“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Xuligankaa : Kalbymyn Paytagtydyn, inni kimin dar kocesi sen.. #Xuliganka

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Köpri
Premium
 Perhatsabirovv [off]
 Düýn, 23:14
 Ýoldaşy Allah bolan - Ýolda galmaz...!

*Bellik - Diňe makala degişli garaýyşlaryňyzy ýada pikirleriňizi ýazmagyňyzy haýyş edýärin.
Gowy eken, +++, Ýetirip dur, Haladym ýaly teswir ýazmazlygyňyzy soraýaryn.

Giçlik sagat 5 töweregi bir zatlar boldy, erbet gök gümürdedi we ähli çyralar söndü. Diňe bir adamzadyň döreden çyralary dälde, eýsem Asman güýçleriniň çyralary hem şol bir bada söndi, hamala hiç haçan zeminde ýagtylyk bolmadyk ýaly? Eger gün duýdansyz ýaşan bolsa, diýmek asmanda aý bolaýmaly diýen pikir bilen Aýjahan peýjireden daşyna jyklady, ýöne daşarda aý hem ýokdy we ýyldyzlar, ähli ýer tümlüge bürenipdi, ýöne näme üçindir Aýjahanyň öz ennamy çala göze ilýän şöhle saçýardy. Ol şöňle bilen diňe eliň näme degýänini görüp bolýardy, ondan başga zada ol şähle ýaranokdy. Aýjahan bolsa tümlügiň düşen wagty mekdepde otyrdy we nämäň bolup geçeninden habary ýokdy. Ol orta mekdepde rus dili mugallymydy. Goňşy otaglaryň birinde taryh mugallymy Öwez bolmalydy, ol mugallym hem Aýjahan ýaly gijä galypdy. Öwez ýada düşen badyna oň sesi hem gelip başlady.
 
-Ol başlady, ol başlady, -Öwez bir zadyň başlanyna şatlanýardy.
 
-Näme başlady? –Aýjahan gygyrdy we eline telefonyny alyp oň yşygyny ýakjak boldy, ýöne telefon hem näme üçindir jan beripdi.
 
-Üçünji jahan urşy başlady, sen näme düşünmediňmi? –Öwez damagyny dolduryp Aýjahana jogap berdi.
 
-Karidora çyk Öwez, -Aýjahan oňa jogap berdi.
 
Karidora çyk diýmek aňsat zat, ýöne bädip koridory bu tümlükde gözläp tapjak diýsene? Klasdan daşyna çykýan gapy iň soňunda tapyldy we Aýjahan ol gapydan daşyna çykdy. Karidor hem edil garaşylşy ýaly tüm bolup çykdy.
 
-Nämeler boldy Öwez? –Aýjahan ýeketäk informasyýaň çeşmesine sorag berdi.
 
-Üçinji jahan urşy başlady, bizi ýadro ýaragy bilen urdylar, sen näme entegem düşmediňmi?
 
Aýjahan ýadro ýaragy barada hiç hili düşünjesi ýokdy, şol sebäpden Öwez mugallymyň aýdýan zatlaryna hiç hili subutnamasyz ynanmaly bolýardy. Öweziň özi hem nähili geň bolsada azajyk şöhle saçýardy, ýöne Aýjahanyňka görä has ýagtyrak.
 
-Näme üçin hiç zat görünenok we asmanda aý bilen ýyldyzlar ýok? -Aýjahan sorady.
 
Öwez bolsa hamala şol soraaga garaşan ýaly jogap berdi:
 
-Ýadro ýaragyndan soň ýer ýüzündäki ähli tozan asmana göterilýär we bütünleýin asmanyň ýüzüni tutýar. Aý bilen ýyldyzlar hiçle, ine hä diýmän ýadro gyş diýen hadysa başlar onsoň tomusy görmänjik geçersiň.
 
-Ýadro gyşy näme bolýa onsoň Öwez, -Aýjahan ýene sorady, sebäbi her jogap täze sorag döredýärdi.
 
