“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Sumsule : Deli tarafıma gelme sakın, orada ben bile hükümsüzüm.(Sümsüle).

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 2-nji bölüm.
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 27.12.2025 / 20:06

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 2-nji bölüm.

...Gülleri basmazlyk ýa-ätläp geçmezlik üçin ýa-ha maşyn gatnaýan ýola çykmaly, ýa-da yzyna aýlanmaly, beýleki gapdaly ýaşaýyş jaýlardy. Leýli ugur-tapyjy gyz bolup, derrew bu ýagdaýa çykalga tapdy. Ol sakga-durduda, çalaja ýylgyryp, iner-çöküşini(oturanyňda ilki biliňi epmän, diňe dyzyňy epip aşak çökmek, Türkmen halkynyň arasynda bu çöküş aňrybaş-edepliligi aňladýar) edip, öňünde setir edip goýulan gülleri birin-birin çöplemäge başlady. Bu ýagdaýy synlap duran ýigit hem ýylgyryp "Hiçkim yryp bilmedi, a men aňsatjak yrdym" diýip öz ýanyndan monça bolup, özüni asmandan-asdy. Leýli ähli gülleri çöpläp bolup, messaý-ýöräp, ýigidiň ýanyna baryp ýylgyrdyda güleri ol oglanyň üsdüne zyňyp göýberdi. Ýere goýulany sebäpli tozan-hapa gum bolan güller hem oglanyň üsdi-başyny gaty hapalamadygam bolsa arassa goýandäldir. Leýli bolsa hiçzat bolmadykýaly ýoluny dowam edip gideninde, oglan ýüzüni sallap galmakdan başa çäre tapmady. Köpler gürrüňsiz hereketlere aňsat düşünýärler. Leýli hem oglanyň bu herekedine öz isleýşiçe düşündi. Ýagny oglan "Men köp gyzlar bilen gezdim, ol gyzlary hem edil şu güllerýaly ýere ýazyp hapaladym. Olary seň ýoluňa taşlaýan" diýýänýaly göründi. Leýli bolsa "Gyzlaram oglan bilen halaşyp özlerini hapalatmalydäldiler. Hapalanan bolsalar, menem, iller hem ol gyzlary sylaman zyňarýörerler" diýenýaly hereket etdi. Oglanyň bu plany başa barmanyndan soň, belki täze pikirler oýlap tapýandyr. Emma inni ertir, Leýli ýene işinden çykanyndan soň... Ertesi gün hem Leýli işinden çykýança garaşan oglan bu gün başgaçarak hereket etmegi ýüregine-düwdi. Leýli ýene şol öňki ýolundan gaýdanynda, bu gezek onuň ýanyna bir çagajyk geldi hem hatly-konwert ýazylgy şokalady gyza uzatdy....

2-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.


113

11

0

5

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->