“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
--hic-kim-- : [color=#454545] Enen atan baylygyna dalde barlygyna guwanyp yasa!!! [/color]

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Leýli-saç (+18 ýaşdan geçenleriň okamagyny haýyş edýärin)
Premium
 Perhatsabirovv [off]
 Düýn, 16:27
 Ýoldaşy Allah bolan - Ýolda galmaz...!

*Bellik - Diňe makala degişli garaýyşlaryňyzy ýada pikirleriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýärin.
Gowy eken, +++, Ýetirip dur, Haladym ýaly teswir ýazmazlygyňyzy soraýaryn.

Gülendam diýseň seýrek at, şeýle ady haýsy tire-taýpaň dakýany maňa belli däl. Gülendam atly gyz, biziň edaramizda täzelikde peýda boldy. Ýaş we owadan gyzjagaz, entek durmuşa çykmadyk. Biziň edaramyz bolsa haramlyga ýugurlan edara, biziň üstümizden haram pul köp aýlanýar. Şol sebäpden işgärlere näçe azar berseň hem, çekip çydaýarlar. Iň esasy zat haram puluň çeşmesinden kesmeseň bolýar.
Gül endam, nähili owadan at, gül bilen deňelýän beden bolmaly, eger men ol ada dogry düşünen bolsam? Men seň bedeniňe diňe şu ýylyň başynda sataşdym, emma Görogly dessanyň üsti bilen men seni 10 ýaşymdan bäri tanaýan Gülendam. Sen çyndan hem taryp edilşiň ýaly owadan, ýöne biziň aramyzda 10 ýyl ýatyr. Men senden 10 ýaş uly, men şu ýyl 33 ýaşapdym. Gynançly ýeri seň owadanlygyň seň garşyňa işleýär, eger seň arkaňda durýan hiç kim ýok bolsa? Biziň edaramyzyň däp dessury şeýle. Eger sen ýeke bolsaň seni bu ýerden gider ýaly ederler, ýa-da kimdir birniň oýnaşyna öwrürerler. Maňa welin diýseň gyzykly, seň ykbalyň haýsy tarapa öwrüler? Meň özüm welin hiç zada goşulmaly däl diýen karara geldim. Goý ähli zat öz akymna görä aksyn, nähili bolandada Älem-jahanyň öz Hökümdary bar we ähli akymlar Oňa tabyn.
Gülendamy ýuwaş ýuwaşdan gysyp başladylar, ol gyzyn howandaryny ýüze çykarmak maksady bilen, ýöne howandar hiç ýüze çykmadyk bolmaly? Soň ol gyzy açaçan kemsidip başladylar, ähli ýygnak diýilýän manysyz üýşmeklerde ol görgülini ýerinden turuzup käýediler, gygyrdylar, soňundan bolsa açaçan paýynç sözlere geçdiler. Men bolsa ähli bolýan zatlary sessizje synlaýardym. Men ol gyz haçan döwülerkä diýip garaşdym. Ýöne gyz döwülmedi, hiç kimiň oýnaşy hem bolmady, işden hem çykyp gitmedi, diýmek ähli zat dowam edýär. Haram pul aýlanýan kärhanalaryň gynansamda ýagdaýy şeýleräk. Puldan kesilmejek bolup ýaş gelinler islendik adamyň aşagyna girmäge taýyn. Onsoň biziň ýolbaşçylarymyz ähli gyzlardan şeýle herekete garaşýarlar. Bu kada kanuna näme üçindir Gülendam hiç bir ýagdaýda ornaşyp bilenokdy. Belkem ol gyz puly gowy görýän däldir, belkide ar-namysy ähli zatdan beýikde durandyr? Bilemok, dogrymy aýtsam bilesim hem gelenok, ýaňy aýdyşym ýaly men ähli zatlardan çetde durasyň gelýär.
Günleriň birinde, has dogrusy güýz paslynyň ahyrynda Gülendam karidordan aglap barýardy, ol gyz orunbasarlaryň biriniň otagyndan aglap çykypdy we hajathana tarap ugrugupdy. Belkem ýüzüni ýuwjak bolandyr, belkide köpden bäri bolmaýan iş bolandyr we ol gyz başga ýerini ýuwmaga barýandyr? Men beýle sözleri aýtmazdym welin, ýöne men bu ýagdaýa sowuk sala garamak isleýärdim. Sebäbi Hudaý meni hökman adalatsyzlyga garşy hemişe ulanýardy. Onsoň gapdalymda bolup duran ejize ganymlyga ýene meni ulaşdyrmasyn diýip, bolýan zatlary görmedik syraýardym, ýa-da ähli zady gülkä öwürmek isleýärdim. Ýöne nädip gözleriňi ýumjak diýsene? Gülendamyň aglap barýan karidory diýseň uzyndy, aýallaryň hajathanasy karidoryň aýak ujyndady. Işgärleriň ählisiniň gapysy açykdy we ähli adamlar bolýan zatdan habarlydylar, ýöne hiç kim Gülendamy köşeşdirmäge milt edip bilenokdy, her kim öz otyran ýerinden gorkýardy, hiç kim puldan kesilesi gelenokdy. Diňe men ol gyzy öz iş otagyma saldym we oturguçda oturdym. Hiç kim eşitmez ýaly gapyny ýapdym. Gyz şol gün ýaşyl köýnekdedi we öňküsinden has owadan ýaly bolup göründi. Dogrymy aýtsam men şol wagt Gülendamy zorlasym geldi, oň aglap durşy mende bir tüýsli isleg oýarýardy. Ýöne şeýle edäýsem, maňa Görogly näme diýer diýsene? Men ýerliksiz pikirleri şol bada başymdan kowdum. Ol gyzyň owadan gara saçlary bardy, saçlary bilen ýüzüni ýapyp aglap oturşy Leýli-saç agajyny ýatladýardy, ýaşyl köýnek bu keşbi hasda güýçlendirdi.

