“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
👉 Tanyşlyk Chat (üstüne bas)👈
💥New chat..🗨 - üstünden basyp çata girip bilersiňiz:)
Söýgüli chat
Ýürekdeş sözler!
Zehinli : Öz Aladasyny etmeýän Telefonyň aladasyny

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

DAŞDA SEN
 Özümiziňki
 Daniel [off]
 22.12.2025 / 21:18
 Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!

Ýañy bir güýz düşen çagy,
Howlukdyñ-da goýduñ gyşda.
Ýüzüm sowuk, kalpda agy,
Sen ýene-de menden daşda.

Müñ ters hyýal höküm sürýär,
Öñ terslikden çatlan başda.
Göz geljegmi gara görýär,
Sen ýene-de menden daşda.

Tersleşipdik öñlerem kän,
Ýaraşarys indem paşsa.
Ownuk aýralygam nep däl,
Sen ýene-de menden daşda.

Gyýma, ýüregimi gyýma,
Sen hakynda pikrim başga.
Gelmek üçin has golaýma,
Sen ýene-de menden daşda.


© KERIMHALLY


Daniel agzañ başga mowzuklaryny okamak üçin aşakdaky ssylka bilen geçin!
________Ahli mowzuklary ___________


234

32

4

12

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 22.12.2025 / 23:24

+11

Oglan;

Ýañy bir güýz düşen çagy,
Howlukdyñ-da goýduň gyşda.
Ýüzüm sowuk, kalpda agy,
Sen ýene-de menden daşda.

Gyz;

Hawa, şonda güýz çagydy,
Göwne degdiň, goýdum gyşda.
Göwnüm sowuk, gözüm ýaşly,
Men şoň üçin senden daşda.

Oglan;

Müñ ters hyýal höküm sürýär,
Öñ terslikden çatlan başda.
Göz geljegmi gara görýär,
Sen ýene-de menden daşda.

Gyz;

"Güman aýrar, imanyňdan",
Seresap bol, owal başda,
Geljegimizde näme baryn,
Bilmek üçin durýan daşda.

Oglan;

Tersleşipdik öñlerem kän,
Ýaraşarys indem paşsa.
Ownuk aýralygam nep däl,
Sen ýene-de menden daşda.

Gyz;

Öňlerem köp tersleşipdik,
Umyt etme diýip, "Paşsa",
Her zat ownukdan başlanýar,
Men şoň üçin senden daşda.

Oglan:

Gyýma, ýüregimi gyýma,
Sen hakynda pikrim başga.
Gelmek üçin has golaýma,
Sen ýene-de menden daşda.

Gyz:

Gyýma ýüregiňi, gyýma,
Pikirieň bolmasyn başga,
"Bir ýazykdan är ölmez"diýp,
Dolandym men. Bolman daşda!

Gülmährem


Täzeje
Anora  (23.12.2025 / 10:32) 

Gulmahrem, ❤️❤️❤️


Özümiziňki
Daniel  (23.12.2025 / 10:48) 

Gulmahrem,
Berekella Gulmahrem!!!♥️♥️♥️

 Täzeje
 Abdylla894 [off]
 25.12.2025 / 12:41

+2

Gulmahrem uyamyz Kerimhallyñ goşgysyna gowy aydyşyk şygyr yazypdyr. Berekelle!

Şeyle gowy goşgylar
Kop bolsa gowy bolar.
Okyjylañ islegi
Osup baryar gunsaÿyn.
I e, şoña laÿyklap,
Yazmaly, doretmeli.


Özümiziňki
Gulmahrem  (26.12.2025 / 05:10) 

Abdylla894,

Abdylla894

Şeyle gowy goşgylar
Kop bolsa gowy bolar.
Okyjylañ islegi
Ösup baryar günsaÿyn.
Ine, şoña laÿyklap,
Yazmaly, doretmeli.
"yurekdesh.ru" saýtyny,
Gyzykly ýöretmeli...

Gülmährem:

Gowy mowzuklar açsak,
Gyzykly bor, günsaýyn,
Okyjylar köpelip,
Ösüp gider, bu saýt

Geliň agzybirlikde,
Aktiw bolalyň, dostlar!
Edil bir maşgala deý,
Saýta dolalyň, dostlar!

 Täzeje
 Abdylla894 [off]
 25.12.2025 / 13:12

+2

Ine. Bolmaly. Bir harp galypdyr

 Täzeje
 Abdylla6195 [off]
 26.12.2025 / 17:52

+2

Hawa, Gulmahrem uyam
Dogry gurruñ, hoş gurruñ.
Osdurmeli saÿydy,
Gyzyk-gyzyk zatlary,
Ÿazyp-cyzyp durmaly. Gowy gowy goshgular,
Prozadyr başgalar
Yerleşdirlip durulsa,
Oran oñat bolardy,


Özümiziňki
Daniel  (26.12.2025 / 20:01) 

Abdylla6195, Abdylla agam her gezek täze akkauntdan girýaniz


Täzeje
Abdylla6195  (27.12.2025 / 03:36) 

Daniel, bäş~alty sagada galman öçüp galýar. Ýene~de gabtadan girmeli bolýaryn. Men hemişelik girip bilemak, uýam.


Täzeje
Abdylla6195  (27.12.2025 / 03:39) 

Daniel, Gyzmyň oglanmyň bilmedim. Bagyşlaň


Özümiziňki
Daniel  (27.12.2025 / 12:59) 

Abdylla6195, oglan


Özümiziňki
Daniel  (27.12.2025 / 13:00) 

Abdylla6195, parol bn logini bir ýerik belläp goýsañyz bolmaýamy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Siz


psihbolnisa ýerleşdireýin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Siz
Mugallyma (Şugün, 06:54)

Sessiz söýgi


Özüň düzdüňmi ýa bir ýerden aldyňmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sessiz söýgi
Minigim (Düýn, 15:29)

Sessiz söýgi


manysyz zatlar ýazylan...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sessiz söýgi
masterdollar (Düýn, 14:50)

Mugallyma


Errrkehaý......dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Bagana (Düýn, 09:08)

Masterdollar: Ýürekleriň Soltany (Oda-Gimn)


Hawa iň baý gyzlar masterdollary söýýär sebäbi masterdollarda dollar paçka-paçka...dowamy...

Mugallyma


Egzaminyň jogaplaryny näçeden satýeňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Outlier (19.05.2026 / 17:33)

Mugallyma


Mugallyma jan, Muawiye nikiñe gyran degdimi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Candi (19.05.2026 / 16:08)

Mugallyma


Ulanýan nikleriň hasabyny ýitirdik, brat....dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Hako (19.05.2026 / 15:33)

Mugallyma


Bu yazanlaň oziňe degişli her tüýsli bolduň.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Mugallyma
Alyhroz (19.05.2026 / 15:03)

Dollaryň ýakymly şygyrdysy


Hemmesini okan bamy😄😀...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->