Outlier [off]
19.01.2026 / 06:30
25 ball sarp edendirin şuňa!

Bir gün ir bilen sagat ýedide, myhmanhanadaky diwar sagady birden asgyryp goýberdi. Bu asgyrma şeýle güýçli boldy welin, sagadyň içindäki sanlaryň hemmesi poluň üstüne döküldi.
Merdan ýerinden turup, poluň üstünde pytyrap ýatan 8-ligi we 3-lügi ýygnajak boldy, emma olar edil eldeki balyklar ýaly sypyp, gapydan daşary ylgap gitdiler. Merdan olaryň yzyndan ýetjek bolup daşaryk çyksa, eýýäm köçede hemme zat üýtgäpdir:
agaçlar ýaprak deregine reňkli galamlary ösdürip ýetişdirýärdiler,
asman gök däl-de, limon reňkli eken we bulutlar pagta süýjüsinden ybaratdy, awtobuslar tekerleriniň deregine uly petirler bilen togalanyp barýardylar.
Merdan bir duralga baryp durdy. Şol wagt gapdalynda bir düýe peýda boldy. Düýe gaty uly äýnek dakynypdy we elinde gazeti tersine tutup okap otyrdy.
— Gardaş, indiki sagat näçe bolar? — diýip, Merdan sorady.
Düýe gazetinden gözüni aýyrman:
— Häzir ýarym kilogram sarymsak boldy. Ýöne ätiýaçly bol, tizden ýagyş ýagyp başlar, asmandan bolsa diňe ýörüte dizaýnly köwüşler düşer — diýip jogap berdi.
Merdan gorkanyndan yzyna, öýüne tarap gaçdy. Öýüne girip, gapyny gaty ýapdy-da, aşhanasyna geçdi. Sowadyjyny açsa içinden bir orkestr çykyp, Bethoweniň "5-nji simfoniýasyny" çalyp başlady. Sowadyjynyň iň ýokarky tekjesinde oturan uly bir Pomidor Merdana seredip:
— Sen näme üçin entegem köwüşsiz? Eýýäm sagat sarymsak boldy ahyry! — diýip gygyrdy.
Merdan gözlerini ýumdy-da "Muny duruzmaly!" diýip pikir etdi. Ol bir gezek asgyrdy we birden öz ýassygynda oýandy. Ähli zat ýerbe-ýerdi. Emma aýagyna seredeninde sag aýagynda gaty owadan, täzeje ýörüte dizaýnly köwşi durdy...
.outlier
199 |
27 |
9 |
7 |
1 |
0 |
1 |
IDEALLIDER2 [off]
19.01.2026 / 10:15
+0
Bolgusuz, manysyz, samsyk mowzuklugyna ynanasym gelmedi hem awtoryndan nämçün beýle "Hekaýamtygy" döredenini bilmek isledim. Dislike-y dogry goýmagyma şübhäm bolmazýaly. Ýene harp ýalňyşlyklar sebäpli ýekeje soňky teswirimi pozmak üçin "Pos" düwmä basdymweli, bütün teswirlerimiz udalit boldy, aslynda pozmak islemändim.
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
20.01.2026 / 16:49
+1
Tuweleme, jigim! Öler aşym sunun yaly fantastik hekayalar. Öňler Hantore yazyady islenende. Berekella, dowam et.
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
20.01.2026 / 16:52
+1
Yone bar-a indi su sonunda duys goren yaly etmek lenc edildi. Sonuny uytgetsen we birazajyk uzaltsan gowy bolar.
Daniel [off]
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
21.01.2026 / 09:45
+1
Taze funksiya goyulupdyr yala sayta
Fantom (21.01.2026 / 15:49)
Daniel, Nämäýt ol? Bizede aýda ýeke ulanma!
Senyorita [off]
28.01.2026 / 16:20
+1
Näme üçin sagat "sarymsak"?
Outlier (29.01.2026 / 03:20)
Senyorita, näme üçin Barselona däl-de Liwerpool :)
Senyorita (29.01.2026 / 10:29)
Outlier,
Soraga sorag däl-de jogap bermeli! (Sensiňem öýdüpdim 😒)
Senyorita (29.01.2026 / 10:30)
Outlier,
Soraga sorag däl-de jogap bermeli! (Sensiňem öýdüpdim 😒)
Outlier (29.01.2026 / 12:42)
Senyorita, ýüregiň duýdy gerek mendigimi? :D
Senyorita (29.01.2026 / 16:56)
Outlier,
Ýok-la. Ýüregime ýetip baraňok Patduş, mes bolma. Köp ulanýan sözleriň satdylar senligiňi!
Outlier (29.01.2026 / 18:24)
Senyorita, sözlerimi ýatlar derejede ýer edinipdirin diýmek sende :dovolen:
Senyorita (29.01.2026 / 19:40)
Outlier, Ho-ho-ho, haý, bolýa-la, özüňi begendiriber...
Outlier (30.01.2026 / 00:31)
Senyorita, hemme zady çynlakaý kabul edýäň, bir hili bu bolşuňam seni "ýasama" görkezýär. Ynanaý maňa :)
Senyorita (30.01.2026 / 00:36)
Outlier,
Oýuna kän düşünemok diýipdim ýadyňda bolsa.
Outlier (30.01.2026 / 00:37)
Senyorita, menem saňa aýdýan beýle çynlakaýlygyň düýbi "ýasamalyk"
Senyorita (30.01.2026 / 00:38)
Outlier,
Özüňe meňzetme meni!
Outlier (30.01.2026 / 00:44)
Senyorita, ketde-ketde...
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Belki (26.07.2026 / 10:12)