–Seni kim işe saldy Gülendam?

Men gyzdan soradym. Elbetde bu wagt beýle soraglaryň wagty däldi, ýöne gyzy biziňki ýaly edara kim salan bolsa, şol adam hem oň arkasynda durmalydy.

–Daýym saldy, ýöne ol adam eýýäm ýok. Ol ýogaldy, –gyz agyň içinden zordan jogap berdi. Gyz meň näme üçin şeýle soragy berenimi bilýärdi we öz jogaby bilen temany ýapdy.

Men bolsa gyza öňküden beter nebsim agyrdy. Ýaňkyja dörän samsyk pikirler ýürege eýýäm utanç bolup urdy. Men seni nädip indi köşeşireýin Gülendam? –Men pikirlendim.

Gapyň daşynda bolsa eýýäm aýak sesler eşdilip başlady. Kimdir biri meň otagyma girjek bolýardy, ýöne ýaýdanýardy. Iň soňunda gelinlerden biri kellesini görkezdi.

–Agyz seni başlyk çagyrýar, –Gelin gürledi.

–Baranok diýip aýdaý kim soraýaň bolsada, –men gödek jogap berdim.

Gelin sorag bermän şol bada ýitrim boldy we gapyň daşynda daşlaşýan aýak sesleri eşdildi.

–Näme üçin olar senden gorkýarlar Rahman? –Gyz agyň içinden sorady. –Näme üçin hiç kim seň adyňy tutup bilenok, saňa hiç kim gygyryp bilenok, seň giren otagyňda şol bada ümsümlik düşýär. Sen bu haramlara näme etdiň bular senden gorkar ýaly? –Gyz eýýäm uly sese geçdi we öňküsinden beter aglap başlady.

Men bolsa ony öler ýaly gujaklasym geldi, edil bir hujuw bilen däldi, edil kakaň öz gyzjagazyny gujaklaýşy ýaly. Sebäbi gyzyň duýgulary eýýäm maňa geçip başlady we meň gözlerim hem ýaşdan doldy. Nähili gelşiksiz bolsada men ol Leýli saçy gujakladym we başyndan öpdüm. Gyz ýene ýarym sagat aglady we iň soňundan köşeşdi. Ýöne ol köşeşeni bilen hem öň ýüregi köşeşmändi, gyz öz boşan gözlerini gapa dikip, hiç zat gürlemän durdy.

–Sen gyzmy ýa-da aýal? –Men ol görgüliden soradym.

–Men gyz diýip Gülendam jogap berdi.

