“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Maksat : Balyk kellesinden porsar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Öýdeçi bilen söýüşseň näme bolýar
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 18:25

Süýji ukuda ýatan ekeneim. Hiç turmak ýokmady. Ukynyň arasynda jaýyň bir ýerinde eger çyksa wentilýasiýa turbasynyň içinde ullakan gykylyk gitdi. Goýar ýerde goýmadylar. Zordan gözümi açyp sagada seretsem sagat dogry iki. Bir-iki minut ýatdym gözümi açyp. Wagyrdy kimiň arasynda gidip dur we nämäniň üstündedigini anyklajak bolup. Kem-kemden kelläm işläp ugrady. Dawa kimleriň arasynda we näme üçindigini bildim.
Ýöne bilenimiň näme peýdasy bar? Ýanlaryna baryp sesiňizi goýyň ýogsa häziriň özünde aýagyňyzdan tutyp sowuk meýdana aýnadan zyňyp göýbärin diýip gorkyzmasam seslerini goýmazlar bu üçüsi. Hawa bu ýyl gyş düşüp sowuk başlananda Kuzýa, Afonýa we Zoýa üçüsi meniňkide ýaşap durmana rugsat soradylar. Men näme ýüregi ýuka adam bolanymdan soň olary jaýyma göýberip bolmaly otagyny görkezdim. Bu jaýda ýaşamak üçin hemme şert bar. Iýmek-içmek, geýinmek, we saglygyňa seretmek üçin ähli gerek zatlary alyp berdim. Iýmitlenmek bolsa meniň bilen deň iýmitlenibermeli. Hemme zat ortada üstesine bol. Emma şondada bu üçüsi bir ýerden bir zady bahana edip ýakalaşyp galmagal-gopgun turyzyp özara oňuşmaýarlar. Özleräm bu hili wagyrdyny ýarygijeden soň tapýalarda daňa çenli ýakalaşyp daň atandan soň bolsa tyrtym bolup her haýsy bir ýere girip öli ýaly tä indiki agşam bolýança uklaýarlar. Edýän işleri bolsa umuman ýok.
Olar maňa köp zady wada berdiler. Özlerini terbiýesi bilen meşgul boljagyny, arassaçylygyna seretjeklerini, iýen zatlarynyň galyndysyny ýygnap musor guta taşlajakdygyny aýdyp ynandyrdylar. Men bolsa olara ynandym. Meniňkä gelenden soň olar birbada parahat ýaşadylar emma ýaşan günleriniň köpeldigisaýyn olaryň wagyrdysy hem köpeldi. Indi bolsa gijesine ukladnoklar. Çyrany ýakyp olar tarapa ugradym. Olar kuhnanyň wentilýasiýa turbasyna girip şol ýerde menden beklenip indäm çaa ýagtyda ullakan gykylyk edýäler.
Men turbanyň içine sereden wagtymda Kuzýa Afonýanyň ýakasyndan tutyp alyp ony silkeleýär. Silkelenmeden Afonýanyň kellesi aşak-ýokary bolýar. Afonýa Kuzýanyň elini özünden sypyrjak bolýar. Zoýa bolsa otyran ýerinden gözlerini ýokary edip bu ikisiniň ýakalaşmasyna seredýär hemde şokolada iýýär. Çirkin gykylyk kuhnanyň içinde.
Men wentilýasiýa turbasynyň gapagyny açýanda bu üçüsine gaharly seredýärin. Olar dawasyny goýýalarda men tarapa gorky bilen seredýärler. Men olary öz tarapyma çagyrýaryn. Olar gelenlerinde bolsa olaryň teninden tutyp aşak düşürýände olara şeýle diýýärin.
Ýigitler men ýadaw. Ertir ir bilen işe gitmeli. Siz bolsa maňa uklamana mümkinçilik bermeýeňiz. Eýýäm näçe gündir gijäniň içinde ýakalaşýarsyňyz. Meniň bilen ýaşamak ýokmaýan bolsa siz başga bir öýe gidip bilersiňiz.
Olar geplemän durlar. Zoýa şokoladly dodagyny ýalaýar. Kuzýa gözüne tegeläp maňa seredýär. Afonýa ýere seredýär.
Nämäni bölüşip bileňzok hany aýdyň. Nämäňiz ýetmeýär. Menden näme kömek gerek size diýip olardan soraýaryn.
Onda Kuzýa söz açýar
Biz Zoýanyň üstünde dawalaşýarys. Afonýa Zoýany meniň elimden almakçy bolýar. Zoýa bolsa meniňki irteden bäri.
Men Afonýanyň ýüzüne seredýärin hany geple diýen manyda
Onda afonýa şeýle diiäýr
Zoýa meni söýýär. Ol Kuzýany söýenok. Kuzýa gorra. Eýýäm näçe ýyl geçip gitdi bu ikisiniň bile ýaşap ýörenine. Emma Zoýadan çaga ýok. Bu halda biz ýok bolup gideris. Bizden başga öýdeçileriň hem haly şu halda. Kiçijik öýdeçiler dünýä gelmesini goýdylar.
Onda Kuzýa özüni aklap şeýele diýýär.
Zoýa meniň kanuny aýalym. Ýöne ol şokolad iýmäni gowy görýär. Afona mekir. Ol Zoýanyň ejiz tarapyny bilýär. Siziň alyp beren şokladyňyzy ogyrlap ýygnap goýýarda haçan öýde şokolad ýok wagty Afonýa Zoýanyň gözüni gyzdyrýar. Zoýa bolsa ýeňilkellelik edip özüniň meniň aýalymdygyny ýatdan çykarýarda özüni Afonýanyň gujagyna oklaýar.
Men indi Zoýa seredýärin. Sen näme diýmekçi diýýän ýaly.
Meniň oňa seredenim Zoýa ýokýar. Zoýa gözüni güldürip
Eýsem näme hojaýyn diýýär. Men Kuzýanyň aýaly emma Afonýany gowy görýärin. Çünki ol özüne degişli şokolady hem iýmän maňa berýär. Ol hemişe meniň aladamy edýär. Ärim Kuzýa bolsa maňa seredenok.
Olaryň bu delillerini eşidip men näme diýjegimi bilmän galdym.
Onsoňam bu wagt dawa çözülýän wagt däl. Gowyja uklap dem almaly.
Men
Geliň dawany ertir gündiz çözeli. Häzir bolsa uklaly. Şokoladly meseläni bolsa gaýgy etmäň. Indiden beýläk şokolady iki esse köp satyn alyp berein size diiýärinde uklamana öz jaýyma gidýän.
Öýdeçilar hem öz jaýyna gidýän ýaly bolup ugraýarlar.
Jaýyma girip ýaňy uklaýyn diýsem bir zatlar ýorganymyň içinde hereketlenýän ýaly. Çyrany ýakyp seretsem kiçijik barmak ýaly Zoýa gözüni güldürip maňa seredýär. Yzyndanam
Hojaýyn men seniň bilen ýatsam bolýamy. Seniň gujagyň ýumşajykdyryn öýüdýärin diýip bir enaýyja bolup boýnuny burýar.
Indi men näme etmeli. Siz bu halatda näme edersiňiz.
Häzir meniň ýadyma uky düşýär. Zoýanyň mylakaty däl. Men bolupdyr diýýärinde uka tarap meýmireýän hemde arkamda Zoýanyň ýumşajyk elleriniň meni gujaklaýandygyny syzyp uka gidýärin.


