“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Maxrim_mv : Kimin nira gideni gyzykly dal mana esasy zat kimin men in bn galmagy#Maxrim_MV

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 7-nji bölüm.
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 28.12.2025 / 16:12

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 7-nji bölüm.

...Sapa inni bu ýagdaýda nähili söz aýdyp näme etmelidigini, anyk, bilenok. Leýli ýarym ýaş bolup söze başlady:
- Düşün, men saňa bolan zady aýdaýyn. Gaty köp wagt geçmedi. Bir gün şu wagtkylarýaly işden çykyp gelýädim. Keýpim gowydy. Ömrüme guwanýardym. Birden gapdalymda bir maşyn gelip durdy hem adymy tutup çagyrdy. Men üns bermedim. Soň ol çagyran yzymdan ylgap gelip özüni tanatdy. Klasdaşym Bereket eken. Saglyk-amanlyk soraşdyk we ol meni doglan gün toýuna çagyrdy. Men razylaşdym hem onuň toýuna gitdim. Onsaň toýdan soň agşam ol... Düşün men gyzdäl. Ol haram doňuz... Men inni oglanlardan "Meniň ölüm-howply keselim bar" diýip gaçýan. Hemmekişä gyz gerek, boljagy bolan gerekdäl... - diýip elleri bilen ýüzüni tutup aglap başlady. Sapa doňňara-daşa öwrülip ünjä batyp "Ar-almaly, kanun meň tarapymda, ynsan-perwerlik meň tarapymda. Häzir Berekediň ýanyna baraýyn, öldür-ýaly edip uraýyn. Soňam organ-işgärlerine tabşyraryn" diýip pikirlendide, Leýlini gujaklap:
- Adresini ber. - diýeninde oglanyň sesinden ot-ýalyn towsdy. Leýli Sapanyň gollaryndan sypyp, gözlerine dikanlap seredip:
- Ýok, hiç-zat gerekdäl. Ortada meniň abraýym bar. Biabraý masgara bolanymdan, ejemi-kakamy ýere sokanymdan garrap ýeke-ölenim gowy.
+ Leýli, sen maňa ynandyňa, ynanda ýene. Ejeň-kakaň, iller bilmez. Söz berýän. Maňa çigitýaly duýgyň, dyrnak ýaly sylagyň bar bolsa adresini ber!!! - diýip gygyrdy. Gahardan ýaňa ýarylaýjak bolýan oglanyň indiki hereketlerinden howatyrlanan Leýli adresi aýtdy. Hiçzat diýmän gözden ýiten Sapa aýdylan adrese gaty çalt geldi. Sagat irden 9:00 töweregi. Magazinleriň birinden gassap-pyçak alyp, pyçagy goşar bilen tirsek aralykda skoçlap goýup, üsdüni kostýumyň ýeňi bilen ýapdy. Barlanaýanynda Sapanyň bili, aýaklary, gursak-goltugy arassa. Oglanyň eýýäm gözleri-gana boýalan. Adress elitni etaž-jaýlar, aňrybaş goragly ýerler. Bereket şol etažlaryň birinde ýaşaýan bolmaly. Nomerler boýunça gözläp tapyp girdi etaža. Öňünden wahtýor çykyp saklanda "Bereket dostumyň ýanyna barýan. Köp pul bermeli" diýip lift bilen ýokary galdy. Baryp Berekediň gapysynyň agzynda telefonynyň diktafonyny işledip, soňra gapyny kakdy. Zordan oýaly-ukuly ysgyndan gaçan, elem-tas, üsdi başy spirtli içgilerden aňkap duran, daşyndan "Agşamky kebelejiklere" meňzäp duran bir gyz gapyny açyp:
- Pizzamy?
+ Ýok, Berekede pul bermelidim. Köp pul. Diňe özüne.
- Ojaýda. - diýip gyz aňrysyna öwrülip, zordan yrgyl-yrgyl-yrgyldap başga komnata geçdi we spalna ýüzünleýin özüni taşlady. Sapa ýuwaşlyk bilen içeri girdi, gapyny ýapyp gulplap, açary hem aýyryp öz-jübisine atdy. Daş-töweregini synlady. Ideýänem ýok. Içeri garaňky, her-hili neşe-serişdeleriniň ysy gelýär, gyzlaryň içki-eşikleri her ýerlerde oklanylgy. Ýene her-ýerde jemi 3 gyz läjiräp ýatyr. Olary oýarman üslerinden ätleşdirip geçen Sapa Berekediň komnatyna bardy. Spalnyda ýarym-ýalaňaç ýatan Berekede golaýlaşyp ýuwaşlyk bilen goşaryndan ýalpyldap duran gassap pyçagy çykaryp bir elinde arkasynda bukup, Berekedi depip başlady:
- Bereket, aý Bereket. Oýanhow. Saňa pul bermeli diýdiler.
+ Şol stoluň üstünde goýda gaýdyber...
- Gördähow, sanada... - diýeninde Bereket ýatan ýerinden ýokarlygyna öwrülip:
- Kim ugratdaý seni. - diýeninden Sapa çaltjak Berekediň damagyna pyçagy goýup, gysyp kesäýmeli edip:
- Doglan günüň... Leýli... Maşynyň bilen toýuňa gelip, agşam doňuzlyk edeniň. Oýandyňmy? - diýip gaşlaryny çytyp gaharly gürläp pyçagy damaga has-da beter gysdy, belki bir damar tas-kesilendir...

7-nji bölümiň soňy.

Awtory: IDEALLIDER.


