“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
State : Içimde bir aglamak bar, gülmäge ýakyn. Içimde bir ýaşamak bar, ölmäge ýakyn.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

TAPYLMAZ
 Özümiziňki
 Minigim [off]
 08.01.2026 / 11:09
 Lekum dinikum ve liye din

Bu durmuş ýollarda sypsa bir tigriň,
Ýol salgy bererler, nurbat tapylmaz.
Ejiz bolsaň mydam gyýarlar bagryň,
Tarapyň tutmana haýbat tapylmaz.

"Gel-aý şu adama bolsunla" diýseň,
Ýagşylyk etmegi ýüregňe düwseň.
On ýagşylyk edip birje ýok diýseň,
Bu dünýäde senden erbet tapylmaz.

Her adamyň kimligini saýgarman,
Dost diýip janyňy etseňem gurban,
Bir gün işiň düşüp sorasaň derman,
Awy getirerler, şerbet tapylmaz.

Irden hossar bolan derdiňi sorap,
Agşam ýene gider öýüne tarap,
Ýykylsaň geljek ýok derdiň ýarap,
Awa eneden başga gurbat tapylmaz.

Öwez Kertikow


135

17

5

7

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 08.01.2026 / 11:48

+0

Berekella. Bennäň halyys gahary gelende ýazan bolmaly... haladym dogrysy.


Özümiziňki
Minigim  (08.01.2026 / 12:19) 

Fantom, mümkin agam. Ýa kim bilýä belki sessizje gyra çekilip durmuşa syn edendir adamlaryň nähilidigini seredibem tanap bolýara

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 08.01.2026 / 12:09

+1

On ýagşylyk edip birje ýok diýseň,
Bu dünýäde senden erbet tapylmaz...
HAKYKY

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 08.01.2026 / 12:14

+0

Gaty dogry durmush sheyle

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 09.01.2026 / 16:50

+0

Gynansakda durmuş şeýle

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->