öz işleri bilen gümrä. Mukam-aga şol hassahananyň ýokarky üçeginde, açyk howada, ol oglanjygyň aýdan zatlaryny aklynda jemlejek bolýar. Aşakda Serwiniň palatasynda bolsa... Ýuwaşlyk bilen Serwiniň ýatan palatasynyň gapysy açyldy. Otagda Serwiden başga hiçkim ýok. Ol giren "Adam" gara eşikde, ýüzi ýarym-nikapda, sakalynyň barlygy bildirýär. Ol adam ýuwaşlyk bilen Serwiniň ýorganyny(odeal) çekip aýyrdy. Serwi lampa-gözlerini açyp zähresi ýaryldy. Şondada arman hiç-hili hereket ýok. Serwi gabaklaryny-gyrpman, gözlerini-hanasyndan çykaraýjak bolup ol adamy synlap başlady. Ol adam hem özüniň synlanýandygyny bilip ýuwaşlyk bilen palatanyň aýnalarynyň tutylaryny(žalýuz-ştory) görünmezýaly ýapyşdyryp, soňra bolsa gapynyň gulpyny 2 gezek şarkyldadyp gulplady. Belki Serwi ol adamyň haram-pälini duýandyr, aglamakdan başga çäresi ýok. Kakasy Mukam-aga üçekde, jan-ýaly jorasy Asal öz işleri bilen gümra. A bu çala-ösgün sakally haramzada bolsa... Ol adam ýuwaşlyk bilen Serwiniň üsdüne münüp ornaşdy. Serwi ömründe beýle hala düşüpgörmänsoň, hatda ölümede kaýyl. Ol haram ýuwaşlyk bilen Serwiniň elini sypalap, soňra gollaryny, soňra boýununy owkalap ýuwaşlyk bilen öpmek üçin Serwiniň ýaňagyna golaýlady. Deýýusyň hyşşyldap-eşidilýän demini Serwi bar-bedeni bilen duýýar. Ol nejis aňyrbaşy merez bolmaly, gyzyň ýaňagyndan ogşaman uzyn dili bilen , Serwiniň boýnundan başlap ýaňagyndan geçip maňlaýyna çenli ýalady. Serwi içinden "Öleýin, öleýin, öldüriň, bilmäýin, duýmaýyn" diýip gaýtalap gözlerini ýumdy. Deýýus Serwiniň köýnegine elini sokup ýaňybir aýagyna degeninde "KAKA" diýip Serwi bogazyna sygdygyndan gygyrmaga başlady. Serwi köp köp gaýtalap "Kaka, kaka, kaka..." diýip bar güýji bilen bogazyna sygdygyndan gygyrýar. Bu näme ahwalat!? Hiçzat edip bilmeýän gyz özüne haýran galyp "Kaka, Kaka, Alla, kaka, Alla" diýip gygyrmaga başlanynda Mukam-aga "Gyzym" diýip, gapyny depip-döwüp, okdurylyp girdi. Bu gara eşikde haramy, gyzynyň üsdünde görüp, deýýusy bir depdi haram aňry aşyrylyp, ýykylyp, hasanaklap otagdan çykyp ylgaşlady. Mukam-aga nämäniň nämeligine düşünmän Serwä aňkarylypgaldy. Serwi:
— Kaka, kaka, ol haram, meni, meni... Meni... — diýip sojap bar sesi bilen aglap, kakasyny gujaklap, hatda krowatda oturan ýerinden aýakalary bilen hem gujaklaýardy. Mukam-aga hem jogap edip gyzyny pamyk-pagta, ýelekdeýin emaý bilen gujaklaýar, sebäbi edil şu sekuntda gyzynyň hereket edýänine begenip, gyzyny bagryna-basyp isleýşi ýaly gaty gujaklaýsa, gyzynyň oňurgasyna şikes ýetmegi ähtimal. Mukam-aga:
— Köşeş gyzym, ähli-zat yzda. Gitdi. Ýitdi. Senem gymyldaýaň. Hemmezat gowy. Köşeş. — diýip gyzynyň başyndan sypalady. Serwi hem:
— Men gymyldaýan, gymyldaýan, kakam, kakamjan...— diýip gaty köp wagt gujaklaşyp durdular. Esli wagtdan soň Mukam-aga:
—Men dogtarlary çagyraýyn, sen otur. Garaş...
+ Kaka meni ýeke taşlama...
— Bolýa köşeş, ine şu gapydan gygyraryn. Dogtar, Asal. Asal... — diýip Mukam-aga palatadan çykman hemmeleri gygyryp çagyrmaga başlady. Baş-dogtar gelip Serwini barlamaga başlady. Yzyndan Asal hem geldi. Mukam-aga Serwä eşitdirmän:
— Depenim üçin bagşla. Agyrmadymy!?
+ Ýokla, esasy zat meniň söýgüm aýaga galsa bolýar. — diýip Asal jogap berip ol hem gelip Serwini gujaklady. Inni ne öli däl, hökman DIRI.