-Ýadro gyşy bu alymlaryň çaklamasyna görä ýadro urgusyndan soň düşýän hadysalaryň biri. Biziň ennamyza seret, biziň ikimiz hem ýagtylyk saçýandyrys, -şeýle sözler bilen Öwez özüne üns çekdi.
 
Dogrudan hem karidoryň jümmüşünde Öweziň keşbi çalaja göze ilýärdi, ýöne oň kimdigini tanap bolanokdy. Aýjahan hem öz ellerini ömründe ilkinji gezek görýän dek synlady. Hawa, dogrydan hem bularyň ikisi hem şöhle saçýarlar.
 
-Indi biz näme etmeli Öwez? –Aýjahan naýynjar sorady.
-Bilemok, iň birinji etmeli zat öýmüze barmaly we çagalarymyzy alyp arçynlyga tarap ýöremeli. Arçynlykda bir ýerde raýat gorag gulluklary radiasyýa garşy derman serişdelerini paýlaýan bolmaly we etraby taşlap gitmekde çäreleri gurnaýan bolmaly?
 
-Seň telefonyň işleýärmi Öwez? –Aýjahan sorady we bu tümlükde yşyksyz nädip ýöräp boljagy baradaky pikir ony gorkuzdy.
 
-Ýok, telefon işlemeýär, sebäbi Ýadro ýaragynyň 5 sany urgy faktory bolýar, olaryň biri radio-elektron urgy we ähli tokdan işleýän enjamlar ölmeli….
 
-Boldy et Öwez, sen meň kellämi agyrtýaň, seň gürleýşiňden çen tutsaň sen hamala bolýan zatlardan lezzet alýan ýaly?
 
-Ýok, -diýdi Öwez, men lezzet alamok, men irde giçde şeýle boljagyny bilýärdim we öz hyýallamda şu güne taýyndym. Biziň etrabymyzda uly ýarag ammary bar, şol ammar üçin bizi Ýadro ýaragyny gysganan däldirler, ýöne kim bizi urdy? Ruslarmy, ýok, olar biziň tarapymyzda, diýmek Amerika urdy, ýa-da Hytaýmyka?
 
-Öwez boldy et, -Aýjahan kellesini tutdy, -gel gowsy iň bolmanda mekdepden bir daşyna çykaly, belki köçe azajyk bir ýagtyrakdyr?
 
Şeýle sözler bilen iki mugallym mekdebiň howlusyna çykdylar we geň galdylar. Mekdebiň içi bilen daşynda hiç hili tapawut ýokdy. Daşarda ýalyna meňzeş bir zat öwüsýärdi we eýlek beýläk çalaja şähle saçýan adamlar ygyşyp ýördüler. Eýsem okýabr aýynda bu nämäň ýalyny diýsene? Dogrudan hem ruslar ýadro ýaragy bilen bu kiçijek etraby urdularmyka? –Pikirlendi Aýjahan. Bolýa, zyýany ýok, nämeler bolan bolsa hem, öýe ýol tapmaly we maşgala bilen görüşmeli.
 
-Ýör Aýjahan, meň elimden tut, -diýip Öwez elini uzatdy.
 
Eger ýagdaý adatdan daşary bolmadyk bolsa, Aýjahan bu meýdiň hiç haçan elinden tutmazdy welin, ýöne ýagdaý adatdan örän daşdy. Aýjahan Öweziň elinden tutdy we olaryň ennamynyň  öndürýän şöhlesi azajyk güýçlenen ýaly hem boldy. Öwez aýagyny seresaplylyk bilen basyp mekdepden çykýan tarapa ýöräp barýardy. Gowy tarapy bu mugallymyň ýaşaýan ýeri hem Aýjahanlaryň ýaşaýan ugryndady. Diýmek öýe barynça Aýjahany ugradar we oň ýoluny ýeňilleşdirer.
 
