“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Perman : Sen beýik depeden bökeniñde yzyñdan böken çyn dost däl, aşakda seni gapyp alan çyn dostdyr !

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Klasdaşlarym
 Özümiziňki
 Minigim [off]
 15.01.2026 / 22:17
 Lekum dinikum ve liye din

Saý-sebäpden käte düşýär ýadyma,
Ol mekdep döwürlem klasdaşlarym.
Didarlaşmak nesip etsin adama,
Ýatlama öwrülen klasdaşlarym.

Taýýarlyksyz gelip tagta çykamda,
Müýnli bordum gözlerine bakamda,
Nirede, nä kärde, kim nä lakamda,
Ýaşytdaş höwürlem – klasdaşlarym.

Gözleri ataşly ýandyryp ýakjak,
Göreçler sataşsa ýyldyrym çakjak,
Şol gözler mähirli gör, kime bakjak,
Diň salan böwürleň klasdaşlarym.

Ýiti zehin bardy, bardy kütegi,
Kim garagollykdan iýer kötegi,
Mugallym ýok wagty klas otagy,
Uly goh-gowurlaň klasdaşlarym.

Toýdur-ýasda öň hatarda il bilen,
Ýaşulydyr bir wagytky ýaş-ýeleň,
Ak düşüp, aň girip akyla gelen,
Harpygy sowrulan klasdaşlarym.

Ýagşylykda ýatlamaga eýerip,
Ilmämmet, gatnagyn görmäge baryp,
Gelseler garşy al, gujagyň gerip,
Ýaşlykdan «howurlam» klasdaşlarym.

Awtor:Ilmämmet Allagulyýew


143

31

2

7

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Orazjan [off]
  Sapby soranjaň
 16.01.2026 / 11:27

+0

Aý, şu wagta klasdaş ýada düşenok, dogrymy aýtsam...


Özümiziňki
Minigim  (16.01.2026 / 12:46) 

Orazjan, basagayrakmy


Premium
Orazjan  (16.01.2026 / 17:37) 

Minigim, howwalaý

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 16.01.2026 / 12:01

+0

Menem goresim gelya klasdaşlarmy:sorry:


Özümiziňki
Minigim  (16.01.2026 / 12:46) 

rexha, nacinji yyltdynsyn gulya 05mi


Premium
rexha  (16.01.2026 / 23:01) 

Minigim, howwa


Özümiziňki
Minigim  (16.01.2026 / 23:04) 

rexha, aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->