Basmacy [off]
Şugün, 08:17
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Uklap bileňokmy? Onda eliňe kitap al. 3 sahypa oka. 3 sahypada çiläň açylýar (bellisi bolýar). Ýa-ha, dowam edersiň (gyzygyp), ýa-da pallap başlarsyň we geçip ýatarsyň... iki ýagdaýda-da sen ýeňersiň. Uklasaňam seňki plyus, okasaňam. Uklamak - eýýäm 1nji täsiri. Uklan ýeriňe çenli alan maglumatyň peýda getirdigi şol... hahaha
(Gülküli, emma barlap görüň)
Bir abzasda eýýäm aýdyp gutardym. Jemläýsemem bolýa indi şutaýda....
Ýok-how, üns çekjek boldum. Adamyň başdaky 5 sekunt beýnisini aldap bilseň, yzy ýöräp gidýän ekeni. Psihologiya diýilýä muňa. TikTok algoritmi hem şular ýaly işleýän eken.
Mowzuk indi başlaýa....
KITAPHONLYK
"Kitap okaň;
Kitap okamak gowy;
Kitap okamasaň tupoý bolarsyň;
Meşhur şahsyýetleriň kitap hakynda aýdanlary;" - diýen ýalak lenji çykan sözler bilen başlamakçy däl. Umuman mowzugyň maksadam ol däl. Diňe pikirlerimi aýtmakçy. Has aşagrakda bolsa "höwesjeňler" we kitap okamaklygy gereksiz pişe hasap edýänler üçin käbir punktlaram belläp geçjek.
Bir filosofyň sözi bar: "Adam 15 ýaşyna çenli 500 sany kitap okamalydyr. Ana şol adam bilen gorkman diskusiya girip bolar" diýipdir. Gowy tejribe. Özüm-ä şumat oturyp, 15 ýaşymy ýatlajak bolýan. Näçe kitap okadymkam? Kitap nire.. şol ýaşda ýeketäk ýadymda galan zat Edebiýat dersindäki Hajy Ysmaýylowyň "Iki atanyň bir ogly: Mikola Galpakly"-dan başga zat hakydama gelmedi şumat.
KITAP NÄME WE ONY NÄME ÜÇIN OKAMALY
Kitap siziň garnyňyzy doýura-ra diýip biljekdäl byraderler.
Kitabyň hakyky manysy - adama özüni özüne tanadýar. Ine şuňa ykrar men. Barybir okaýan adamda maglumat jemlenýär, özüne özi daşdan seretmäne, baha bermäne akyly çatýar. Dogry, kitap agzyňa söz salyp bermez, emma uklap galan beýni kletgalaryňy açýar.
Gepiň gysgasy: Maglumat alýan adam pikirlenmäne mejbur bolýar, pikirlenýän adamam hökman sözleşýär.
Ana ondan soň özüňe näme gerekligine düşünýäň. Kitabyň wezipesi ana şol ýerde gutarýar. Gruby aýdaňda kitap seniň syrtyňy diwandan galdyryp berýär. Indi özüň başga agzalaryňam işe salmaly bolýaň. (Iş, okuw, endik, saglyk, sport)
Kitap okamaklyk baýlyk getirip bilermi?
Maddy baýamaklyga ýardam bermez, emma, kitap okamazlyk magnawy garyplaşmaga getirip biler...
GEŇ-TAŇLYK
Umuman, biziň jemgyýetimizde känbir kitaba we kitaphonlyga gowy nazar bilen seretmek şekillenmedik öýdýän.
Janly mysallary getireýin...
