“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
gul : mana bir soz diy o sozun meni ya yasatsyn ya oldursin yone yaralamasyn @gul

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Özdemir Asaf sözleri
 Öwreniji
 Unknown_ [off]
 12.01.2024 / 08:37

Bir wagtlar kemçilikleriňem şeýle bir gözeldi... emma indi bolsa gözellikleriňem kemçilikli.

Dolanyp gelmejek bir gidene, bolmajak netijä garaşyp gördüňizmi?

Ynsan ulalansoňmy artýar dertleri, ýa-da ulalansoň bilýämi hakykatlary?

"Bolmajagny bilibem, näme üçin synanyşýaň?!" diýdi... Öljegini bilibem ýaşaýandygyny unutdy ...

Söýgi... Seretdigiňçe dözmezlikmi, ýa-da seretdigiňçe doýmazlykmy?

Sen... bagyşlarsyňyz "siz" diýmelidim. Siz näçe ýüzlüdiňiz? Men ýalňyşlyk bilen haýsy ýüzüňize aşyk boldum? 

Sesiňi çykarma ýüregim... menem bilýän "küýseýänimi"! Dym... ol bir bilmesin küýselýänini.

Ähli kişi artykmaçlyklary bilen söýýärdi. Men bolsa kemçilikleriň bilen söýüpdim, emma söýülmedim!

Ynsan puluny ýitirende garyp, erkinligini ýitirende ýesir, söýgisini ýitirende bolsa şahyr bolar eken.

Ýekeje kişilikmidi bu şäher? Sen gideniňden soň boşap galdy... 

Men seni söýmekde hiç hili bergili bolmadym. 

Meniň bilen ömür geçermi? - diýip soradym. 
Seniň bilen geçirmäge ömrüm ýetermi?! - diýdi. Şul sözi meni ömür boýy bagtly etdi!

Terjime eden Maral Ataýewa.


150

10

3

2

0

0

0
Teswirler:
 Gerekli
 Dreamfull [off]
  Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
 12.01.2024 / 14:48

+0

Meniň bilen ömür geçermi? - diýip soradym.
Seniň bilen geçirmäge ömrüm ýetermi?! - diýdi. Şul sözi meni ömür boýy bagtly etdi!

Sheyle dp bagtly edjegem bolmanyrgy bizi

 Özümiziňki
 Perman [off]
 13.01.2024 / 08:49

+1

Geñ we täsin zadlar ýazýañ. Ile meñzäp goşgy ýazañok, ile meñzgäp oýlanma ýazañok. Emma gyzyklyja zadlar ýetirýäñ bze. Haýsy (gowy) ugrda bolsañam, bravo:thumbsup:


Öwreniji
Unknown_  (12.02.2024 / 13:41) 

Perman, minnetdar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->