“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Hep o kiramadigimiz insanlar hizi param parca etti

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 8-nji bölüm.
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 28.12.2025 / 20:01

Gül ýetişmänkä-açylmanka... 8-nji bölüm.

...- Doglan günüň... Leýli... Maşynyň bilen toýuňa gelip, agşam doňuzlyk edeniň. Oýandyňmy? - diýip gaşlaryny çytyp gaharly gürläp pyçagy damaga has-da beter gysdy, belki bir damar tas-kesilendir. Bereket gaty arkaýynlyk bilen:
- Namyssyz gyz üçin 25-ýyl alyp basylanyňa degýämi?
+ Gapyl doňuz. Ol gyz bilen näme eden bolsaň saýra, ýogsada iň soňky gezek dem alyşyň bolar, ýa-da demiňi täze açylan bokurdakdan almaly bolarsyň. - diýip Sapa beter pyçagy gysdy. Berekediň hamy kesilendir. Şondada ýatan ýerinden arkaýynlykdaky Bereket:
- Bolýa. Men ähli zady isleýşiňçe aýdaýyn. Üsdüňden arzada ýazmaryn. Pyçagyňy aýyr, düşünşeli. Barybir seň eliňde pyçak bar. Islendik wagty isläniňi edip bilýäň ahyry. - diýeninde Sapa gowşanýaly boldy. Sapanyň niýeti Berekediň eden günäsini boýnuna aldyryp, diktafonyna ýazdyrmak. Şeýle niýeti bolansoň Sapa ýuwaşlyk bilen yza çekilip, Berekediň aýak-ujunda spalnyda oturdy. Bereket bolsa "Hm" edip çalaja gülüp gürrüňe başlady:
- Daş töweregiňe seret, bet garnitur, soňky çykan kino-teatr, suratlar, skulpturalar, elitni 5 komnat jaý. Innem hol kamod-aýnaň öňüne seret, näçe sany maşyn açar bar!? Isleseň BMW, isleseň Mercedes, isleseň ýene başga görnüşleri...- diýeninde Sapa ýuwaşlyk bilen daş-töweregine göz aýlady. Dogurdanam, mebeller dubaýyň halifleriniň mebeli ýaly, telewizor bütin stenany tutýar, kaşaň-kaşaň suratlar, palma, statuetkalar. Kamod-aýnanyň öňünde bolsa köp-maşynyň açarlary bardy. Ol-zatlara göz aýlap bolanyndan soň Sapa ýene Berekede dikanlady. Bereket bolsa dünýeden-doýan dek:
- A inni meselem getireli. Men maşynly, birdäääääl köp maşynly, elitkaly, özüm görşüň ýaly owadan. Onsaň maňa haýsy gyz "Ýok" diýer!?
+ Deýýus sen ony zorlapsyň...
- Bolýa, bolýa. Men düşündireýin. - diýip Bereket ýatan ýerinden oturup düşündirmäge başlady:
- Men şol gün doglan günümdäldi, abyçny keýp edýän günümdi. Neşe başga zatlardan gaty doýdum. Maňa inni beýle keýp gerekdäl. Onsaň betje maşynymy alyp köçä çykdym. Görsem öňümden betje GYZ. Tanadymam. Klasdaşym Leýli. Aýýý okuwdada ýeňlesje gezensoň "Gel şuň taryna kakyp göräýeýin, belki razy bolar" diýip bardym. Salamlaşdymda bahana bilen öýe alyp gaýtjak boldum. Onsaň sen aýtsana, asylly gyz nätanyş maşyna münermi? Howwa men klasdaşy, ýöne oglan bilen gyz maşynda ýeke... Bir-hilidälmi!? Howwa müner eger Mercedes bolsa müner nämçün münmesin. Temwole pulluja, baýja, elitkalyja oglanyňka kaneşna müner. Onsaň ony öýe getirdim. Gapydan gireniňde sen pikir edersiňä "Toýda diňe gyzlar oglanlar bar, garrylar we çagalar ýok, diýmek bu toýdälde klub ýada keýphana" diýip. Dogrydälmi!? Olam gördä şu klubymda diňe oglan-gyzlaryň barlygyny. Çagalaram ýok, garrylaramýok, diňe gyzlar-oglanlar. Seň özüň birzat içeniňde nämedigini bilersiňä, oňada kola garyp arak berdim. Içdi. Onsaň men ony... Aý şol iş boldydaraý karoçe... Şonda men seniň iki-satanyň arasyna gowy edip depsem, ýa-da seni dişlesem, dişläp bir ýeriň etini goparyp alsam sen menden gaçyp gidersiňä!? Şeýlemi? A ol nämçün etmedi???.. Sebäbi gelin bolmak isledi, ol işi oň özi isledi, boýnumdan asylmak oň arzuwy. Ol başda maşyna münmän öýlerine gidip bilýärdi, bolýa keýphanama geldi, klubdygyny görüp ýene öýüne gaýdyp bilýärdi, bolýa arak içenden soňam ýene gaýdyp bilýädi, nämçün gaýtmady??? Men işimi bitirenimden soň men gorkup onyň sumkasyna 1000$ saldym. Olam üns bermediksirän boldy. Närza bolsa puly zyňyp giderdi, almazdydahow künti bolmasa. Ol işini etdi, men hakyny töledim. Ol razy bolansoň sesini çykarmady. Onsaň ýene, sen pikir edipgör, şol işden soň arkaýyn ýöräp-bolarmy? A ol gyzamdäl eken, ylgapjyk gidiberdi. Aglansyrap. Soňam jogabam bolmady. Menä 1000$ razy bolandyr öýtdüm. Ine bar bolanzat. Sen ilki hereket etmänkäň ondanam sorapgör. Soň islänwagtyň men bärde. Menem gutarandäl, bir ar-namysly, asylly-edepli gyzy şeýderýaly. Emma tanamaýan maşynyna münen, klub-keýphana gelen, aragy bilmediksirän bolup içen, pul-hakyny alan, soňam namysyny gorap bilmän pula satypýören gyza-ha bagşlaweli, EDEPLI GYZ diýip bolanok. - diýip Bereket ellerini ýeňsesine geçirip, gerinýändek arkaýyn arkanlygyna ýatdy. Sapa beter ünjä batyp, ýerinden turup Berekede hiçzat etmän, hatda hiçzat diýmänem, jaýdan çykyp Leýliniň ýanyna ylgady...

8-nji bölümiň soňy

Awtory: IDEALLIDER.


119

10

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 29.12.2025 / 23:46

+0

Waýeý towa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->