Aýjahanlara barýan ýoluň ýarsy geçildi, etrabyň hiç ýerinde hiç hili yşyk ýokdy, ýöne köçlerde gabat gelýän käbir adamlar näme üçindir has kuwwatlyrak şöhle saçýardylwe we şol sebäpden dogumly ädýärdiler we çalt hereket edýärdiler. Şeýle adamlar Aýjahan bilen Öweziň deňinden edil şemal geçen ýaly geçip gitdiler. Azajyk togtap biz ýalylara ýol görkezseler bolmajakmy? –Aýjahan pikir etdi. Ýöne beýle gün hiç kimiň hiç kime kömegi degjek däldi, entegem Öweziň taşlap gitmedigini aýtsana? Eger mu meýt hem azajyk ýagtyrak şöhle saçýan bolsa meni bir eýýäm goýup öz öýüne tarap ylgardy.
 
-Has ýagty adamlary gördüňmi? Bu adamlar ýadro partlamaň merkezine has ýakyn duran adamlar bolmaly we radiýasyýaň has köpräk mukdaryny alan bolmaly.
 
Öwez ýene hamala begeenýän ýaly gürledi we Aýjahanyň keýpini gaçyrdy. Aýjahanyň kellesinde bolsa oň çagalary we ýoldaşy aýlanýardy. Bolsada oň ýoldaşy bu gün öýde bolmalydy. Eger ol bu gün öýde däl bolan bolsa, Aýjahan edil dällirän ýaly tümlügiň içi bilen ylgardy we öňümde näme bar diýip pikir etmezdi. Bi jübüt ýolyny entegem dowam ederdi welin bir ýerlerden surnaý sesi eşdildi. Tutuş etraby ýa-da tutuş dünýäni doldurjak surnaý sesi.
 
-Bu ses meň kellämiň içinde ýaňlanýamy ýa-da sen hem ony eşitýäňmi Öwez? –Aýjahan sorady.
 
Öwez bolsa duran ýerinde doňup galdy hamala nirä barýanyny unudan ýaly.
-Bolup bilmez Aýjahan, -Öwez samrady. –Ýenede elhenç bir zatlar bulup geçmeli, surnaýy ýangyn söndürji gullukdan göýberdiler.
 
-Mundan beter indi näme bolmaly Öwez? –Aýjahan hem säginip Öwezden sorady.
 
-Ýene bir ýadro urgy bolaýmasa, ýa-da başga bir zat, ýa-da biziň ählimiz sesiň çykan ýerine barmalydyrys? Men hem hiç zada düşünemok. Ýör sese tarap ýöräli, men ini öýüme barasym gelenok, belki meňkiler eýýäm öýde ýokdurlar we sese tarap barýandyrlar? Belki men biderek öýe sowulup öz gymmatly wagtymy ýitirerin?
 
Öwez şeýle sözlerden soň Aýjahanyň elini göýberip öz isleýän tarapyna tarap ýöräýjek ýaly boldy, ýöne aýjahanyň elini gysýan erkegiň elleri birjede gowşamady. Aýjaha hem Öweziň sözleri täsir etdi, Aýjahan hem öz öýüne gidesi gelmedi, surnaýyň sesinden soň ýürekde bir zatlar üzülen ýaly boldy. Ini bu gelniň ýüregi ne çagalaryny küýseýärdi, nede öz ene atasyny. Eger ol gelin öýüne dolanaýsa, diňe öz ýoldaşy üçin dolanjakdy, ýöne ol hem näme üçindir bu wagt ýürekde ýokdy. Öwez surnaýdan soň öz çagalaryny idemän öz janyny halas edýänine logiki delil tapypdy, emma Aýjahanda beýle delil ýokdy, sadaja Aýjahanyň ýüreginde ähli garyndaşlyk baglanşyklar hamala hiç haçan bolmadyk ýaly üzülüpdi.
 