1. Kitaba ilki gyzygan döwürlem telefonda pdf kitaplar köp okalansoň, gözüme haýpym gelip, G.Ezizow adyndaky kitaphana gatnap başladym. Her gezek 2-3 kitap alyp gaýdardym we öýe ýetmäne howlugyp, duralgada awtobusa garaşýakam we awtobusa münemsoň öý aralyga çenli, içimi bijikläp, kanagat edip bilmän kitaby sumkamdan çykaryp, içlerini agdaryşdyryp görerdim, iň bolmanda mazmunyny okardym. Käwagt kitaba gümra bolup, garaşyp duran awtobusymyň duralga geleneni we ugranyny görmän galan gezeklerimem bar. Diýjek bolýanym, duralgada wagtymam, awtobusyň içinde-de adamlaryň geň galyp seredişleri, "bu döwürde-de kitap okap ýören bar ekenow" diýen manydaky bakyşlaryny görsem, utanyp kitaby ýene sumkama salardym...
Nätjek, menem türkmendä "iller näme diýerkä" diýen stereotip'dan halas boljak gümanyň ýok...
2. Edarada-kärhanalarda işleýänler, onda-da ofisny işde işleýänler bilýändir. Iş aralygynda, obet mahallary, käwagtam işsizlikden kelläňe, gözüňe dynç bermek üçin kompyuterde wideo oýunlaryny oýnamak ýa-da kino-seriallara tomaşa edilýär. Wideo oýunlary men-ä öýde-de oýnap ýöremsoň ol zatlardan bizarym çykyp giden. Kino-serialam göremok. Onsaň elime kitap alýan. Döwürleýin neşirler, kanun-kodeksler, hünäriňe degişli ylmy gollanmalar we.ş.m kitapçalar el aşagynda durýar. Diýjek bolýanym, kitap-žurnal okap otursaň, işdeşleriň ýa-da ýolbaşçy düzümindäkileriň biri göräýse hökman ters düşüner. "Kitap okamana eli degýän bolsa etmäne işi ýokdur" diýer. Emma, kompda horjundan kino görüp otursaň adaty zat ýaly gararlar, özem gelip ýanyňda oturyp bile görer. Fleşkada görýän bolsaň "maňada geçirip bersene" diýer. Hiç kim geňlemez. Emma, ýokarda aýdyşym ýaly kitap-žurnala dümtünip otursaň, gelip iş buýrup gider. Hiç kim sagdyn akyl bilen garamaz. "Şu iş başagaýlygynda-da öz hünär derejesini ýokarlandyrmana wagt aýyrýar, öz ruhy baýlygynyň aladasyny edýär, wagtyny peýdaly we önjeýli geçirýär" diýmez. Eger-eger pikirinede gelmez...
SENIŇ IKILIKÇI TANYŞYŇ...
Ikilikçileň üstünligi...
Tanyş sözler gerek?
Köp ýerlerde okumyşlylaň, diplomlylaň gürrüňi edilse, içinde biri nalap başlaýandyr "ana meniň-ä bir 2-likçi klasdaşym bardy. Mekdebem zordan gutardy. Diplomam ýok şonuň. Emma hususy bir ýerde başlyk bolup otyr. Elinde 20-30 sany işgäri bar" diýilýändir. Meňem tanyşlam bar olar ýaly. "Mekdebe altynjy-otduh gün gatnanlar" diýýän men-ä olara. Emma takdyr takazasy bilen, bir hünäri ele alyp, 2-den 4 ýasamany öwrenen, ykbaly gowuşan oglanlar olar.
Emma bu gürrüňler "okamazlyga", "okuwdan peýda ýoklugyna" mysal bolup bilmeýär. Bu geplere aldanmaň.
Mysal getireýin...
1. Beýle bagty çüwenler köp bolonok, hemme "ikilikçileň" hususy biznesi ýok. Okamadyklaryň aglabasy hojalyk bölümlerinde, firmalarda, taksi parklarda, söwda nokatlarynda, umuman, fiziki güýjüň gerek ýerlerinde ykbalyny baglaýarlar.
(Beýle diýmek bilen, ol kärdäkileriň üstünden gülünjek bolunanok. Ylym almak ynsanyň borjulygyny aýdyljak bolunýar.)
