Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
King-official : Uff ýadadymouu ALLa bar #eren

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Syke Däli (Däli Däde, Hiçkim) - Gapy
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 12.04.2024 / 05:25
 Durmuş doly yenil kelleden#

Garaşyan gapyňda,
Bilýäňä, dünýä ýalan ölümem hakykat
Dek gezip bolýarmy näme? Elbetde typarn
Ýeriňden turup bilseňä synanyş
Bidirme gynanç

Geçen ýyl, goşuldy ýas, aýryldy ýakynlam
Döküldi ýaş, gaýgyly hakyda
Goşuldy ýaş, aýryldym akyldan
Üýtgemedik diňe şaýatlarym egnimde otyrlar

Iki ýol bar diyýärdiler kiçiräk wagtym
Adama gowluk etseň, oň sogaby bardyr
Sabyr bilen garşy almaly ähli ajy zady
Allam, yöne käbir wakalar beter pajygaly

Has köp adam ikinji ýola çagyrýar
Meňem... daşymda ýok çaryýar
Duýgularymy gizleýän edil içaly ýaly
Çykarysda bizem otdan çala ýanyp

Toba...

Entegem garaşyan gapyňda
Adym tutulmazmyka diyip syn edýän ýakyndan
Bizi içine salmazlar jigim Arkaýyn bol
Bu gapydan girmek gaty kyndyr

Onda sen eşitmediň ol Rahym hakynda
Ondan umydy kesme
Ýüreginde iňňäniň ujy ýaly iman Tapylsa
Şolam ýeter
Içine seretdim garaňkyda umydy duran eken

"Sen nädip düşdüň bärik agam?"
"Bu ýere birje ulag getirýä olam tabyt
Wagtym barmyka diýýärdim gezip ýördüm dagap,
Hemme zatdan dadyp garyp garany aga
Garyp garasa agyp

Wagtym bilen Erjeşdim
Ajal arkamdan ýetişdi
Çukury gazdylar, biri diýdi ýerleşdir
Çaltyrak dynmak bilen boldular bary derleşip

Nähili adam diýip bilýädiňiz ýatany?!
"Gowy adamdy" diýen boldular ýaltanyp
Daşymy düzedişdirdiler daşym aýlanyp
Hemişeki ýaly herkim işine haýdady

Ýeke galdym ol garaňky jaýda
Ne äpişge bar otaýda ne bir bölek aýna
Yşyk düşenok aýdan
Sorag bilen geldiler jogabyny biläýseň
Namaz, amal, oraza, zekat ýanyma geläýse
Başujyma aýak sag soluma galkan bolaýsa
Ýatan ýerim daralmaz ýaly gorkysyz ýataýsam
Diýdiler: "Üstünden bizini aýyr,
Ýaradan kim seni, hany diniňi aýt.
Saňa gelen ilçi kim?, Kitabyň näme?,
Kyblaň haýsy tarapda?", Diýdim: "Käbe dälmi?
Ýaradan Allam, pygamberim Muhammet (s.a.w)
Dinimem yslam, ýöne özüm muhannes
Parzlary ýarym etdim, taşladym sünnet
Kitabym Kuran, oňa duýmadym muhabbet"

Çykardylar uly meýdana
Herkim üýşüp duran eken günäsini sanap
Amal depderler açylanda gutardy takat
Terezide edenlerim dur, haýsy agyr tarap?

Gorky gaplady herkimi basypdyr derim
Haýsy elime uzadylarka depderim?
Günälerim dur ähli eden geplerim
Üýşüp duran eken bir-birine seplenip

"Köprä tarap ýöräber" diýdiler ,
Gulagyma ynanmadym, umydym geldi yzyna
Gapyň bilen aramda ýekeje köpri galdy
Geçip bilýän az muny Hany senem barla..

Öňümden biri geçdi ýyldyrym bolup
Emedekläp ýykylýan bar oda kül bolup..
Görüp durn ony...

Meňem Aýagym typdy, seredýän gapyňa
Senem bizi ýatla ýatlamady diýme
Jemalyňy görjekmişin bu gapydan giren
Şugün bolmasa duşuşyk goýaweri ertire...

©Syke Däli


162

6

4

2

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 12.04.2024 / 05:41

+0

 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 12.04.2024 / 08:30

+0

 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [off]
  مفرد "أنا" ❤
 12.04.2024 / 13:33

+0

?????

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 12.04.2024 / 17:58

+0

uzok

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Şugün, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Şugün, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Şugün, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Şugün, 10:50)

Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe


Neler gördi gözüm....dowamy...
Talyplar we mugallymlar | Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
rexha (Şugün, 10:47)

С праздником! С 9 мая!


Turkmence gutla...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | С праздником! С 9 мая!
Domen (Şugün, 10:18)

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)

Muny Bilmek Gyzykly !


Indi gulmelimika?...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
Luckyboy (Şugün, 07:25)

Ýalňyş yşk-my?


Kopculikde emiship mekdepcileň kellesini bulashdyrma...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Bentner (Şugün, 07:20)

Muny Bilmek Gyzykly !


phaha...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
rexha (Şugün, 02:03)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика