“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
zveezda : "Awarýa bolan şafýoryň diýşi ýaly" (birden öňümden çykdy) zveezda

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

ALLAHYM!
 Öwreniji
 Suray [off]
 13.01.2026 / 00:15

Eý, Allahym, basylýaryn nebsimden
Bogulýaryn durmuş atly deňziňde.
Ine, gije ellerimi serdir-de,
Huzuryñda durdur meni Allahym!

Şükür edeýin, hamd edeýin igleýip,
Maňlaýymy seždegähe direýip,
Öten geçen günälerme aglaýyp,
Göz ýaşyma bogdur meni, Allahym!

Aýbym artyk, başymy dik tutardan,
Yhlasym kem dostlugyňa ýeterden,
Çöker göwnüm her ahwala beter meň,
Tut köňlümden galdyr meni, Allahym!

Diňe sensiň rahmet eden ahyma,
Sensiň iman bilen eltjek ahyra,
Öwrüleýin bir edepli salyha,
Öz yşkyňda köýdür meni, Allahym!

Suraý Amanakowa


191

34

6

13

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 13.01.2026 / 00:25

+1

MaşaAllah Suraý uýam gowy goşgular ýazýañ manyly!!!
Senin edýän hereketiñ seniñ Salyhalygyñyñ nyşany!!! Berekella diýäýmek galýa!

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 13.01.2026 / 00:25

+1

Şeýdip berilen ukyby dogry ulanmak gerek

 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 14.01.2026 / 00:14

+0

Hacandan bari gosgy yazyanyz?

 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 14.01.2026 / 00:15

+0

Gowy bolupdyr gosgy :dovolen:

 Täzeje
 Rabiya [off]
  Her Nebis ölümi datjakdyr!!!
 14.01.2026 / 12:53

+1

Mundan 5 ýyl ozaldy. İş ýerime, iş bilen, bir gelneje ýanynda ýoldaşy bilen gelipdi. Ol gelneje hijaplydy.

Gapydan girenden Salamlaşdyk. Men ol gelnejani göremden ýylgyrdym. Ol gelneje hem meni görenden ýylgyrdy. Hamala bir birimizi tanaýan ýalydyk...
Aslynda Şol bir yşgyň odunda ýanýan, meňzeş duýgulary duýýan 2 adamyň bir birini tanamagy üçin tanyşyp, oturup gürleşmegi möhüm däldi.

Biz bir birimizi görenimizden näme ýaşanymyzy, nähili ýollardan geçenimizi, ylahy yşga neneň ýanyp tutaşýanymyzy, oturup uzyn uzyn söhbet etmesekde bilipdik we düşünüpdik...

Suraýyň goşgularyny okanymda edil onuň bilen oturup uzyn uzyn söhbetdeş bolan ýaly bolýan...

Diýýärlerä "Derdi - Beren biler we şol derdi çeken biler" diýip...


Öwreniji
Suray  (21.02.2026 / 12:23) 

Rabiya, uýam, ujypsyzja goşgyma beren bahaňyz we Siziň hoş sözlerňiz meni juda tolgundyrdy. Size hormatym çäksizdir. Oraza-namazlaryňyz kabul bolsun 🌙🌟👆


Täzeje
Rabiya  (22.02.2026 / 23:44) 

Suray, Amin. Jümlämiziňki kabul bolsun.

 Täzeje
 Atanyyaz [off]
 14.01.2026 / 17:24

+0

Gowy gosgy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->