“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Manolya : dün deli gıbı istedıgım şey bu gün midemi bulandırıyor

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

sowgadyn ulsy
Premium
 Prinsessa [off]
 10.01.2026 / 15:21
 Dostum yok duşmanm kop

Doglan gününiň golaýlaşyp gelýän günleriniň birinde agşam naharyndan soň telewizora seredip, çaý içip otyrkak aýalym: «Maňa bu doglan günümde näme sowgat ederkäň?!» diýende, onuň öňki ýyllarda edilen sowgatlardan nägiledigini sesinden aňdym. Sebäbi her doglan gününde oňa öýe gerek bolan gap-gaçlary sowgat ederdim. Juda bolmanda öňi-soňy alyp berilmeli köýneklik matany, köwşi ýa-da başga bir eşigi eýdip-beýdip doglan gününe, zenanlaryň baýramyna gabatlardym. Şonuň üçin, onuň öýkesini aňyp duramsoň, uly bir zat pyşgyrman: «Aý, bir zatlary alaryn-da» diýip, gümmi-sümmi eden boldum-da oňaýdym. O-da haýsydyr bir zadyň adyny tutdurjak bolup durmady. Onuň şeýtmedigine içimden begenenem bolsam, şol günden başlap: «Şu sapar muňa «Bäh» diýdiren bir sowgat alyp bermesem bolmaz. Özem tegelek ýaş. Goý, ömrüne ýadyndan çykmasyn» diýen pikir serimden aýrylmady.

Ýöne «Näme almaly?» diýen sorag boýnuny egreldip öňümden çykanda oňa jogap tapman, menem onuň özi ýaly boýnumy egreldip duruberipdirin. Eger aňyrrakdan gelýän geýnüwli gelne gözüm düşmedik bolanlygynda ýene-de näçe durjagym belli däl ekeni. Meniň ünsümi çeken ol gelniň özi däl-de, haýsydyr bir nätanyş jandaryň derisinden tikilen, topugyna ýetip duran gytyjak tüýli paltosydy. Ol paltonyň sähelçe ýagtylyga-da öwşün atyp durşy, gelniň boýny ýok ýaly edip duran, adaja herekete-de tolkun atýan başga bir üýtgeşik deriden edilen ýakasy özüne bendi etmezçe-de däldi.

Ol gelin deňimden geçiberende, özümem bilmezden:

— Aý, dogan, bir salym aýak çekäýiň-dä — diýip goýberdim.

Meniň sesim şeýle ysgynsyz çykanam bolsa, ol gelin ýalt edip, ýüzüme seretdi. Onuň gorkuly gözüni, aljyraňňy ýüzüni görüp, özümem ysytma tutana döndüm. Gürlänimde dilim beýnimiň buýrugyna boýun bolmajak boldy.

— Ba… bagyşlaň, do… dogan. M… men sizden bir zat soraýjakdym!

Sakawlap durşumdan ol gelin meniň gorkuly adam däldigimi derrew aňdy-da, çalt özüni ele alyp, arkaýyn gürledi.

— Hawa, soraberiň.

Onuň ýüzüme bakyp, ýylgyryp durşy meni ekezlendirdi:

— Men siziň şu paltoňyzy nireden alanyňyzy soraýjakdym.

— Muny maňa adamym sowgat etdi. Internet söwdasynyň üsti bilen daşary ýurtlaryň birinden-ä getirdipdir — diýende, içimden: «Il içinde meniň ýaly aýalyny begendirip bilýän başga-da bar-ow» diýip goýberdim. Soňam paltonyň bahasynyň näçedigini soramaga ejap etdim-de, diňe:

— Sag bol, dogan — diýip, göni öýe gaýtdym. Gelşime-de eşiklerimem çalyşman kompýuteriň başyna geçdim. Eslije oturanymdan soň ahyry ol gelniň egnindäki ýaly paltony tapdym. Ony tapanyma begenjimden ýaňa ýüregim deprek kakýan ýaly boluberdi. Dükürdisi daşyndanam eşidilýändir öýdüp, töweregime garanjakladym. Bolsa-da, şol wagt otagyň içinde özümden başga hiç kim ýokdy. Men paltonyň bahasyny agtaryp başladym. Ony tapamsoňam birbada gözlerime ynanmadym. Gözlerimiň görşi peselendir, sanlary goşa-goşadan görkezýändir öýdüp gözlerimi owkalaşdyryp, has golaýdan seredip gördüm. Ýok, üýtgän zat bolmady. Şol öňki bolşy. Bir sanyň yzyndan onça noluň bolýandygyna haýran bolup otyrkamam hälki deprek kakýan ýüregiň tapba sesini goýanyny duýdum, şondan yzyny bilemok. Biraz özüme gelenimde men-ä ýorgan-düşekli ýatyryn, aýalymam başujumy alyp otyr. Gözümi açanymy görüp, ol begenmek begendi.

— Şeýdip gözüňi açaweri, kakasy, ýüregimiz-ä ýardyň. Öň janyň sagdy-la, özüňden gidiberer ýaly näme boldy beýle?

Men oňa «Internetden seniň üçin palto gözledim. Şonuň bahasyny görüp, şeýle boldum diýeýinmi?». Ony diýip bilmen-ä. Şonuň üçinem dymdym-da, çalaja yňňyl-çyňňyl eden boldum. Şondan soň olam soraglary bilen azar berip durmady.