-Helakçilikde çalynýan surnaýyň seslerinde bir ylmy gudrat bar bolmaly Aýhajan? –Öwez öz samsyk pikirlerini dowam etdi. –Heläkçilik bolan wagty her ir adam diňe öz janyny halas eder ýaly, maşgalasyny halas etjek bolup özi hem ölüp gitmez ýaly, surnaýlaryň sesi ýörüte ýygylyklarda çalynýamyka diýýän? Sen şeýle sesi eşidýäň we seň kelläňdäki maşga baglanşyklaryň ählisi öçýär we sen diňe öz janyňy ahalas etmegiň ugryna çykýaň. Kim näme diýsede ylym diýseň öňe gidipdir.
 
Iki mugallym sesiň eşdilen tarapyna ýördiler we dogry etdiler, sebäbi tutuş etrap eýýäm sesiň eşdilýän tarapyna barýardy. Adamlaryň ählisi öz ugryny üýtgedipdi we iň soňunda adamlaryň ählisi etrapdan çykýan köçä gysylypdylar. Ol köçe bolsa etrapdan çykarýan köpra eltýärdi. Etrapdan şehere çykmagyň bolsa, başga ýoly ýokdy. Ol köçä çykylanyndan soň ýöremek azajyk aňsatlaşdy, sebäbi göz ýetimde bir ýerde ýaşyl gün ýaly bir zat dogupdy we şol günden gelýän şöhle adamlaryň ýoluny ýagtaldýardy. Ýöremok aňsatlaşansoň Aýjahan Öweziň elini hem göýberdi, ýöne ol oglandan känbir uzaklaşasy gelmedi. Öňki obadaşlaryň ählisi öňler birek biregi gowy tanasalar hem, bu gün näme üçin başlaryny galdyryp birek biregiň ýüzüne bakaslary gelmedi. Dogrysy obaň başyndan beýel agyr günler hem öňler düşüp görmändi. Adam çagasynyň başyndan tüm günler inse, ol özüni şeýle alyp bajak eken diýip Aýjahan pikirlendi. Ýagtylyň çeşmesi bolsa ýuwaş ýuwaşdan ýakynlaşýardy. Ol ýerde şäherden gelen kömek bolmalydy, we halas ediş çäreleri başlanmalydy.
 
Ýagtylyk çeşmesi ýakynlaşanda adamlar gürlenip başlady we iň soňunda saklanmaly boldy. Indi öňe ýöräp bolanokdy. Adamlar hyryn dykyn bolup birek biregiň ýeňsesine direnşip durdylar. Häliden bäri ýoldaş bolup gelýän Öwez hem indi bir ýerlerik ýitrim bolupdy. Belkide öz çagalaryna duşandyr? Ýok, obadaşlaryň häliden bäri bolup gelşini göreňde olaryň içinde çaga iýdejek ýokdy. Her kim başyny ýere sallap ýekelikde gelýärdi. Belki Öwez dogry aýdýandyr, raýat halas ediş gulluklaryň heläkçilikde çalýan surnaýlary dogrydan hem adam aklyny üýtgedýändir? Nahili bolanda hem öňe ýöremelidi we bu tüm etraby taşlap gitmelidi, belki şäher azda- kände ýagtydyr. Ýöne adamlaryň tolkuny doňup galypdy sähel sähelden ýagtylyga tarap süýşýärdi. Ýagtylyk hem adaty ýagtylyga meňzänokdy, ol birde ýitelýärdi we birde kütelýärdi, kämahallar bolsa sönüp galýardy. Ýöne az salymdan ýene täze güýç bilen ýanýardy. Ol ýagtylygyň hakykatdan hem nämedigine Aýjahan düşünip bilmedi, eýsem haýsy yşyk özüni şeýle alyp barýar diýsene? Ol ýagtylyk etrapdan çykylýan köprüň başynda durdy we älem jahany ýagtyldýardy. Adamlar bolsa haýal haýaldan köprüň üsti bilen etraby taşlap gidýärdiler, bu ýerdäki dyknyşygyň esasy sebäbi hem şoldy. Ýöne näme üçin beýle haýal, düşnükli däldi.
 
