“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Çok dostum var benim, yeter ki işleri düşsün.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Gutlaglar we arzuwlar

Yurekdesh.ru| Night Club | Doglan gün party
 Özümiziňki
 Basmacy [off]
 21.12.2025 / 08:55
 Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...

Bir barmyş, bir ýokmyş. Wagtyň täsiri ýetmeýän bir dünýäde YUREKDESH diýip bir ýurt barmyş. Ine, şolar ýaly bir seçek bulutly, dykyn traffikli günleriň birinde erkin ýurdyň erkin raýatlary, aý ýüzli zenan agzalary bolan @Nefertiti we @Rabiýa -nyň doglan günleridi...

Goşa doglan güne gürleşilen Çülidäki 'Gala' kafeň içinden göni bolşy ýaly dykgatyňyza ýetirýäs:

LMFAO özüniň "Sexy And I Know It" aýdymy bilen club'a gelenleri güýmäp durka aýdymyň esasy ýeri gelende her kim üýşüp :

Sexy And I Know It

diýip, gygyrdylar welin, club'yň kiçijik sahnasyna 2 elini birikdirip ýürek ýasap onam döşüne goýan bolup, aýaklaryny her ýana açyp, sandyrap @Nefertiti girdi. Ýanynda-da eli namazlykly @Rabiýa. Içerdäkiler hasam joşdy. Her kim aýdyma goşulyp aýdym aýdýar, @Nefetitä goşulybam tans edýär. Soň @Nefertiti mikrofona golaýlansoň sazyň sesi peseldildi we @Nefertiti @Rabiýaň egnine elini goýup, gara äýnegini burnunyň üstüne süýşürip:

Hormatly club'a gelen myhmanlar. Bizi sylap geleniňiz üçin hemmäňize minnetdarlyk bildirýän. Doglan gün begenjimiz sizi görüp 10 esse artdy. Bu gije özüňizi hiç zat bilen çäklendirmäň. Getiren sowgatlaryňyzam bermegi unutmaň. Onda näme Party açyk diýip yglan edýän!!!!

- diýdem welin, şampanlar atyldy, stakanlar çakyşdyryldy, lazer şöhleleri gözleri gamaşdyrdy.

@Nefertitiň, sahnany boşadany ýaňy welin, eýýäm @No_Name agza sahna girip gitdi bilýän hereketlerini etmäne. Zyryn-dykyn sahnada kimiň kimdigini tanap bolanok. Her kim bir-birinden galmajak bolup haýdaýar. Şüweleňiň başlany ýaňy @Dragon agza eýýäm gyrada şaň bolup ýatyr. O bolmana @Fantom bilen @Garrybaý dagy geldi doglan güne. Bir gyrarakda stolda ýerleşenlerinden soň, näme içýänlerini soranlarynda  ala gohyň içinde @Fantom sesiniň ýetdiginden gygyryp:

menä gök çaý içýän - diýip, 10 minutlap ofisantka düşündirip bilmedi.

O bolmana club'dan bir DJ gitse beýlekisi gelip dur. Tans edip ýadan, gelip, bulguryny çalşyp gidýär. Bir gyrada elindäki çüýşesi bilen käte-käte aýagyny käte-käte bolsa kellesini saza görä hereketlendirip duran @Daniel-iň gulagynyň ýanyna @Bentner baryp :

Dost, ýolda gidip barýarkaň pulyňy gaçyrsaň, yzyňdanam men gelýän bolsam egilip pulyňy alardyňmy ýa alman giderdiň?  - diýip, soraýar. @Daniel bir hili bolup @Bentner-e seredýär. @Bentner çüýşesini owyrtlap duran ýerinden bir gözüni gyrpýar. Edil şol bada-da Party'ň aýdymy üýtgedi:

Mesele däl seň bilen tekuila garmana...

birdenem ähli prožektorlar sahna giriş ýeri görkezýär, aýdymyň bazzyy urýar. Sahna arkanlykkan egilip elini çapraz şekilde gezekli gezegine uzadyşdyryp, @Bagana aýdym aýdyp girýär:

Bizde saglyk bolsa her gün toý brroo...

hemme gygyrşyp garşy alýar. Sazyň bady ýokarlanýar we bazzyyň urgusyna görä böküp tans edýärler.

 

Eyy brooo
Bizde saglyk bolsa her gün toý brroo... 


Köşeşenlerinden soň @Bagana mikrofona golaýlap:

@Nefertiti, @Rabiýa doglan günüňiz gutly bolsun. Ýadaýançaňyz ýaşaň bomyy...  - diýýärde sazyň heňinden galmajak bolup ritma gabatlap aşaky dodagyny dişläp tansyny dowam edýär:

Bizde saglyk bolsa her gün toý brroo... 

Hemmeler göçdi. Özlerinden geçip tans oýnaýarlar. Sazyň sesi gulagyňy ýaryp gelýär. Şonda-da durman stress atýarlar. Ala gohdan sypyp barmene golaýlaşan @Sayman-dan barmen soraýar:

- Näme içýäňiz? Şampan? Wino? Kokteýl?..

