Ýürekdeş sözler!
uzyn yione gyzyklyja
Prinsessa [off]21.01.2026 / 14:58
Dostum yok duşmanm kop
Är-aýalyñ degişmeleri -2 ÄR-AÝALYÑ DEGIŞMELERI
Orta ýaşlaryndaky bir adam polisiýa gelip, aýalynyñ ýitirim bolandygy barada arz edýär.
— Ýogsa-da, ol haçan ýitirim boldy? — diýip, nobatçy ofiser ondan soraýar.
— Bäş ýyl mundan ozal.
— Bäş ýyl?! Eýsem, bu barada diñe häzir arza berýäñizmi?!
— Wah, düşüniñ-ä siz… Men onuñ ýitirim bolandygyna şu wagta deñiç ynanyp bilemok!
* * *
— Seret, ynha, alymlar erkeklere seredende aýallara has köp uklamanyñ gerekdigini subut edipdirler — diýip, adamsy okap oturan gazetini aýalyna görkezýär.
— Sen muny näme üçin maña aýdýañ? — diýip, aýaly gatyrganjak bolýar.
— Gijelerine meniñ haçan öýe gelendigimi bilmek üçin irikgä bolup oturman, arkaýym ukyñy al — diýip, adamsy gülümsiräpdir.
* * *
Dagda ýaşaýan gabrowolynyñ aýaly hassalap ýatypdyr. Derman üçin puluny gysgananandan soñ, onuñ aýalynyñ haly barha teñleşip başlapdyr. Halys bolmajagyny bilensoñ, gabrowoly lukman çagyryp gelmek üçin, giçlik şähere ugrapdyr. Ýoly ýarpylaberende, güpbe bir zat ýadyna düşüp, yzyna dolanypdyr. Gapyny açaryna mähetdel, aýalyna şeýle diýipdir:
— Keýwany, gulak goý, eger ömür pelläñ ahyrlaberenini duýsañ, çyrany öçür. Nebit biderek ýere ýanyp durmasyn.
* * *
Äri aýalyndan soraýar:
— Eger-de men birden amanadymy tabşyraýsam, sen uly iliñ bilen möññürermiñ?
— Elbetde — diýip, aýaly jogap berýär. — Señ özüñ maña beled-ä, sähel maýda-çüýde zat üçinem horkuldaberýändirin.
* * *
— Jenap sudýa, munyñyz karam bolýa. Geçen sapar aýalyma «Jojuk» diýenim üçin 200 frank jerime töledim. Bu gün bolsa, 500 frank talap edýäñiz.
— Munuñ sebäbi şeýle: erkin nyrhlara geçileli bäri jojugyñ bahasy hem ep-esli galdy.
* * *
Iki tussagyñ söhbeti.
— Saña näçe ýyl berdiler?
— Ýigrimi bäş ýyl.
— Ýagşy. Onda sen gaýrat et-de, aýalyma ýazan hatymy oña gowşur. Sebäbi maña otuz ýyl berdiler.
* * *
Ýigit:
— Durmuş guranymyza hepde-de bolanok welin, eýýäm sen goh turzup başladyñ-la?!
Gelni:
— Men bu güne iki ýyl garaşyp gezdim.
* * *
Sudýa:
— Hiç akyla sygdyryp bilemok. Nähililik bilen bir ýumrukda aýalyñyzyñ dört dişini damagyna ugradyp bildiñiz?
Aýyplanýan:
— Bi itiñ añsady. Isleseñiz, size-de görkezip biljek.
* * *
— Gyzym ýokuş görme, sen oýlanmazdan, durmuşa çykýañ.
— Wiý, sen özüñ arada bu barada saña oýlanmak ir diýmediñmi?
* * *
Aýaly ärine şeýle diýýär:
— Sen düýn suwa gark bolanymda meni halas eden adamy gördüñmi?
Äri:
— Gördüm. Ol eýýäm gelip menden ötünjem sorady.
* * *
Bir erkek kişi aýaly bilen giç agşamlyk ýol bilen gelýärkäler eli sapançaly talañçylaryñ biri olaryñ ýoluny kesýär:
— Eliñizi galdyryñ! Hany pul, çykaryñ!
Äri goltugyna elini sokup, bir topbak puly çykarýar-da, talañça uzadýar. Muny gören aýaly gahar bilen äriniñ ýüzüne şarpyk çalyp ugraýar:
— Kezzap sen! Possun alyp ber diýsem, mydama pulum ýok diýýädiñ-le? Talañça gerek bolsa welin, derrew tapylaýýar!
* * *
Är-aýal bäş ýaşly oguljygy bilen ýol ugurdaky barlaryñ birine girýär. Oglanjygyñ kakasy barmene:
— Iki ýüzden iki sany arak guý! — diýýär.
Ogly welin gyssanjyna şeýle diýýär:
— Näme, ejem içjek däl diýýärmi?
* * *
Sudýa şaýatdan soraýar:
— Siz Potdyýewiñ şu zenan bilen edil öz aýaly ýaly ýaşaýandygyna güwä geçýäñizmi?
— Ýok, ýoldaş sudýa! Ondan has gowy ýaşaýarlar!
* * *
Äri çaga dogrulýan jaýyñ äpişgesinden seredýär. Ol aýaly görnenden şeýle diýýär:
— Oglumy görkez!
— Entek rugsat berenoklar!
— Ol özüni nähili duýýar?
— Oñat!
— Kime meñzeýär?
— Barybir sen ony tanamaýañ!
* * *
Palçy kartlary düzüşdirip, ýaş gyzyñ täleýine garap berýär:
— Tiz wagtdan ýaşajyk, owadan bir oglan seniñ durmuşyña aralaşýar!
— Uzyn boýlumy?
— Agramy 3-4 kilogram aralykda…
* * *
— Keýwany, hany seret, şu norka telpek maña gelişýärmi?
— Bä, gelşäýdi!
— Onda muny satyn alaýaly. 350 müñ manatjyk.
— Hany, ýene-de bir geýip gör… Degişmeler
69 |
9 |
0 |
2 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap
Sada we yurekden berlen jogaplar, Gaty gowy mowzuk!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Edebi söhbetdeşlik Goçmyrat Orazberdiýew bilen sorag jogap
MG8 (14.06.2026 / 08:34)
MG8 (14.06.2026 / 08:34)
Ýüregimiň Sözleri❤️
Bir zat yazjak bolsan, kop okamany, kop pikir etmani, kop dushunmani, kop duymany, yzgiderli yazmany, tankytlardan sowamak dalde olardan guyc alm...dowamy...
Edebi söhbetdeşlik Taýmaz Seýidow bilen sorag-jogap
Kabir jogaplary okayan welin bu adam bilen tanyshasyn, owrenesin, yazgylaryny eserlerini urc edip owrenesin gelyar, Kabir jogaplar bolsa hatda mo...dowamy...
IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 4.
"Söýginiň bar ýerinde utanç ýok. Berk belle." Shula bir hiliraklay beylede bir zat bormay, Soygi pynhanlygy, utanjy, ejaby, edebi, gaty halayand...dowamy...
Ýagşylyk etseň ynsana, aylanyp deper ÿeňsäňe 3
Shutemada gozgalmaly mesele aydylmaly zat gaty kan, on un teswr dalde 1-2 sany mowzuk acaymasan, Has gysgasy, "Eger yagshylyk edip pushman boru...dowamy...