Iň soňunda adam sany azaldy we ýagtylygyň çeşmesi ýakynlaşdy, nähili geň bolsa hem, ol çeşme adam çagasy bolup çykdy. Ýöne adaty adam çagasyn däldi, edil ýagtyldyş sütünleri ýaly beýikdi we edil şol ýaly hem ýagtydy. Uzyn we ýagty bir oglan, köprüň başynda durdy we yzyny üzmän bir zatlar gürläýärdi. Oglan özünden ýaşyl reňde şöhle saçýardy, ana şol şöhlä tarap tutuş etrabyň adamlary ýöräpdi we şu köpra çykypdylar.  Ýadro urgyň merkezinde galan oglan, -Öweziň samsyk sözleri kellede öz özünden janlandy. Eýsem adamzadyň döreden ýaraglarynyň haýsy biri adamy şeýle şöhle saçmaga mežbur edip biler? Oglanyň saçýan şöhlesi hem diýseň ýerlikli bolup çykdy, sebäbi ol oglan obaň adamlaryny 10 adamdan toparlara ýygnap, köprüň aňary tarapyna geçirýärdi. Şöhläň kämahallar sönmeginiň iň esasy sebäbi hem şondady. Elbetde köprüden ol oglan bolmasa hem geçip bojakdy, ýöne ol köprüň ýadro urgusyndan soň ýagdaýy nähili, onsoňam ýagtylyk ýok ýerinde ol köprüni elleriň bilen elläp geçäýseň oň üstünde näçe wagt eglenjegiň belli däldi? Geň ýeri özünden başga adamyň aladasyny edýän diňe şul oglan bolup çykdy. Belkem başgada şeýle ýagty adamlar bolan bolsa bolandyr? Ýöne olar bir eýýäm köprüden aşan bolaýmasalar? Aýjahan hem ýuwaş ýuwaşdan köprüň aýak ujyna ýakynlaşdy, ol gelin obaň iň soňunda diýen ýaly gelýärdi. Eýýäm ol oglanyň diýýän sözleri aýyl saýyl bolup başlady. Geň ýeri oglan ähli kişi bilen degişýärdi, hanala bu heläkçilik oňa hiç hili täsir etmeýän ýaly? Ýa-da ýadro ýaragy oň kellesini üýtgetdimikä? Mäme eden bolsada oglan örän şadyýandy w oň şadyýanlygy oňa ýakynlaşan adamlara hem ýokuşýardy. Ol oglan sahnadaky wäş artistlary ýadyňa salýardy. Eýläk beýläk az salym ýöreýär we her kime bir zat diýýär. 10 sany adamy ýanyna alýar we köprüň jümmüşünde ýitrim bolýar. Az salymdan ýene peýda bolýar we ýene bar zat täzeden gaýtalanýar. –Biziň obamyzda näçe sany adam barka? –Aýjahan oýlandy, eger her bir adamy şeýdip köprüden geçiräýjek bolsaň näçe wagt gerek boljakka? Bu gelin aýak üstüde durup eýýäm ýadapdy, wagt bolsa daňdana ýakyn bolarly? Ähli zat düýn sagat bäş töweregi başlapdy, indem welin takmynan wagty hasap etseň, ertesi güniň irdenine meňzeýär? Ýöne Öweziň aýdan sözlerini ýatlasaň bu gün irden gün dogmaly däl, ýadro ýaragyň urgusynyň asamana göteren tozany gün bilen aýyň öňüni tutmaly we hä diýmän ýadro gyşy başlamaly? Gyş düşmäkä çaltyrak bu ýeri çaşlamaly we şähere aşmaly, wah, ol oglan kim hem bolsada aýal gyzlary köprüden birinji geçiäýmelä, -Aýjahan oýlandy.
 