Lukmanyň eden emleri, aýalymyň, çagalarymyň aladalary meni sanlyja günde aýak üstüne galdyrdy. Aýak üstüne galsamam aňymdaky haýran galdyryjy sowgat almak hakdaky pikir menden daşlaşmady. Şol düňle bolup ýörşüme bir ajaýyp pikiriň üstünden bardym. «Göwher gaşly ýüzük, göwher gaşly gulakhalka, göwher gaşly gülýaka» diýýärler welin, gel, menem aýalymy göwher bilen begendireýin-le» diýdim-de, bir gün kompýuteriň öňünde ykjam oturyp «ýitigimi» gözläp başladym.

Ony gözlemek gatybir kösençligem döretmedi. «Bezeg şaý-sepleri» diýip ýazaga-da, gözleg edýän düwmesine basyp goýberdim welin, gözümiň öňünde dürli gulakhalkamy, gülýakamy, ýüzükmi, hatar-hatar bolup dur. Olaryň arasyndan özüme ýaraýjagyny gözläp tapyp, bahasyny soradym. Kompýuter salymyny bermän bahasyny ekranyň ýüzüne çykardy. Ol görnen bir sanyň yzyndaky nollary görenimde paltonyň bahasyndaky nollar dagy hiç zat bolup galdy. Ony okajak bolup itinip oturşyma özümiň matematikadan körsowatdygymyňam üstüni açdym. Ýöne meniň ol açyşymyň hiç kime peýdasy bolmady, hatda özüme-de. Gözüm bir garaňkyrady, bolany şol, yzyny bilemok.

Gözümi açsam başujumda aýalym otyr, aýak ujumda-da çagalarym. Meniň özüme gelenimi görüp, olaryň hemmesi üýtgeşik oýunjak alan çagajyk ýaly, baý, begenişdiler-ä. Aýalymam begense begendi welin, ýöne meniň yzygider özümden gidip durmagymyň sebäbini bilesi gelip, soraga tutdurdy.

— Saňa soňky döwürde näme bolýar? Ýöne özüňden gidip ýatan bolduň-la?

— Bilmedim — diýip, soňuny ýene-de gümmi-sümmä urjak boldum welin, aýalym has çökderräk zatdan tutup başlady.

— Saňa kompýuterde işlemek ýaramaýan bolaýmasyn?

— Ýok, ýok beýle däl — diýip, zöwwe turaýypdyryn.

Aýalymyň çagalarym bilen dil birikdirip, meni kompýuterden mahrum edäýmeginden howatyr edip, gönimden geldim-de, ähli zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdim. Aýdanlarymy diňläp, çagalarymyň-a gülküsi tutdy, aýalym bolsa gözlerini ýaşlap:

— Maňa hiç hili sowgat gerek däl. Seniň başyň dik bolsa, meniň üçin sowgadyň ulusy şol — diýdi.

Şonda-da men onuň doglan gününi boş goýmadym, mundan laýyk ýigrimi ýyl öň doglan gününe sowgat eden et üwelýäni döwlüpdi. Şonuň ýerine täzejesini alyp berdim. Ol şeýle bir begendi, göwher gaşly ýüzük alanda-da şeýle begenerdi öýdemok.

Nurberdi DÄDEBAÝEW,
ýazyjy.


107

16

2

5

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 Senyorita [off]
 10.01.2026 / 21:35

+0

Bolup durýan ýagdaý) öňem okapdym.


Premium
USA_virus  (10.01.2026 / 21:44) 

Senyorita, ha bolia

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 12.01.2026 / 12:19

+0

Wäää...gaty gymmatdymykA

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

JESET OGRUSY. 5-nji bölüm


ещё.....dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 5-nji bölüm
Ейжежик (Düýn, 23:42)

JESET OGRUSY. 4-nji bölüm


ызны хачан гойян...dowamy...
Erkin mowzuklar | JESET OGRUSY. 4-nji bölüm
Ейжежик (Düýn, 23:11)

Ýagşy Magtymguly Pyragy


Magtymguly bolup biljek yokdurla...dowamy...

Naýynsap


Allayar Curiyewde beyle pes goshgy barmyka beri? Ya yalnyshyamykam?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Naýynsap
MG8 (14.06.2026 / 08:54)

Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap


Sada we yurekden berlen jogaplar, Gaty gowy mowzuk!...dowamy...

HÖWÜRSİZ GÖWÜN


Gowy goshgy...dowamy...

Ýüregimiň Sözleri❤️


Bir zat yazjak bolsan, kop okamany, kop pikir etmani, kop dushunmani, kop duymany, yzgiderli yazmany, tankytlardan sowamak dalde olardan guyc alm...dowamy...

Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap


Kabir jogaplary okayan welin bu adam bilen tanyshasyn, owrenesin, yazgylaryny eserlerini urc edip owrenesin gelyar, Kabir jogaplar bolsa hatda mo...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.


"Söýginiň bar ýerinde utanç ýok. Berk belle." Shula bir hiliraklay beylede bir zat bormay, Soygi pynhanlygy, utanjy, ejaby, edebi, gaty halayand...dowamy...

Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe 3


Shutemada gozgalmaly mesele aydylmaly zat gaty kan, on un teswr dalde 1-2 sany mowzuk acaymasan, Has gysgasy, "Eger yagshylyk edip pushman boru...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->