- Buratino guýaý, dost
- diýip, ýanynda sütüne ýaplanyp, ýylgyryp, ajy napitoklary owurtlap tans edýänleri synlap duran @Nefertitä ýüzlenýär:

- Dost, näme üçin dostluk.ru-nyň agzalaryny çagyrmadyňaý doglan günüňe? 

- jlp diysänim ýapylla o saýt.  
- diýip, tans edýänlere goşulmana gidýär. Şol bada hem NICCO - Dance hall aýdymy başlady. @Candi  bilen @Gülmährem girdi sahna bir aýaklaryny ýere kakyp beýlekileri bilen süýşüp. Ellerinem açyp-ýapyp. Saza görä-de beýleki agzalar goşulyberdiler. Keýp tüpöň..
Saz durdy. @Candi:

Run the dance hall,
run the dance hall
Run the dance hall,


- diýip, gygyrdy welin, agzalar öňkisinden has çalt hereketler bilen tans etmäne başladylar. 

Ortany boşatdylar. Her hili trýuk görkezmegiň wagty geldi. Saza görä böküp @Perhatsabirovv çykdy orta. Gyradaky duranlara görünjek boldymy nämemi üýtgeşik tans bilen yzlykgan aşjak bolup pääääättt edip arkanlykdan düşdi. Muny reska sahnadan alyp çykdylar. Ýerine reska kellesinde balkan tahýaly @Bulvar agza çykdy. Aýaklaryny çalt açyp-ýapyp özüne gelişýän hereketler bilen töwerekdäkileriň alkyşyny aldy-da saz bilen indik-ä gezek berdi. @Yunus girdi orta. Elindäki 'Goşa çynary' ortada goýup, break tansçylar ýaly bir elinde pyrlanyp, Goşa çynaryny alyp ýene ötä gitdi. Garaz, her kim gezekli gezegine edip bilýän täsin tanslaryny görkezdi. Hat-da arasynda @Ahmedik_97  hem boýnyndaky kresti bilen bökjekläp bir zatlar-a edip gitdi...

@Rabiýa-nyň "ikindimi" okajak şol gidişidi. Entegem gelenokdy.

Guduz açyp ýadalansoň, Part'yň gyzykly ýeri geldi. Lazerler öçürildi. Sahnany giňeltdiler.

Gözi daňylgy roýalyň başynda otyran @Admin romantiçny sazlardan çalmana başlady. @Anora özüniň garlawaç kostýumly, obtýagiwaýeşşi balakly, örüm-örüm bakinly şazadasy @Lideri orta alyp çykyp tans etmäne başladylar. Sag ellerini tutyşdyryp, çep ellerini arkalarynda gizläp, bir ädim ýakynlaşyp we bir ädim uzaklaşyp saza görä hereket edip başladylar. Aram-aram @Anoranyň arkanlykgan ýykylmagy, @Lideriň bolsa gapyp ýetişmegi tansa aýratyn öwüşgün berdi. 

Bulary gyrada synlap duran @Pechine öz şazadasyna sms ugratmak üçin eline ak kepderi alyp keramatly depä çykdy. Ak kagyza bir zatlar ýazyşdyryp, kepderiň aýagyna gapjatdy-da, gulagyna @Söýgülisiniň tel. nomerini aýdyp uçuryp goýberdi.

Içerde tans edip duran jübütlere gözi gitmeýän azdy. Aslynda gyzlaryň hemmesiniň bu tansa meýilleri bardy, emma, olar @Anora ýaly hemmä aýan etmekden çekinýärdiler.
Gözi daňylgy roýal çalýan @Adminem barha joşýardy. Sahnadakylar onuň el hereketlerine maýyl bolup, roýalyň üstüne ştuklaýyn gyzyl bägülleri zyňýardylar...

@Huzur, @rexha, @madinam dagylar doglan günüň sebäpçilerine gysmyljyrap, olary tüýs ýürekden gutlaýardylar. @Belki, özüniň "gutlag" goşgusy bilen oturanlary "pallamana" mejbur etsede, hemmeler sabyr etdi...

Party'ň soňunda-da @Basmaçy mikrofony alyp :

Hormotly @Nefertiti we @Rabiýa agzalarymyz size ähli agzalaryň adyndan uzak ýaş, haýyrly ömür, üstünlik, bagt we ýiti zehin dileýäris. Etsem-petsemleriň oňuna bolup, arzuwlaryňyz hasyl bolsun. Uzak ömürden beter bagtly ömür nesip etsin. Durmuşda öňüňiňzde goýan maksadyňyza ýetmegiňizi dileýäs. Öz nebsiňiziň üstünden ýeňiş gazanmagyňyzy isleýän..

- diýäge-de mikrofony başga-da gutlajak bar bolsa diýip AGZALARA uzadýar...


