Ýürekdeş sözler!
Magtymguly Pyragy hakynda rowaýatlar
rexha [off]12.01.2026 / 13:23
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Gündogary öwrenijileriň ykrar edişi ýaly, Orta Aziýa halklarynyň içinde Magtymguly Pyragy türkmeniň milli şahyrydyr. Gyrgyz halkynyň beýik ýazyjysy Çingiz Aýtmatow: “XVIII asyr – beýik Magtymgulynyň asyrydyr” diýip belläp geçýär. Şol sebäpli beýik Akyldarymyzyň döredijiligi tutuş Orta Aziýanyň, Gündogaryň, galyberse-de, dünýa halklarynyň poeziýasynyň altyn hazynasyna girdi diýmäge doly esas bar.
Orta Aziýa syýahata gelen Wamberi türkmenleriň Magtymgula hormatyny şeýle beýan edipdir: “Islendik jedelli mesele ýüze çykanda, şol mesele boýunça Magtymgulynyň pikiri öz pikirlerine garşy bolsa- da, ikirjiňlenmezden ony çözgüt hökmünde kabul edipdirler”. Dogrudanam, halkymyzyň Magtymguly atamyza hormaty çäksiz bolupdyr. Şonuň üçinem, ata-babalarymyzyň beýik Akyldarymyz hakyndaky gürrüňdir rowaýatlary nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize gelip ýetipdir. Şol gürrüňdir rowaýatlarymyzdan birini ýatlap geçeliň.
Bir gezek Kemine obadaşlarynyň haýyşy boýunça olara goşgularyny okap beripdir. Kemine goşgusyny diňleýjileriň arasynda ýaş-ýetginjekleriň kändigindenmi ýa özüniň okasy gelipmi, garaz şahyr söýgi temasyndan ýazan goşgularyny kän aýdypdyr. Märeke dargandan soň, obanyň üç-dört sany abraýly ýaşululary Keminä “Şahyr, goşgyňa sagbol , ýöne göwnümize bolmasa, gelin-gyzlary wasp edip, has köp goşgy okan ýaly bolduň. Oňa derek ýaşlarymyza pent bolar ýaly öwüt-ündew häsiýetli goşgulary köp ýazyp, gelin-gyzlary azrak wasp etseň gowy bolmazmy?!” diýipdirler.
Kemine obasynyň sylagly ýaşulularynyň bu haýyşyna şeýle jogap beripdir: “Ýaşulular, maslahatyňyza sagboluň, menem başarsam öwüt-ündew häsiýetli goşgulary köp ýazjak. Emma halypamyz molla Magtymguly türkmeniň söz bossanynyň hoşasyny çöpläpdir. Öwüt-ündew häsiýetli goşgularynda:
Namart kimdir biler bolsaň,
Ne diýseň diý “baş üstüne”...
Azmaýyşyň kylar bolsaň
Hiç tapylmaz iş üstünde.
diýip, molla Magtymgulynyňky ýaly ajaýyp pikirleri aýdyp bilmejek bolsaň, beýle goşgulary düzeniňden düzmäniň ýagşydyr. Garaz, halypamyz Magtymguly söz bossanynyň hoşasyny çöplänsoň, bize onuň çöplän hoşasyndan gaçyp galan däneleri çöplemek galýar. Şonuň üçin bize goşgy düzenimizde, esasan, gelin-gyzlarymyzy taryp edip, ýar- ýar diýmekden başga söz galmady. Eger ony uňlamaýan bolsaňyz, biz indiden beýläk märekede goşgy okamagymyzy goýaýarys”.
Ýaşulular Kemineden bu jogaby eşidip, “Molla Kemine, sen bize Magtymgulynyň beýikligini gaty gowy düşündirdiň. Bizden öýke etme. Öz bileniňi edip, täze goşgular döredip, halky begendir hem märekä goşgularyňdan aram-aram okap ber” diýipdirler. Şondan soň molla Keminä goşgy okaýşy hakynda nägileligini bildiren bir adamam bolmandyr.
Enwer SOLTANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
125 |
18 |
1 |
6 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Orazjan [off]Sapby soranjaň
14.01.2026 / 19:22
+1
Magtymguly agaň sözi alymdyr,
Nesihaty ulus-ile maglumdyr
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)