“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Я делаю вид, что всё прекрасно. Умирая изнутри.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ÖZÜŇI ÖRTÄRSIŇ...
 Öwreniji
 Good [off]
 07.01.2026 / 12:55

ÖZÜŇI ÖRTÄRSIŇ...

Millionlarça adamlaryň içinde
Özüň ýalňyz duýmak...
Niçiksi agyr!
Şu gün saňa duşdum.
Hyýal göçünde,
Sen — keşbini çeken taýym-da agyn.

"Sen şolmudyň?!" diýip sorasym geldi,
Geldi ur-tut maňlaýyňdan öpesim.
Arşdan idäniňe sataşsaň ýerde,
Kesiläýýär eken demiň-nepesiň.

...Soraýmagyň ýeňil däldigi üçin,
Mydam boýny buruk sorag belgisem.
Men, barybir, ony soraman bilmen,
Her jogap ber...
Göwnüme bir degme sen.

Çünki göwnüm içre ýaşaýaň bir sen!
Özüňi örtärsiň göwnüme degseň...

Kakamyrat REJEBOW


123

16

1

3

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 07.01.2026 / 15:15

+0

"Her jogap ber..." diýlen setiriniň arasynda bir söz galaýdymyka? Kemter gelýän ýaly şojagaz ýeri.
Gowy ýazýa Kakamyrat aga.


Öwreniji
Senyorita  (07.01.2026 / 15:18) 

Gulmahrem,
Salam. Ýok, asyl bolşy şeýle.


Özümiziňki
Gulmahrem  (07.01.2026 / 15:19) 

Good, :romawki:

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->