Elbetde meni gowy tanamaýan adamlar şu ýerde diýseň geň galardylar? Nädip men beýle soragy berip bilýän we nädip gyz maňa utanman jogap berýär? Men size nädip düşündireýin, meň energetikam üýtgeşikmi nämemi, bilemok. Gelin gyzlar näme üçindir maňa içgin syrlaryny ynanýarlar we başga hiç kimiň ýanynda aýdyp bilmeýän zatlary barada gürleýärler. Gyz gelinler maňa derdinmegi gowy görýärler, käbir gyzlar bolsa, maňa öz dertlerini aýdyp durmasalar, keselläp başlaýandyklaryny aýdýarlar. Men hem gowy adam däl, maňa gürrüň bermeseler kesseläp başlaýan gyzlary ýöne keýpine diňlämok. Diňleýän wagtym gapdalymda oturdýan we olary sypalaýan, myjaýan. Edil bir çyzykdan çykamok, ýöne gyzlar maňa köýnegiň daşyndan göwüslerini elledýärler, dyzlaryny sypaladýarlar, diňe aram aram boly et diýip elime kakan bolýarlar. Bir gyz bilen bir gelin özlerini şeýle etmäge ýol berýärler, galanlary olaryň arzyny diňlänim üçin, süýji köke we çaý bilen töleýärler. Gyzlaryň aklynyň näme üçin şeýle işleýänine men düşünemok. Näme üçindir biziň kärhanamyzda gyzlaryň aglaba bölegine men gerek, özem diňe arz diňlenýän ýerinde men gerek, ýatyp-turma ýerlerinde men eýýäm gerekdäl, bu zatlar üçin eýýäm başga oglanlar tapylýar. Men azajyk gaty görsemde, başga bir tarapdan zyýany ýok, ýoldaşy bar gyz bilen zyna edesiň gelenok, sebäbi ertesi gün jogap bermeli.
Edarada gyzlaryň arasynda meň abraýym şeýle bolany üçin, men islendik sorgy gönümel berip bilýärdim.

–Eger aýal bolan bolsam hem, men bu haramlaryň hiç biri bilen ýatmazdym, –özüne gelen Gülendam jogap berdi.

–Sen azajyk ters düşündiň Gülendam, –diýdim men. –Men başgarak zat sorajakdym. Seň başyň boşmy, seň söýüşýäniň ýaşaşýanyň halaşýanyň zadyň barmy?

Gyz meň soragyma düşünmän maňa gözlerini dikdi, oň hatda başdaky gaýgy aladasy hem yza tesen ýaly boldy.

–Sen näme üçin soraýaň Rahman? –Iň soňunda ol sorady.

–Görýäňmi ýagdaý nähili Gülendam, sen işden çykyp gidip bileňok, şeýle dämi?

–Ýok, çykyp bilemok, öýde diňe men işleýän, men işden çyksam bolanok.

–Seni başga pudagada geçirmeýärler, bizden diňe köçä çykyp gidip bolýar. Sen başlyklar bilen oýnaş bolmak nýetiňem ýok, şeýle dämi?

Gyz jogabyň ýerine başyny atdy, –gyz dogrudan hem näme etmelidigini bilenokdy.

–Ýöne sen hem beýle ýagdaýda uzak işläp bilmersiň, orunbasarlardan haýsy biri saňa ýapyşdy? –Men gyzdan soradym. Ol bolsa jogap bermäň ýerine başyny aşak sallady. –Bolýa, aýdasyň gelmese aýtma, maňa wajyp däl, maňa başga zat gyzykly, sen öz düşen ýagdaýyňdan çykalgany nähili görýäň? Iň soňunda ähli zat nähili gutarar diýip pikir edýäň?

–Men bilemok, –Gülendam gysgaça jogap berdi.

–Men iň soňunda saňa näme boljagyny aýdaýynmy? Iň soňunda saňa ters bir zada gol çekdirerler we seni işden garalap kowarlar, ýa-da ondan beteri türmä ugradarlar. Sen bir zada üns berdiňmi, biziň edaramyzda esasanda öňki hukuk goraýjy kärhanalaryň işgärleri işleýändir. Bular bolsa öz islegini gögertmek üçin hiç zatdan gaýtmazlar.

–Olar näme üçin senden çekinýärler Rahman? –Gyz men pikirimi jemläp ýetişmäkäm sorady. Men oň soragyna ýylgyrdym. –Seň örän ýokarda bir ýerde tanyşlaryň barmy? –Ol dowam etdi.