2. "Ikilikçi" hususyýetçiniň elinde barybir okumyşly hünärmenler işleýär. Ikilikçiň elinde öz ikilikçi tanyşlary, doslary işlänok. Ofisny adminstrasiýanyň, umuman dolandyryş düzüminiň hemmesi ýokary bilimli hünärmenler.
3. Eger "ikilikçi" hususyýetçi öz üstünde işläp durmasa, öz şahsy brendini ýitirmegi mümkin. Bäsdeşlerinden ýeňilip, bazardaky islegi kanagatlandyryp bilmän, öz-özi oýundan çykmagy we batyp galmagy mümkin. Onuň üçin hususyýetçi näme etmeli? Elbetde, täzeçillikleri girizmeli, döwrebap enjamlardan baş çykarýan hünärmenleri getirmeli. Barybir ylyma-bilime, tehnologiýa ýüzlenmese, özi okamasa we okaýanlaryň maslahatyny almasa başga alajy ýok.
4. We ýokardaky prosesleri başdan geçiren "ikilikçi" başlyk "biz-ä okap bilmedik, sen bir oka" diýip, öz ogul-gyzyny ýokary okuw jaýyna salýar. Giç hem bolsa "ylymsyzlygyň" erbetligine düşünýär =D
.....
Taak, indi bu bölümi jemleýäs. Mundan aşakgy bölümlerde "okamaklyk" diýilende diňe çeper eserleri däl, haýsy okaýyş usulynda peýdalanyp bilinjegi (özüňe haýsy amatly bolsa), sowatsyzlygyň köp ýerlerde ýüzüňi gyzardyjy we käbir oňaýsyzklara getirip bilinjegi hakynda gysga pikirlerimi aýdyp geçjek....
___________________
Kitap okyjylara gollanma we gerekli punktlar...
1. Okamak (elektronny)
Häzirki wagtda smartfonlar biziň 3-nji elimiz bolup hyzmat edýär. Bedenimiziň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi diýsegem ýalňyşmarys. Telefonsyzlygy göz öňüne getirmek mümkin däl. Hat-da biziň kitap okamaýanlygymyzy hem şu telefonlara baglaýas. Beýle bolsa munyň çykalgasy näme?! Eýsem telefonda-da kitap okap bolýar ahyryn. Bahana ýok. Haýsy dilde gerek diýseň, mugt PDF kitap goýulýan saýtlaryň hetdi-hasaby ýok şu döwürde.
Ýadyma düşýär, 1nji gezek Elif Şafagyň "Yşk" romanyny okanym. 600 sahypadan gowrak. Gyzygyp 1 sutgada okap gutardym. Iki gözüm guduzlan itiň gözi ýaly çym-gyzyl bolup gitdi.
Muny diňe mysal getirýän, beýtmekligi hiç kime maslahat beremok. Emma ol kitabyň kagyz görnüşi ýokdy. Ýok bolsa şeýdip okamaly bolýada. Alaç ýok.
*****
2. Ynanç
Ynanç meniň iň näzik meselelerimiň biri.
Öz diniňizi pugta öwrensiňiz, tutuşlygyna ylyma we ylym almaklyga ündelen. Kuranyň ilkinji kelamy "Oka" diýip başlanmagy, "Bilýänler bilen bilmeýänler deň bolarmy" diýen ýaly aýatlary we Serwerimiziň "Siziň iň ýagşylaryňyz Kurany öwrenen we öwredenleriňizdir" , "Alym bol, ýa talyp bol, ýa-da diňleýji. Juda bolmasa ylymy söýüji bol! Bäşinji (ylmy duşman görýän) bolmakdan saklan. Heläk bolarsyň!" diýen hadyslary muňa aýdyň mysal bolup biler.
Bedr söweşini ýatlaň! Söweşde ýesir düşen duşmanlaryň içinden hat-sowat bilýänleri bar bolsa (häzirki dilde mugallym), sahabalara we olaryň çagalaryna ýazyp-pozmany we harp tanamany öwretmekligiň öwezine ýesirlikden boşadyljakdygy hakynda eden şertleşigini nazarda tutsaň, ylym - musulmançylykda iň uly parzlygyna düşünse bolýar.
