“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Chocolate : Umytdan düşülensoň hyýala münülenok...

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Şajan wäşiniň şortalary
Premium
 Prinsessa [off]
 22.01.2026 / 09:11
 Şol onkije Ayperilai🙂

Bir gün Şajanyň ýoldaşy obadaşy Kerim agadan namaz okanda geýer ýaly bir telpek soraýar. Kerim aganyň özem degişmäni gowy görýän adam. Olar kinodaky Gandym aganyň geýýäni ýaly bir şyrdy telpegi berip: “Al, şunda okaber. Sogaby meniňki” diýipdir.
– Kelle baryny gören telpek bolarly. Geýer dagy eder ýaly däl.
Bir gün biri sadaka berdi. Ýaňky telpek alan oglan bilen bile şoňa barýas. Agşamara. Ýolda onuň bilen maslahat etdik. Kerim agany käýindirmeli. Gaharyny getirmeli.
Bardyk. Kerim aga-da otyr. Ol bize ýüzlenip:
– Näme, gijä galýaňyz märekeden?! – diýip sorady.
Menem ýoldaşymyň adyny tutup:
– Ýusup aýaly bilen dawa edýän eken. Men ony zordan öýünden çykardym – diýdim.
Kerim aga geň galdy.
– Gijäň içinde aýaly bilen näme dawasy barka?
Göreniň Ýusup, gepde hakyny giderjekmi?
– Kerim aga, maňa “Namaz okaňda geýersiň” diýip, bir telpek beripdiň. Ony men öýe salýan welin: “Munuň sirkesi, biti bar” diýip, aýalym daşaryk zyňýar. Dawamyz şo” – diýdi.
* * *

Ýene bir gün çynaryň aşagynda otyrys. Men:
– Ýusup, agşamara är-aýal bolup tamdyr başynda näme işläp otyrdyňyz¬ – diýdim. Olam:
– Aý, şo Kerim agaň beren telpeginiň bitini tamdyra kakyp otyrdyk – diýdi.
Kerim aga bolsa saklanyp bilmän:
– Indi telpek ýerine belaň sapyny alarsyň – diýip käýindi. Muňa oturanlar hezil edip gülüşdiler.

* * *

Şajanyň daýysy Çary molla “Göroglyny” diňlemegi gowy görýän eken.
Bir gün onuň çagalary “Göroglyny” okaýan ekenler. Görogly atyny gözlemäge gitjek bolup, ýola çykanda Agaýunusa: “Men birden atyma diýip gidemde Göroglydygymy tanap öldürseler, senem meni ölendigimi eşitseň, näme diýip aglarsyň?” diýip, soran ýerine ýetende, Çary daýym aýalyndan:
– Döwletgül, men ötemde sen näme diýip aglarsyň? – diýip sorapdyr. Aýalam degişgen:
– Sen ötmeseň, gözümden ýaşam çykjak däl – diýip jogap beripdir.

• Kurortda

Segseninji ýyllaryň ahyrynda Şajan Nalçige, kurorta gidip gelipdir. Baran gününiň agşamsy tans bolýan eken. Şajanam barýar.
– Tans başlandy. Alyp baryjy bir artistiň adyny tutup, “Ol aradan çykdy. Ýöne onuň bir tans aýdymy bardy. Şony eşitdirjek” – diýip, yşygy öçürtdi.
Her kim biriniň golundan tutup, tans meýdançasyna çykdy. Menem birini alyp çykdym. Garaňkylyk, pyrlanyberdik. Ahyr ýadap, yşygy ýakdylar. Görsem, meniň alyp çykanym daýaw erkek kişi bolsa nätjek. Hernä, garagolluk edip, ony ogşap zat etmändirin.

• Dagda

Tomusda nohurlylaryň ählisi daga, ýazlagda çykýarlar. Güýzüň soňky aýynda-da oba göçüp gelýärler. Şajanyňam ata-enesi çarwa çykýarlar. Bir günem olar ýazlagçy goňşularyndan sargyt edipdirler: “Şajana aýdyň, maşyn getirsin. Är-aýal bolup galdyk. Oraçamyzam söküldi. Başga adamam ýok”. Şajanam bu habary eşidip, maşynyň gözlegine çykýar.
– Goňşy Garawul obasyndan bir tanyş sürüji oglan gabat gelýär. Muny saklap: “Ýazlagda kakam bar. Şony göçürip geleli” diýsem, “Ýör” diýdi. Munuňam maşyn sürüşi däliň sürüsi ýaly-da. Ýok edip barýar. Barsak, kakam bilen ejem oraçany söküp otyrlar.
Kakam maňa:
– Sen ejeň bilen maşynyň içine mün. Men üstüne münjek – diýdi.
– Özüň içine münäý – diýsemem etmedi.
– Aý, men zatlara seredip gitjek – diýdi.
Ejem bilen maşynyň içine mündük. Şopuram bir: “Mündüňizmi?” diýip gygyrdy. Bir ses geldi. Ugradyk. Aý, basyberdi şopur. Gönüläp gelýä ýollardan. Oba gelip, öýümiziň derwezesiniň agzynda maşyny saklady. Düşüp seretsem, maşynyň üstünde kakam ýok. Ejem-ä “waý-waş” ediberdi. ”Sygyr hudaýýoly, goýun hudaýýoly…” urbadan çykaryp barýar. Maşyny yzyna öwürdik. Ýoluň gyralaryna seredip barýas. Şeýdip oraça söken ýerimize, ýazlaga bardyk. Barsak, kakam gaharly, başyny aşak salyp otyr.
– Kaka, näme boldy? – diýip soradym.
– Zäher boldy, merez boldy – diýdi.
Asyl, şopur “Mündüňizmi?” diýip, gygyranda, ol elini ýaňy maşynyň nowasyna ýetiren eken. Maşyn ugranda-da galypdyr.


117

11

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 25.01.2026 / 19:07

+0

:D puhahaaaa


Premium
USA_virus  (25.01.2026 / 21:37) 

rexha, goumi sen

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->