Näçe wagt geçeni belli däl, oglanyň näçe gezek eýläk beýläk gatna edeni hem belli däl, ýöne iň soňunda adam sany mese mälim azaldy we eýýäm oglany golaýdan synlap bolýardy. Aýjahan oglany tanady, ýöne oň ady näme üçindir öldür ýada düşenokdy. Göräýmägä ýönekeý we sada at bolmalydy, Myrat Maksat ýa-da Mekan, şoňa meňzeş atlaryň biri. Oň ady hiçle, iň ýaman ýeri ol oglan ýaşlyk döwürleri Aýjahanyň yzyna kän düşüpdi. Aýjahan bolsa oňa hiç ýüz bermändi, indem bolsa ol oglan köprüde ýol belet bolup durdy. Näçe ýyllar geçdikä aradan, -Aýjahan ýatlajak boldy. Ýaşlyk döwürleri kim kimi söýdi we kim kimi söýmedi diýsene? Maňa söýýän diýen oglanlaryň sany sajagy ýok, bu oglan hem şolaryň biridirdä, -Aýjahan ýüregini köşeşdirjek boldy, ýöne ýürek näme üçindir hiç köşeşesi gelmedi. –Ol iň soňunda birne öýlenendirä, birni söýüp alandyr, durmuşy maňa dirän daldirä? Ýogsada seň adyň nämedi? Aýjahanyň öňi boşasa hem, ol öňe süýşesi gelmedi, ol gyz duran ýerinde doňup galdy. Neme üçin men sen barada soň hiç zat eştmedim? Sen okuwa girip paýtagta gitdiň we soň dolanyp gelmediňmi? Soňki 20 ýyly sen nirelerde geçirdiň? Biziň obamyzda däl bolmaly? Eýsem näme üçin men şeýle agyr gün şeýle samsyk zatlaryň pikirini edýän? Çaga wagtymyz bolan zatlardyrda, -Aýjahan özüni köşeşdirjek bolup köp pikirlendi, ol pikirlenýän wagty bolsa, köprüň öňi boşap galypdy. Indi welin diňe ýagty ýyldyz bilen diňe Aýjahan galypdy. Ýagty ýyldyz obaň iň soňky adamlaryny äkidip, Aýjahany alyp gitmek üçin yzyna dolanypdy, eýsem ony alyp gitmek üçinmi diýsene? Oň giden wagty daş töwerekde ähli zat sönýärdi we tümlüge gaplanýardy, Aýjahan bolsa gaýdyp yşyk ýanmasyn diýip dileg edýärdi, ýöne yşyk barybir ýanýardy we bu obada şeýle yşyk iň soňky gezek ýanypdy, sebäbi bu obada Aýjahan bilen bu oglandan başga hiç kim ýokdy.
 
-Jahan, -yşyk gyza bakyp ýüzlendi we ähli güýjine ýandy.
 
Aýjahan özüni ýalaňaç ýaly duýdy, hamala yşyk oň diňe bir bedenini dälde, eýsem kalbyny ýagtaldýan ýaly.
 
-Meň kimdigim seň ýadyňa düşýärmi? –Yşyk sorady.
 
Aýjahanyň bolsa içini itler ýyrtýardy. Ol bilgeşleýin şeýle edýär, diňe meň üstümden gülmek üçin yzyna dolandy. Ol özüne ýalbartjak bolýar, edil bir mahallar maňa ýalbarşy ýaly. Eger ol bolmasa köprüden geçip bilez diýip pikir edýär, –Pikir etdi gyz
 
-Ýok ýadyma düşeňok, ýatlasymam gelenok seni, sen meň üçin hiç kim, -diýýär gyz hamala aradan 20 ýyl geçmedik ýaly.
 
-Seň jogabyň elmydama şeýle boljagyny men bilýärdim, -diýýär yşyk we haýaljakdan köprä tarap ýöreýär.
 
-Men bolsa seň ýüregiň şeýle garadygyny hemişe bilýärdim we şol sebäpden saňa hiç haçan ýüz beremokdym, — gygyrýar gyz oglanyň yzyndan
 
Soňy
Awtordan: Garalama waryýant bolansoň harp ýalňyşlyklary kän we hekaýa gamgyn tamamlanýar. Belki soň finalyny azajyk üýtgederin we täze obrazlary goşaryn?