Emma, gynansagam muňa düşünýän juda azçylyk.
Ybadatlaryňdan lezzet almak üçin, kämil bolmagy üçin, edýän ybadatlaryň (parz, sünnet, wajyplaryň) hökman ylymyny bilmeli... Olary bilmesizligiň, umuman dini sowatsyzlygyň berýän utanjyny aşakdaky 2 sany "bolan waka" bilen jemlemekçi.
...Geçen ýyl bir hajy enemiziň aýdany ýadyma düşýär: "Özüm haja gidip gelýänçäm, Mekge bilen Medinäni bir ýerdir öýdýärdim. Aslynda aýratyn şäher eken-ä olar" diýipdi. Adamlaň dilinde "Mekge-Medine" diýip gaýtalanyp ýörlensoň, köp kişi bu iki mübärek ýere bir şäherdir (ýagny, bir şäheriň adydyr) öýdýärler. Ine, okamasaňyz hajy enemiz ýaly şeýle oňaýsyz ýagdaýa köp düşmek ähtimallygyňyz bar ;)
Ýa-da
Bir tanyş garyndaş gyzymyzyň 10 ýyl-a golaý namazlaryny azan, kamat gygyryp okanlygyny bilenimde ŞOK bolupdym =D
Şol güne çenli ne bir ýerden görüpdir, ne eşdipdir, ne jemagata barypdyr. Şol ýalňyşy düzedäýjek pursadyň ýa adamyň sataşmanlygyna men çyndanam geň galdym. "Sen beýdilýänini nirede gördüň" diýip soranymda "obamyzda plany daýza bar, men şondan öwrendim, ol hem şeýdip okaýan ekeni" diýdi...
Men oňa "aýal-gyzlaryň azan, kamat aýtmaýanlygyny" düşündirdim welin, barybir bir zada göz ýetirdim. Ylymsyzlyk (ylymsyz kişi) özünem we başgalaram şeýdip heläk edýär...!
*****
3. Medeniýet we habarlar
Döwrebaplyk diýip nämä düşünýäňiz???
Meň özüm-ä döwrebaplyk diýip - dünýägaraýşa düşünýän. Döwrebap ýaşamak üçin dünýägaraýşyň giň bolmaly. Dünýägaraýşyňy giňeltmek üçin hem - dünýädäki her bir medeni, aň-bilim, sport we syýasy wakalardan habarly bolup durmaly.
Bumat bütin Ýer şary "bir oba öwrüldi" diýsegem ýalňyş bolmaz, sebäbi dünýäniň ol burçundaky täzeligi, dünýäniň beýleki burçyndaky adam sanlyja minutlaryň içinde habarly bolup bilýär we şoňa öz pikirini bildirip bilýär. Sosialny set - biziň uzagymyzy ýakyn etdi. Gözümiziň öňüne getirdi.
Haýsydyr bir türk aktýorynyň çagasynyň özündenmi ýa dälmidigi, oýnaşy bilen tutulandygy hakyndaky tutaryksyz wakalary yzarlanyňdan ýa-da haýsydyr bir türk aktrisasynyň shopping täzeliklerini okanyňdan (peýda getirenok), öz ýaşaýan älemiňdäki, öz ýaşaýan dünýäňdäki has möhüm wakalary okanyň peýdalyrakdyr.
*****
4. Kanunçylyk
"Her kim öz hukugyny bilmeli" diýip akyl paýlap oturjakdäl =D
Ýöne her bir Türkmenistanyň raýaty "Konstitusiýany" , "Raýat kodeksini" , "Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi" , "Zähmet kodeksini" we başgada öz speslerine degişli kanun-kodeksleri bilmegi wajyp hasap edýän. Bilmek diýilende olary ýekeme-ýeke ýat tutmak hakynda aýdylanok, arasynda göz gezdirip, esasy we möhüm maddalary özüňe bellik edip, umuman, hukuky sowatlylygyňy näme edeňde aşyryp bolýan bolsa aşyrmaly.