243

49

13

13

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Anora [off]
  Zin_Zin ツ
 21.12.2025 / 09:02

+0

:D bela senem şü

 Täzeje
 Pushba [1m]
  Pully bolsaň götererler asmana - pulsyz bolsaň ýerem ýokdyr basmaga!
 21.12.2025 / 09:09

+0

Gowy toýa bolupdyr bize aýdylmady😁


Özümiziňki
Basmacy  (21.12.2025 / 09:11) 

Pushba, barybermeli, indi başlady

 Täzeje
 Bagana [15s]
  Ertir-betinden hem gytyndan...
 21.12.2025 / 10:43

+1

Heý bro, aladalaryňy goý bro

 Gytyndan
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 21.12.2025 / 11:11

+0

Uzak yashaň

 Täzeje
 Garrybay [off]
  1000 km hem 1 ädimden başlaýar.
 21.12.2025 / 12:04

+1

Al onda saglyk bolgaý

 Täzeje
 Rabiya [off]
  Her Nebis ölümi datjakdyr!!!
 21.12.2025 / 13:43

+0

Allah razy bolsun Dark druk. Ýylgyrtdy. Allahda sizi begendirsin)


Täzeje
madinam  (21.12.2025 / 14:36) 

Rabiya, uzak ýaşa


Täzeje
Rabiya  (21.12.2025 / 18:49) 

madinam, Minnetdar. Siz hem

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 21.12.2025 / 14:30

+2

Toý bir gowy zat. Onda-da, saýtdaşlar bilen üýşülýän ýerde.
Okap şähdim açyldy. Kä ýerlerinde gülüp hezil etdim. Men dagy tans edip bilýän däldirin welin, @Candi ikimiz @Nefertiti bilen @Rabiýanyň göwnüni görjek bolup, başarsak-başarmasak ökjeli köwüşde daşary ýurt aýdymyna hezil edip, daşary ýurt tansyny etdik. Herne ökjämiz döwülmänkä, saz tamamlanaýdy...😊
Sag boluň, @Basmaçy. Säher bilen bu gün biziň ýylgyrmagymyza sebäp bolduňyz.

@Nefertiri, Rabiýa! Doglan günüňiz gutly, janyňyz sag, görjekleriňiz gowuluk, barjak ýoluňyz Käbe bolsun, doganlar!
Bagtly pursatlardan doly bolan günler bilen uzak ýaşaň!


Täzeje
Rabiya  (21.12.2025 / 18:51) 

Gulmahrem, Amin. Allah razy bolsun

 Täzeje
 madinam [off]
  люблю и не навижу,не навижу что люблю
 21.12.2025 / 14:37

+0

uzak ýaşaň gyzlar

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 22.12.2025 / 09:27

+0

Molodes, dost gyzykly üýşmeleñ bolupdyr 😄😄😄😄

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 22.12.2025 / 09:28

+1

Doglan gunlerem gutly bolsun)) @Nefertiti we @Rabiya

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 22.12.2025 / 09:29

+0

@Bentner pul gaçsa alay dost

 Täzeje
 Pechine [off]
  💫"Bu iş böyledir"💜
 27.12.2025 / 09:41

+0

Tüweleme sesli güldümä okap otyrkam, ömrüñ bolsun Dark agam :)

 Täzeje
 www [off]
 27.12.2025 / 18:22

+1

manysyzrak

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Taýynlanyň


Hemme mowzuklaryňmy ýa pikirleremmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Taýynlanyň
Minigim (Şugün, 11:14)

Pul gazandyrýan saýtlar


Freecash su sayt in gowysy diyya jipiti daýy...dowamy...
Internetde pul işlemek | Pul gazandyrýan saýtlar
ДжекМа (Şugün, 08:31)

Pul gazandyrýan saýtlar


Näme ishläp pul gazanylýa saýtda shono düshünemok men...dowamy...

Pul gazandyrýan saýtlar


Bizde mümkinçilik ýok. Ýaňy özümize mümkinçilik döredip başlaýasam welin saýty ýapmaga mejbur edýärler. Ýogsa türkmen webmasterlerem dünýä ýüzüne...dowamy...

Bir käse süýt


Emeli an bilen liboy zady edip bolyar indi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir käse süýt
Anima (Düýn, 08:31)

Duzak / gysga hekaýalar


Terjime gaty gowy däl, bökdeýän ýerleri kän. Ýöne hekaýalar juda manyly, ajaýyp....dowamy...
Erkin mowzuklar | Duzak / gysga hekaýalar
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:11)

Durmuş diýmek näme


Pandajyk hem şular ýaly gowy setirler ýazyp bilýärmi? Like....dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuş diýmek näme
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:06)

Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.


Haladym, duýgylandyrdy. Şular ýaly durmuşdan duýgyly setirleri okamagy halaýan, paýlaşanyň üçin minnetdar....dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir gyzyñ gündelik ýazgylaryndan.
Gerceknazar (13.05.2026 / 18:03)

Bir käse süýt


— Size näçe bergi boldum? — diýip soraýar. Täsin gepleşýän ekenaý. ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bir käse süýt
Fantom (13.05.2026 / 15:38)

Tötänlikmi ýa-da Takdyr?


Eöw näme ökjäňiz bilen pikirlenýäňizmaý. Nämesi geň taň mynyň. Eger olar kiçilikden bir şäherde ýaşan bolsa we Disney şol döwürde iň uly atraks...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tötänlikmi ýa-da Takdyr?
Basmacy (13.05.2026 / 15:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->