–Hawa, –diýdim men. Meň örän ýokarda tanşym bar. Elbetde men Hudaýy göz öňüne tutýardym, ýöne gyz maňa düşünmedi öýdýän? –Meň tanşym seni hem gorap bilerdi, eger sen maňa azajyk ýakynlaşsaň.

Gyz meň sözlerime doly düşünmedi, ýa-da öte düşündi, men bilemok?

–Garaz men biri bilen hökman ýatyp-turmasam hiç zat düzeljek däldä? –Gyz azajyk ýylgyrmaga hem synaşdy, ýöne bir tüýsli awuly boldy.

–Ýok, hökman ýatyp turmak däl, biziň ikimiz diňe nikalaşsak hem ýeterlik. –diýdim men. –Hiç hili dokumentsyz, men metjitden bir molla tapýan we ikimiz nikalaşýas, är aýal bolýas gepiň gysgasy.

–Sen eýýäm öýlenen we iki çagaň bar dälmi Rahman? –Gyz agydan çiýşen gözlerini tegeledi.

–Bar, hawa, ýöne men seni öz eklenjime aljak diýemok. Sen bir ýyl ýaly meň aýalym bolup gezersin, ýöne elbetde ikimizden başga hiç kim ol zatlar barada bilmez, sen hatda gyzlygyňa galarsyň, men saňa elimi degirmerin. Haçanda sen durmuşa çykjak wagtyň saňa talagyňy bererin we sen arkaýyn durmuşa çykyp bilersiň.

–Onsoň? –Diýdi gyz we öňküsinden beter geň galdy. –Maňa nädip seň bilen nikalaşmak kömek eder?

–Gönümel kömek eder, –diýdim men ýylgyryp. –Seň özün aýdýaňa bu ýerde ähli kişi menden çekinýär diýip? Onsoň menden gorkýan bolsalar, meň aýalymy hem sylamaly bolarlar. Sen bu haramlar näme üçin menden gorkýalar diýip pikir edýäň, meň ýokarlarda bir ýerde tanşym bar diýip pikir edýäňmi? Meň Hudaýdan başga tanşym ýok, meni Hudaý goraýar, diýmek meň aýalymy hem gorar, men saňa başgaça kömek edip bilemok. Eger razy bolsaň ertir günortan nikalaşaly, ertir laýyk dinç güni.

–Meň ejem nikalaşanymy bilermi? –Gülendam azajyk oýa batyp sorady.

–Özüň aýtmasaň ejeň bilmez.

–Nika gyýýan molla gyzyň ejesi gelsin diýmezmi?

–Ýok, diýmez. Ikimizden başga hiç kim bilmez, seň daşky keşbiňde, sen resminamalaryňda hiç zat üýtgemez, diňe sen durmuşuň üýtgär. Hudaý seni goramaga mežbur bolar, sebäbi seň eýýäm ýoldaşyň bolar.

–Men islän wagtym seň bilen aýrylyşyp bilýänmi onsoň? –Gülendam gyzyklanma bilen menden sorady.

Bu gyz üçin resmi däl islendik däp-dessur wajyp däl ýaly bolup görünýän bolmaly? Meň bilen nikadan geçmek kömek etse kömek eder, etmesede meň ýitirýän zadym ýok diýip pikir ýöredilýäne meňzeýärdi? Netijede Gülendam meň aýalym boldy, biz dogrudan hem nikalaşdyk. Nikadan soň bolsa ähli zat çyndan hem özgerdi, özem bir günüň içinde özgerdi. Ol gyzyň gözlerinde uçgunjyklar peýda boldy we energetikasy üýtgedi, ol indi hakykatdan hem meň aýalymdy. Ol meni edaradaky başga gyzlardan gabanyp başlady, biri bir zat diýse gaýtawul berýän boldy. Ol gyzyň hatda boýy ösen ýaly hem boldy. Gyzyň ol ýaşynda boýy nirden össün diýsene, ol öňkisinden azajyk dikelen bolmaly? Garaz nikadan soňky 40 günüň içinde gyz düýpli özgerdi. Gülendam hatda bir gün işe başy gyňaňçly hem geldi, we ähli kişini aňk etdi, men oňa gyňajyny zordan aýyrtdym. Ol gyzdan indi edil menden çekinişleri ýaly çykinip başladylar, gyz boş wagt tapylsa meň ýanymdan aýyrylmaýan boldy. Oňler Gülendama käýeseler başyny aşak sallap gözlerini gizleýärdi, indi welin dik gözüň içine seredip çala eşdilýän gargyşlary pyşyrdaýardy. Başlyklar bolsa men Gülandama erbet zatlar öwredýär diýip pikir etdiler we oňa bir zat diýmäge gorkup başladylar. Günleriň birinde bolsa, Gülendam meň iş otagyma girdide gapyny içinden gulplady we çyrany söndürdi.