Mysal üçin:
Konstitusiýa - baş kanunymyz bolmak bilen, gaty sada dilde we düşnükli edilip ýazylan.
Raýat kodeksi - Her bir T-nyň raýatynyň ýurduň içinde we daşyndaky hukuklary, biziň howpsyzlygymyza kepillikler, nika meseleleri, tebigy baýlyklardan nä mukdarda peýdalanyp bilijiligimiz we.ş.m gyzykly zatlar bellenip geçilýär.
Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi (gysgaça ADM) - nämeleriň bidüzgünçilik hasaplanýanlygy we hasaplanmaýanlygy we olaryň jerimelerine çenli aýdylyp geçilen. Şunyň käbir böleklerini ýat tutsaňyzam ökünmeýäňiz. Meň özüme köp ýerde peýdasy degdi.
Zähmet kodeksi - bu kodeksi eýeçiligiň haýsy görnüşine garamazdan her bir fiziki şahsyň öwrenmekligi şert. Iş berijiden gör-ä, işleýäniň hukuky ýeňillikleri has köp ekeni. Okap görseňiz sizem göz ýetirersiňiz. Bize diňe talap edäýmek galýar.
*****
5. Güýmenje
Kitap, umuman, okamak - wagtyňy iň rahat geçirýän zatdyr.
a) Hiç zat okamaýan adama her gün 5 sahypajyk bolsada okamak maslahat berilýär. Ana şonda 1 aýda (30×5) 150 sahypa, bir ýylda (365×5) 1825 sahypa okadygyňyz bolýar. Ortaça 250-300 sahypalyk kitaplardan 7-8 sanysyny okap bilýäňiz bir ýylda. Hiç zat okamaýan adama bu gaty uly netije.
b) Emma, dowamly okaýanlara dünýäde iň meşhur "pomidor" usuly bar. Ýagny, 25 minut okaýaň (taýmer düzüp) we 5 minut dynç alýaň. Şeýdip 1 sagatda 2 seans gaýtalap bolýar. Netijesem gowy.
ç) Ýene bir okaýyş usulyny maslahat bersem, bir kitaby dowamly okamakdan ýadaryn öýtseňiz, bir wagtyň özünde 2 kitaby deňlikde okaň. Ýagny, 20 minut taýmer düzip bir kitaby okaýaňyz, wagt gutaransoň ol kitaby ýapyp, beýleki kitaba geçýäňiz. Ony hem 20 min okap, ýene 1nji kitaba dolanýaňyz. Ine şu şekilde okaýaňyz. "Beýdip okasam wakalaryň yzygiderligi üzülip, bulam-bujar bolmazmy" diýmegiňiz mümkin. Ýok bolonok. Öýdäki işleriň bilen, işdäki işleriň bulam-bujar bolmaýşy ýaly, bularam garyşmaýar.
*****
6. Ýazmak
Ýokarda aýdyşym ýaly häzirki innowasiya asyrynda hemme zady oňaýly gadjetler b.n dolandyrýas. Elimizde telefon, öýümizde tehnika, işimizde kompyuter we.ş.m
Hemme resminalar, hasaplaşyklar, hat alyşyp-berişmeler elektron usulynda amala aşyrylýar. Gysga bellikler, gol çekmek we.ş.m bolaýmasa, degerli elde hiç zat ýazylmaýar. Ýadyma düşýär, el ýazuwynda uzynyrak bir zat ýazmaly bolanymda öz poçerkimden özüm gorkup gitdim. Elden çykyp gidipdir. Ýazyp ýörmeseň ukypsyz bolup gidýän ekeniň.
Şeýle nogsanlygymy aradan aýyrmak üçin we umumy bellikler üçin 2 sany blaknot ýöretmegi makul bildim. 1-njisine kitaplardaky özüme ýaran jümleleri göçürmek üçin, 2-njisine öz şahsy belliklerimi ýazmak üçin. We şu endigimi her gün bolmasada, günaşa ýerine ýetirýän. Poçerkim onça-munça öňki durkuna geldi.