Rahman Zulfikarow
Aşgabat


38

20

1

4

0

1

0
Mowzugy vip edenler:
Perhatsabirovv - 2 sagat vip etdi!
(Düýn, 23:15)
Teswirler:
 Täzeje
 Fantom [off]
 Şugün, 17:04

+1

Sakallaş Köpriden menä geçip bilmedimaý. dogrysy onça harp ýazlansoň azajyk bir gyzygy bolsa gowy. dogry, bärdede bar bir näçe zatlar emma hiýçhili bir ýatda galaýjak özüne çekäýjek zat menä bu ýerde görmedim. ýa buň dogamy bamy? menä gutordy edip goýdym... aslynda 10 10-dan ýygnaýan bolsa näme üçin o gyzyň wyy, geliniň ýöke özü galmaly? ýazylanda arkalaryna dürtülip duran adamlardan öň ol barmaly dämi nä köprä? stili "постап"-a meňzeýä, ýöne ýoklaý ne erbet islar, hany tozanlar, hany poslan demirler, awtor daştöweregi garaňkam bolsa aýtmaly dälmi? onsaňam mugallym şool gatnaýan stolyndan işigeçenli arkaýnam bolmasa aňsatlyk bilen barýmaly. ine meselem: öýňizde tok öçse nähili arentir alýaňyz? bärdede şeýle. häzir siz diýmegiňiz mümkin, ýagtylyk ondan bundan gelýärä diýip, ir dögrem ýaşapdyrlara garaňkyda, hergezek çyra ýakan däldirlerä...
borla bu ýöne bir ýazaýdymlaý.
Aslynda hä hekaýa bolsun, hä goşgy, teý bir zat alyp galsaň gowyda şondan. edil şundan näme aljagymy bilmedim menä. ýader gyşy erbet, ýaşlykda otkaz etseň soň arymy alarn, edil ilkinji pikirä şeýleräk. ýazyň pikiriňizi diýipsiňiz, ana menem ýazdym.


Premium
Perhatsabirovv  (Şugün, 18:44) 

Fantom, Siziň pikiriňizi hökman Rahman aga okar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Köpri


Sakallaş Köpriden menä geçip bilmedimaý. dogrysy onça harp ýazlansoň azajyk bir gyzygy bolsa gowy. dogry, bärdede bar bir näçe zatlar emma hiýçhi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Köpri
Fantom (Şugün, 17:04)

TAPYLMAZ


Gynansakda durmuş şeýle...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | TAPYLMAZ
Daniel (Şugün, 16:50)

Bolşum ýaly ýaşap ýörin


Hany onki profiliñ...dowamy...

Bolşum ýaly ýaşap ýörin


Patma gowmy...dowamy...

*****


Goşgulary gowy bu şahyryñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | *****
Daniel (Şugün, 16:44)

*****


Diýseň diýmeseň öňkileriň alan bilimem pikir ýöredişem başgaçalaý...dowamy...
Erkin mowzuklar | *****
Fantom (Şugün, 14:30)

*****


Bagyşlan! Minus bilmezliken basyldy. Bu awtor gowy ýazýar....dowamy...
Erkin mowzuklar | *****
Jennet_guli (Şugün, 14:22)

Käbäm ejem


Goşgy gowy zat, ýöne ony ýazmak üçin köp okamaly.Goşgynyň ýazylyş kadalaryny bilmeli,goşgy ýeňil okalmaly,manysy düşünikli,yzygider bolmaly. Ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäm ejem
Kapiro (Düýn, 21:54)

Käbäm ejem


Ne kapyýa bar, ne-de bir söz düzümi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäm ejem
Bagana (Düýn, 21:44)

Bolşum ýaly ýaşap ýörin


Sag bol paýlaşanyña....dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->