12

7

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýarym ýalaňaç däli kowalanynda...


...dowamy...

Ýarym ýalaňaç däli kowalanynda...


Molodes idea känaý sende...dowamy...

DAŞDA SEN


Hawa, Gulmahrem uyam Dogry gurruñ, hoş gurruñ. Osdurmeli saÿydy, Gyzyk-gyzyk zatlary, Ÿazyp-cyzyp durmaly. Gowy gowy goshgular, Prozadyr başg...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | DAŞDA SEN
Abdylla6195 (Şugün, 17:52)

söygi setirleri


Barde nakyllaram bara...dowamy...
Erkin mowzuklar | söygi setirleri
Daniel (Şugün, 16:12)

Gorky hakyky waka türkden( çydajaklar görsün)


Erbet terjime edilen...dowamy...

Gorky hakyky waka türkden( çydajaklar görsün)


Adam terjime etmese şeýle bolýar...dowamy...

Gorky waka (hakyky waka) N1


hää, emeli aň terjimesi diýsene......dowamy...

Gorky hakyky waka türkden( çydajaklar görsün)


Näme dilaý bu? türkmen türk garlanmy?...dowamy...

Zyňmaň, sowgat beriň!!!


Zat kän weli Orsyýetden nadip ugradayyn...dowamy...

Men adam iýýän.


Towa estağfurullah düýşüme girsin seni edişime seret, balagyma siýdimmikäm diýip gitdimä, gorkunçdygyny aýtmalydareý ...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->