Bir okda iki towşan awlamak diýseňem bolýar. Blaknot ýöretseňiz alan bilimiňiz sizde hemişelik galar we meniň ýaly ýazuwlary elden çykyp gidenlere gowy başlangyç.
*****
7. Audio kitap
Bu hem kitap okamagyň gyzykly we netijeli usuly. Nauşnigiňiz bolsa bes. Garaşylýan ýerlerde, uzak transport ulaglarynda, agşamky progulkalarda peýdalanmak has hem oňaýly.
Köçede hemme gulagy nauşniklilere aýdym diňleýändir diýip pikir etmäň. Audio sapaklar, kitaplar, podkastlar diňleýänlerem kän.
Kagyz kitaplaryň hemmesi tapdyryp durmansoň we dowamly pdf okamana gözüme rehmim gelensoň, häzirki alýan maglumatlarymyň 50%-i audio formatda kabul edýän.
Öňem aýdypdym, bir kursdaşym bardy, 5 min wagt tapsa gulagyna nauşnik dykyp derrew bir zatlar diňläp başlardy. Bizem ilkiler aýdym, klip diňleýändir öýderdik. Akazytsa iňlis diliniň off'laýyn sapaklaryny diňleýän ekeni we şeýdip 1-1,5 ýylyň içinde özbaşdak iňlis dilini özleşdirdi.
*****
8. Dil
Bu bölümde "dil öwrenmeklige" urgy bermekçi däl. Başga dillerde köp kitap okamaklygyň (eger öz ene diliň üstünde işläp durmasaň) soňabaka "bulamyk" bolýanlygyny analiz edip görjek.
Köpümiz bilýäs gürläninde, ýazanynda gepiň arasyna orsça, türkçe, iňlisçe söz goşýanlar bolýar. Biz pikir edýäs "beýbäää, bet gürleýäraý orsçanam bilýän ekeni" diýip geň galýas. Beýle gürleýänleň köpüsi türkmençe söz gorunyň pesligi sebäpli şeýle edýär.
Gapdalymda biri türk kino görýän bolsa, men hem türkçe düşünmeýän bolsam, käbir dialoglary ýanymdakydan soraýan: "näme diýdaý ýaňy" diýsem, terjimesini ýadyna düşürjek bolup ýa-da kellesinde sözleri jemläp bilmän kösenip durandyr. Soňam manysyz bakyşy bilen "özüm düşünýän, ýöne düşündirip bilemok" diýer. Ine şu ýagdaý, başga dillerde köp okamaklygyň we köp kino-seriallara tomaşa etmegiň netijesi. "Näme onda görmeli dälmi" diýjeklere, beýle düşünmäň, öz ene diliňizde-de köp şugullanyp durmaly. Okamaly, öwrenmeli. Ana şonda öz diliňizi unutmarsyňyz we gepiňizi aňsat düşündirip bilersiňiz.
Bir dilde köp sözleşmek, okamak, diňlemek, soňabaka şol halkyň wekilleri ýaly özüňi alyp baryp başlaýaň, şol dilde pikirlenip başlaýaň. Ýuwaş-ýuwaş öz diliňi unudýaň we gürlejek bolsaň diliň çeýnelip durandyr. Bu elbetde pajygaly.
Bir ýazyjynyň aýdany ýadyma düşýär: "Başarsaň hemme eserleriň orginalyny okanyň gowudyr. Başga dillerden terjime edýän ýazyjynyň birinjiden-ä özüniň düşüniş derejesi we soňra terjimeçilik ukyby esasynda kitabyň asyl manysy barybir gowşaýar" diýipdi.
*****
9. Taryh
Taryhdaky şahsyýetleriň bize ýetirmekçi bolan seslerini, ruhy öwütlerini biz esasan taryhy kitaplar arkaly öwrenýäs.
