Ýürekdeş sözler!
Satyn alynan bir sagatlyk wagt
TäzejeYaprak [off]
01.01.2026 / 12:08
Bir adam işden ýadap öýüne gelende, bäş ýaşlyja oglunyň gapynyň agzynda özüne garaşyp duranyny gördi. Çaga kakasyndan her sagatda näçeräk gazanýandygyny sorady. Kakasy argyn göwresini diwana goýberdi-de:
– Şol zatlar seniň işiň däl-ä, oglum – diýip jogap berdi. Emma çagajyk ýeň bermän:
– Kaka jan, bilesim gelýär-dä – diýdi.
– Beýle bilesiň gelýän bolsa aýdaýyn: her sagatda ýigrimi dollar gazanýan.
Oglanjyk biraz oýurganyp durandan soň:
– Kaka jan. Onda maňa on dollar karz beräý-dä – diýip, ýadaw kakasyndan pul sorady.
Muňa kakasynyň hasam gahary gelip:
– Bolar-bolgusyz oýunlaryňa berer ýaly, mende üýşüp ýatan pul ýok! Hany derrew otagyňa git, gapynam ýap! — diýdi.
Ogly sesini çykarman otagyna gidip gapysyny ýapandan soňam kakasynyň hüňňürdisi ýatmady:
– Şu zamanaň çagalaryna düşüner ýaly däl. Çaga nädip onça puly soramaga het edip bilýärkä?!
Bir sagat töweregi wagt geçenden soň kakasy az-kem köşeşipdi. Puluň näme üçin gerekdiginem soramandygy hakda oýlandy. Oglunyň otagyna baryp, krowatynda uzanyp ýatan oglundan uklap-uklamandygyny sorady. Ogly:
– Uklamadym – diýdi. Kakasy oglundan ötünç sorady:
– Saňa gatyrak käýäýdim öýdýän oglum. Meni bagyşla! Bu gün biraz agyrrak işledim, ýadapdyryn – diýip, elindäki puly uzatdy. – Al oglum, on dollaryňy!
Muny eşiden oglanjyk tarsa ýerinden turdy-da, kakasyna sagbolsun aýtdy:
– Sag bol, kaka jan!
Şondan soň ol ýassygynyň astyndan eplem-eplem ownuk pullaryny çykardy. Elindäkisini hem üstüne goşup, pullaryny sanamaga durdy. Oglunyň bu hereketini gören kakasy ýene-de gaharlanjak boldy:
– Puluň barka, näme üçin ýene pul soraýaň?! Seniň biderek oýunlaryňa berere pulum ýok diýip ýaňy aýtdym-a saňa!
Çaga kakasynyň käýemesine üns bermedi. Ol:
– Ýöne meniň pulum ýeterlik däldi-dä! Indi jemläp bildim – diýdi-de, elindäki pullaryny kakasyna uzatdy:
– Kaka, ine saňa ýigrimi dollar! Indi meniň bilen oýnamaga bir sagadyňy aýryp bilýäňmi?
146 |
21 |
6 |
6 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
TäzejeNikli [off]
01.01.2026 / 12:12
+0
Hekaya gowy emma adyny yerlikli ulanmansyn dogrysy
TäzejeYaprak (01.01.2026 / 12:22)
Nikli, ady nahili bolanda onat bolardy maslahat berseniz minnetdar bolardym
rexha [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
01.01.2026 / 12:17
+1
Wouw...gaty manyly
TäzejeYaprak (01.01.2026 / 12:21)
rexha,
TäzejeYaprak (01.01.2026 / 12:21)
rexha,sag bolun
TäzejeNikli [off]
01.01.2026 / 12:27
+0
Çaga yhlasy
Kakanyñ gadry
Garaz sular yalyja bir zat diyse bolardy
Fantom [off]
Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
01.01.2026 / 16:57
+0
Buny özüňiz ýazdyňyzmy?
TäzejeYaprak (01.01.2026 / 17:14)
Fantom, Yok hekayalar toplamy kitapdan okadym tasirli manyly bolany ucin paylasmak isledim
Gowne yakar tasirli hekayany tapmak kyyn kawagt is basagaylygy bn masgalany yatdan cykaryas gysgajyk bolsada kop manysy bar
Талант [off]
Eden zadyňdan ökünme,çünki geçen geçýä sewäp synag diýilýar muňa.?!
01.01.2026 / 20:12
+0
Yene yetirip duruň üstünlik!
TäzejeYaprak (02.01.2026 / 08:44)
Талант, sag bolun minnetdar
Daniel [off]
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
01.01.2026 / 20:48
+0
Molodes! Manyly,ýetirip duruñ ýenede!
TäzejeYaprak (02.01.2026 / 08:43)
Daniel, sag bolun uns bereniniz un minnetdar
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)