Ýürekdeş sözler!
*****
Gulmahrem [off]
09.01.2026 / 13:10
-A gyz, Olýa, şu gün işden gelýäkäm,
Seniň gaýynyňa duş geldim ýolda.
At ýaly heleý-le, seni garratman,
Entek-entekler-ä ýarsjagam däl-le.
-Wah, olmy? Wah, ony goyaý ýöne sen,
Bir tulum ýeli bar,
Bir sanaç puly.
Ayaklary ýelden, saçlary kendir.
Olmy?
Diýmesizin diýmäýin weli,
Tüýs Göroglyň atyn ogurlan kempir.
-Meň gaýyn enem-ä Lukman hekimden,
Bir müçe ulumyş.
Gözlerem batyl.
Gulaklary bilen göräýjek bolýar,
Sokur gözleriniň görmeýän zadyn.
-Seniňkä ýagşy gyz, pensiýa alýar,
Gör, biziňki otyr duluňy saklap.
Ne biş-düşi... Agtygyn däl,
Ne-de kir yuwup bilýär,
- Otyr garraryňa garaşýan ýaly,
iki dyzyn gujaklap...
-Käşgä saňa ýetirmese agtygyn...
-Käşgä çyrpsa geýim-gejim, arlygyň,
Poluň ýuwsa, kaksa keçe-kilimiň.
Illeriň gaýyn-a kesel halyna,
Garawulam durýar edaralarda.
Biziňkimi?
Keýpin görüp diliniň
Yöne ýaşamaga gelen ýaly-la...
...Gaýneneler garramaýan bolarly,
Gybata goşulýar öýe gelenler.
Gybat urýar gara kofäň başynda,
Bu gün-erte gaýyn boljak gelinler!
Nobatguly Rejebow
178 |
42 |
4 |
15 |
1 |
0 |
1 |
Teswirler:
Jennet_guli [off]
"Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor"
09.01.2026 / 14:22
+2
Bagyşlan! Minus bilmezliken basyldy.
Bu awtor gowy ýazýar.
Gulmahrem (09.01.2026 / 16:26)
Jennet_guli, bolýan zat, zyýany ýokla )
Jennet_guli (09.01.2026 / 17:03)
Gulmahrem, :роза:
Fantom [off]
Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
09.01.2026 / 14:30
+2
Diýseň diýmeseň öňkileriň alan bilimem pikir ýöredişem başgaçalaý
Minigim (09.01.2026 / 18:13)
Fantom, dogry aýtýaň agam
Daniel [off]
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
09.01.2026 / 16:44
+1
Goşgulary gowy bu şahyryñ
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)