Soňy. Yzy ýok. Tamam. Gutardy. Dowmy ýok. Tamamlandy. Dowamsyz. Başga bölümleri ýok. Nokat.

Awtor: IDEALLIDER.


98

13

2

3

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 19.12.2025 / 14:00

+0

— Depenim üçin bagşla. Agyrmadymy!?
+ Ýokla, esasy zat meniň söýgüm aýaga galsa bolýar. — diýip Asal jogap berip ol hem gelip Serwini gujaklady. Inni ne öli däl, hökman DIRI.



E way dushunmedimlay Asal sho yashulymy sypatyny uytgedipdirmi,Serwini gorkuzanam Asal 2si bir adammy:shok:


Özümiziňki
IDEALLIDER2  (19.12.2025 / 15:18) 

rexha, özüňiz netije çykarmaly


Gytyndan
афганка  (19.12.2025 / 15:22) 

IDEALLIDER2, herhili pikir gelya :neznayu:

 Gytyndan
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 19.12.2025 / 14:01

+0

Soňy. Yzy ýok. Tamam. Gutardy. Dowmy ýok. Tamamlandy. Dowamsyz. Başga bölümleri ýok. Nokat.


Bir gezek yazsaňam bolyara:D

Gowy yazylypdyr tuweleme:) galamyn ujy yiti bolsun


Özümiziňki
IDEALLIDER2  (19.12.2025 / 15:18) 

rexha, siz düşünýäňiz. Käbirleri şeýle ýazanymdada düşünenoklar:neznayu:


Gytyndan
афганка  (19.12.2025 / 15:22) 

IDEALLIDER2, :D hehe bolya

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Iň uly sanlar haýsylarka?


andisilyon yokmy...dowamy...

Ýene bir gowy degişme


Öýkelejek mena hany men adym :)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýene bir gowy degişme
Minigim (Düýn, 18:56)

Ýene bir gowy degişme


Ine bolaydy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýene bir gowy degişme
Minigim (Düýn, 18:55)

Adam psihologiýasy


Dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adam psihologiýasy
Мечтать (Düýn, 18:31)

Adam psihologiýasy


Dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adam psihologiýasy
Мечтать (Düýn, 18:31)

Ýene bir gowy degişme


Düşünsem Zimbabeli bolaýyn...dowamy...

Adam psihologiýasy


Ýürege jüňk boldy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adam psihologiýasy
Orazjan (Düýn, 14:53)

Adam psihologiýasy


Hakyky...dowamy...
Erkin mowzuklar | Adam psihologiýasy
madinam (Düýn, 01:06)

Nowruz. Bu nähili baýram, ony kim we nähili belleýär


Gadymy hem halky (narodny) zatlar özüne çekiji bolýa. Gipnozlaýan ýaly. Keýpine diýilýän däldir "maddy däl gymmatlyk" diýlip....dowamy...

Nowruz. Bu nähili baýram, ony kim we nähili belleýär


Wähhäbiler munam gadagan etjek bolşup başagaý...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->