–Sen entegem meň ýoldaşyma, şeýle dälmi? Maňa talak beren dälsiňä?

–Ýok, –diýdim men howada bir zatlaryň üýtgeýänini duýup.

–Eger aýdýaýyň çyn bolsa, haçan öz borçlaryňy ýerine ýetirip başlajak? –Meň aýalym şeýle sözler bilen maňa ýakynlaşdy we bir göze bilen penjiräň tuluny barlady. Otag ýat gözlerden ýapykdy.

–Haýsy borçlary? –Men geň galyp soradym.

–Haýsy borç haýsy borç? Samsyk syramasana bolýamy, är aýalyk borçlary.

Men gapa elimi uzadyp bir zatlar molajak boldum, ýöne Gülenam meni öňürtiledi:

–Eşitseler işdip geçsinler haramzadalar, men öz ärim bilen ikiçäk galýan.

Soňy

Aşgabat 14.10.2025
Rahman Zulfikarow


77

43

2

7

0

1

0
Mowzugy vip edenler:
Perhatsabirovv - 3 sagat vip etdi!
(Düýn, 16:38)
Teswirler:
 Täzeje
 Ейжежик [off]
  Бар затдан говн совая)
 Düýn, 20:33

+0

18яшдан геченлер канем дал ойтян бы тайда.


Premium
Perhatsabirovv  (Düýn, 22:05) 

Ейжежик, Hakyky


Täzeje
Bezzat  (Düýn, 22:37) 

Ейжежик, oye bar


Täzeje
Pushba  (Düýn, 23:00) 

Ейжежик, 40 danam geçdik😁 ýöne başym boş


Täzeje
Ейжежик  (Şugün, 00:07) 

Bezzat, ойне ким бармалсыныгоужа айдарн


Täzeje
Ейжежик  (Şugün, 00:08) 

Pushba, ойлен на гарашян

 Täzeje
 Fantom [4m]
 Şugün, 11:44

+0

hmmm, 18 diýseň menem kobinetyň içindäki şowhyna garaşýadym welin, haý, arman-arman...

ol adamyň energetikasy ценсор-a meňzeýä. ýäni, adamlaryň içki duýgysyny bilýä, pikirlerni okap bilenok. buň has güýşlirägi öz duýgylarny beýlekä geçirip bilýän bolmaly. ýöne muňky diňe aýallara bolsa täsin...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bolşum ýaly ýaşap ýörin


Sag bol paýlaşanyña....dowamy...

Meniň belent dagym


aýdymçy jemilemi sen?...dowamy...

Meniň belent dagym


Toçna ozuñ yazdyň ha...dowamy...

GÖZLEDIM SENI


Indi bu goshgy oglan tarapyndan gyza yazylan yaly bolupdyrda sheylemi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GÖZLEDIM SENI
rexha (Şugün, 12:17)

TAPYLMAZ


Gaty dogry durmush sheyle...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | TAPYLMAZ
rexha (Şugün, 12:14)

GÖZLEDIM SENI


Aýdymam bar öýdýän şu goşgyň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GÖZLEDIM SENI
Gulmahrem (Şugün, 12:10)

TAPYLMAZ


On ýagşylyk edip birje ýok diýseň, Bu dünýäde senden erbet tapylmaz... HAKYKY...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | TAPYLMAZ
Gulmahrem (Şugün, 12:09)

TAPYLMAZ


Berekella. Bennäň halyys gahary gelende ýazan bolmaly... haladym dogrysy....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | TAPYLMAZ
Fantom (Şugün, 11:48)

Meniň belent dagym


Ýüz ýaşyňy arkaýyn iýgin, jan kaka...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Meniň belent dagym
tony_montana (Şugün, 11:47)

GÖZLEDIM SENI


Şu şahyram wagtynda kösenip gitdaý dünýeden....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GÖZLEDIM SENI
Fantom (Şugün, 11:46)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->