142

17

5

2

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 29.12.2025 / 23:42

+0

Wahtýor name zat bolýa


Özümiziňki
IDEALLIDER2  (30.12.2025 / 00:14) 

rexha, elitka jaýlarda sakçy. Olar 1-nji etažda oturup, elitkaň içine giren adamlary birugsat elitkä salanoklar.

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 30.12.2025 / 00:19

+0

IDEALLIDER2, gynansakda ýalñyş ulanypsyñ

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 30.12.2025 / 00:20

+0

elitka jaýlarda sakçy. Olar 1-nji etažda oturup, elitkaň içine giren adamlary birugsat elitkä salanoklar. == Oña Konserź diýilýä


Özümiziňki
IDEALLIDER2  (30.12.2025 / 00:22) 

Daniel, onda wahtýor näme?

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 30.12.2025 / 00:24

+1

Wahtyor bu dynç gunisiz işleýan adam dogowor bn 15,30,45,90 gune çenli ýatyrlaýyn parhy ýok ol sakçymy ýada bir başga işçimi


Özümiziňki
IDEALLIDER2  (30.12.2025 / 00:27) 

Daniel, tapawutlary?!


Özümiziňki
Daniel  (30.12.2025 / 00:51) 

IDEALLIDER2, tapawudy wahta bu iş gornuşi wahtyor-da şol iş görnüşünde işleýan adam

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 01.01.2026 / 09:15

+1

Bu iki kär hem binalaryň girelgesinde durýan adamlary aňlatsa-da, olaryň wezipeleri birneme tapawutlanýar.

### **Konsýerž (Консьерж)**

Bu söz fransuz dilinden gelip çykyp, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýa-da myhmanhanalarda ýaşaýjylara hyzmat edýän adamy aňladýar.

* **Türkmençesi:** Gözegçi-hyzmatçy ýa-da diňe **konsýerž** (häzirki wagtda termin hökmünde şeýle hem ulanylýar).

Diňe bir gapyny açyp-ýapman, eýsem poçtalary kabul edýär, myhmanlary garşylaýar, jaýyň arassalygyna seredýär we ýaşaýjylaryň käbir meselelerini çözmäge kömek edýär.

### **Wahter (Вахтер)**

Bu has köp edara-kärhanalarda, umumy ýaşaýyş jaýlarynda (obşisite) ýa-da zawodlarda girelgä gözegçilik edýän adamdyr.

* **Türkmençesi:** **Gözegçi**, **Gapyçy** ýa-da **Garawul**.

Esasy wezipesi — nätanyş adamlary göýbermezlik, gelýän-gidýänleri hasaba almak we tertip-düzgüne seretmek.

Konsýerže görä hyzmat ediş tertibi ana şeýleräk.

"Wahta usuly" diýilýän iş görnüşi, işçiniň hemişelik ýaşaýan ýerinden uzakda, ýörite gurlan şäherjiklerde ýaşap işlemegini aňladýar. Esasan nebit-gaz, gurluşyk we magdan pudaklarynda ulanulýar.

Wahtanyň wagty kärhananyň düzgünnamasyna baglydyr. Iň köp ýaýran tertipler:

* **15/15:** 15 gün iş, 15 gün dynç alyş.

* **30/30 (ýa-da 1 aý/1 aý):** 1 aý iş, 1 aý dynç alyş.

* **2 aý iş / 1 aý dynç:** Has uzak ýerlerde şeýle tertip hem bolup bilýär.


Wahtada iş gününiň dowamlylygy adatça 10-12 sagat bolýar. Iş beriji işçini iýmit, ýatmaga ýer we ýol kireýi bilen üpjün edýär.

"Kwartal" sözi latyn dilinden gelip, "dörtden bir" diýmekdir. Ýylyň dörtden bir bölegini aňladýar.

* **Türkmençesi:** **Çärýek**.
* **Wagty:** 1 kwartal (çärýek) **3 aýdan** ybaratdyr. Ýylda 4 sany kwartal bar:
1. **I kwartal:** Ýanwar, Fewral, Mart.
2. **II kwartal:** Aprel, Maý, Iýun.
3. **III kwartal:** Iýul, Awgust, Sentyabr.
4. **IV kwartal:** Oktýabr, Noýabr, Dekabr.


Özümiziňki
IDEALLIDER2  (01.01.2026 / 10:50) 

Fantom, onda tm edaralar biraz nädogry adalga ulanypdyrlar. Aslyn onda kinsierž ekeni.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hudaýsyzlar (bolan waka ) 1- nji bölumi


Dowamyny okajak...dowamy...

Goşgy_1


Jana❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Zinnush (Şugün, 05:28)

Dünye


Gowy goşgy eken welin.. " pişini" diýeni nämekä?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dünye
Orazjan (Düýn, 19:57)

Maňa sabyr ber Allam!!!


" Sabyr soňy salamat."...dowamy...
Erkin mowzuklar | Maňa sabyr ber Allam!!!
Orazjan (Düýn, 19:46)

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm


вахей...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 7-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 23:58)

JESET OGRUSY. 6-nji bölüm


ызны хачан гойжак...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 6-nji bölüm
Ейжежик (16.06.2026 / 22:41)

Goşgy_1


👍gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Goşgy_1
Aixcam_nx (16.06.2026 / 14:49)

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


Şasenemiň ejesi näme üçin söýgi ýok diýip Garyp çagaň ýüzüne mälçilledip urýaka? Bu ýazylan aýdylanlardan hawary ýokdumyka o bendäň çagasy...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


33💓 Dogry shy...dowamy...
Tanyşlyklar | IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.
афганка (16.06.2026 / 12:05)

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


Soýgi näme iahlesinäý erkekdowon...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->