Ýürekdeş sözler!
Degişme(!)ler
Outlier [off]
21.01.2026 / 07:32

(Bu degişmeler güldürýänçi däl. Dürtýänçi)
– Saňa bir zat aýtjak ýöne gaty görmegin, sowuk habardyr...
– Aýt hany?
– Doňdurma.
– Doňdurma näme üçin işsiz bilýäňmi?
– Ýok?
– Sebäbi ol bir gün iş ýerinde "doňupdyr"...
–Adamlar näme üçin liftde gürleşmeýärler?
– Çünki sesleri ýokaryk çykmaýar.
– Limon näme diýipdir?
– Hiç zat, ol bir miwe.
Bir gün bir adam köçede ýöräp barýarka birden ýere ýykylypdyr. Ýoldan geçip barýanyň biri:
– Gowy ýykyldyňyz!
– Sag boluň, her gün gaýtalaýaryn.
– Fransuzlar näme üçin "Priwet" diýmeýärler?
– Sebäbi olar Fransiýada ýaşaýarlar.
– Iň gysga hekaýa näme?
– "Boldy."
Bir adam diwara seredip: "Sen meni eşidýäňmi?" diýipdir. Diwar jogap bermändir.
Sebäbi ol diwar.
– Älemgoşar çykanynda näme üçin mydama egri görünýä bilýäňmi?
– Sebäbi ol "älemgoşarda". Gyza höwes edenok...
– Adamlar näme üçin köpri gurýarlar?
– Çünki suwuň üstünden ýöräp bilmeýärler.
– Bir adam mydama sowadyja girip oturýan eken
– Bäh, näme üçinkä?
– Sebäbi, ol, töweregindäki adamlardan "Senem cool-a" diýen söze garaşýan eken.
– Ýylanlar näme üçin mekdebe gatnanok?
– Olaryň ruçka tutmaga eli ýok şoň üçin-dä.
– Sen näme üçin hemişe gapyňy gulplap ýatýarsyň?
– Gapy gorkmasyn diýip.
– Saňa bir "Degişme" aýdaýynmy?
– Aýt.
– Aýtdym.
– Galam näme diýipdir?
– Hiç zat, ol ýazyp dur.
– Iň köp suw içýän haýwan haýsy?
– Suwsan haýwan.
– Kompýuteriň näme üçin gapysy ýok?
– "Za to" Windows-y gowy
–Balyklar näme üçin suwdan çykanlarynda agyzlaryny açyp-ýapýarlar?
– "Suw nirä gitdi?" diýip soraýarlar.
– Bir adam hemişe ýassygynyň aşagyna şeker goýup ýatýar. Bilýäňmi näme üçin?!
– Näme üçin?
– Süýji düýşler görmek üçin.
– Oturguç näme üçin dik dur?
– Oturmaga ýer tapmandyr.
.outlier
121 |
22 |
4 |
6 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
TäzejePearl_ [off]
21.01.2026 / 07:59
+1
– Bir adam hemişe ýassygynyň aşagyna şeker goýup ýatýar. Bilýäňmi näme üçin?!
– Näme üçin?
– Süýji düýşler görmek üçin. :)
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
21.01.2026 / 09:16
+1
Bul ho-ol turklen "soğuk şaka" diyyanlerinden bolupdyr. Soz oynatmasy bolan degismeler gyzykly, yone beylekileri halamadym.
Outlier (21.01.2026 / 09:51)
Belki, hemmesini gowy etseň bolmaza :)
Soňky teswirler
Toý ömrüň esasy mazmunymy?
Häzir aňrybaşyy däl normalnyjaa toý etjek bolsaň hökmanyy ýagdaýdaa 10 müň dollar töweregii gidýär. Eger ortaça aýlyk 3 müň manat töweregii bolsa...dowamy...
Erkek eşek (mi?)
Aa, galyberse arada özümem tema açypdym, bir dalbaýok taksiniň bolşuny gürrüň berip. Okap göräýiň...dowamy...
Erkek eşek (mi?)
Bagyşla awtor, emma gynansakda biz täze eýýamda ýaşaýarys we bu men we seniň edip biljek, üýtgedip biljek rewolusiýaň däl. Ýagny bu eýýäm beýnä g...dowamy...
Toý ömrüň esasy mazmunymy?
Bir-biregi soýmaklaý şu galyň meselesi, aýrylyşýanlaňam köpüsi zat üçin, düzedip bolmajak mesele şu...dowamy...
Toý ömrüň esasy mazmunymy?
Sulary okap bir film yadyma dusdi: Toy organizasiyalaryny mahabatlandyryan bir sergi gecirilya. Sergide toy koynek dikyan tikimciden baslap ta ca...dowamy...
Söýgi näme üçin gutarýar?(gyzykly okaň)
Aý onno adamlaryň beýnisi düýbünden ýok onno. Beýniň üstüne ataýalarda inni munom Edesim geleni edip ýashaýan diýmän beýni günäkär diýärler...dowamy...