Taryhyňy aýyryp, barsyny täzeden başlamaly bolsa, adamyň bir ömri şu gazanan zatlaryna ýetmezdi.
Taryhy hatalary tekrarlamazlyk üçin;
Näme etmelidigini däl-de, näme etmeli däldigini öwrenmek üçin taryhy öwrenýäs;
Ýöne özüm-ä taryhy öwreniş mahalynda gury san-seneleri, ýert-ýurt atlaryny ýat tutmaklygyň tarapdary däl. Bizde esasan şuňa urgy berilýär. Ýat tutdurylýany üçin, şol durşuna ýyllar soňra ýatdan çykyp gidýär.
Esasan taryhy kyssalary, taryhy şahsyýetleriň ijtimagy gelip çykyşyny (durmuşy, dolandyryşy, döwlet gurluşy, ýörüşleri, diplomatiýasy, söweşleri) köpüräk öwrenmeli we netije çykarmalymyka diýýän...
SÖZSOŇY...
Kitap okamaýanlar akmag-a diýmäýin, ýöne gaty howply adamlar...
©Mark_Twen
IŞIŇIZDE, DURMUŞYŇYZDA ÜSTÜNLIK ARZUW EDÝÄN.
22 |
9 |
3 |
5 |
0 |
0 |
1 |
Basmacy [off]
Biziň azap çekmedik zadymyz, biziňki däldir...
Şugün, 08:18
+0
Ine şeýdip açylýa ýylyň byrynjy mowzugy...
Kitaphonlykdan başladym
Fantom [2m]
Şugün, 08:56
+0
Gowy bolupdyr. Ýöne meň özümä kagyz kitap okap bilmämsoň elektron okamaly bolýan. Häzir telefondyr kompýuterlerde şeýle gowy seslendirjiler bar welin, edil adam okap oturan ýaly.
Kino görilýäniniň sebäbi menä hemme zady taýynlap çeýnäp diňe ýuwydaýmaly edip goýulýandanmyka diýän. A kitaplarda bolsa fantazýaňy işletmeli bolýaň. Buňa mysal edip siziň arada goýan: Dyýnç gününiň başagaýlygyny alyp görkezse bolar. Eger şony kino düşiren bolsaňyz, şo gyzyň ýaşaýan jaýyny diwarlarny, aboýlarnyň reňkini podýezy, türgenneşik ploşatkasyny görkezmeli bolardyňyz. A Indi siziň ýazanyňyzy okap bolsa, öz fantazýaňy işledip, şo zatlary gözegiňe getirmeli, pikirleňde jandandyrmaly bolýar. Ol ýetginjek gyzyň keşbini, saçlaryny, ýüzindäki aladany, garaz kän zady özüň oýlamaly bolýar içiňden. Men şonda daş-töwerek barada goýsaňyz diýip şondan aýtdym.
Hooop. Indi Psihol
Gül ýetişmänkä-açylmanka... 7-nji bölüm.
Bu iki kär hem binalaryň girelgesinde durýan adamlary aňlatsa-da, olaryň wezipeleri birneme tapawutlanýar. ### **Konsýerž (Консьерж)** Bu söz f...dowamy...
Okamak - uklamagyň iň aňsat usuly ;)
Gowy bolupdyr. Ýöne meň özümä kagyz kitap okap bilmämsoň elektron okamaly bolýan. Häzir telefondyr kompýuterlerde şeýle gowy seslendirjiler bar w...dowamy...
Okamak - uklamagyň iň aňsat usuly ;)
Ine şeýdip açylýa ýylyň byrynjy mowzugy... Kitaphonlykdan başladym...dowamy...
Ýylyň ilkinji mowzugy
@Belki özüñ bir gowja mowzuk açsana Mahym yada taze ýyla degisli goşgularyñy paýlaş.....dowamy...
Ýylyň ilkinji mowzugy
Yylyn ilkinji mowzugynyn seyle bimanydygy gynandyryjy . Yylymyz bimany gecjekmika ya?!...dowamy...