“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
xuliganka : Ýa Ýaradan duçar et diñe gowsyna:/

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ependiniñ gephaltasyndan -1
Premium
 Prinsessa [off]
 22.01.2026 / 18:35
 Şol onkije Ayperilai🙂

• Myrlap ýatyberiñ

Bir maşynly Ependiniñ pişigini basyp geçipdir. Sürüji dyza çöküp, Ependä ýalbarmaga başlapdyr:
— Ýaşuly, men pişigiñiziñ öwezini dolmaga, deregini tutmaga taýyn…
— Ýagşy… — diýip, Ependi ýeñsesini gaşapdyr. — Pejiñ gapdalynda düýrleniñ-de, myrlap ýatyberiñ. Syçanlary tutsañyzam bor, tutmasañyzam…

• Maşgala ojagy

— "Maşgala ojagy" diýen söze nähili düşünmeli? — diýip, Ependiden sorapdyrlar.
— "Maşgala ojagy" diýýäñmi? — Ependi biraz böwrüni diñläpdir. — Aýaly adamsyny ömürboýy ýugrup-ýasap bişir oturar-da, "maşgala ojagy" diýilýän näme bor öýdýäñ?

• Guragyrynyñ derdi

Günlerde bir gün Ependi wraçyñ ýanyna barypdyr:
— Ýadyñyza düşýämi, geçen ýyl ýanyñyza gelipdim… — Ependi söze başlapdyr.
— Ýeri, bäri bakyşdyñyzmy? — diýip, wraç sowal beripdir.
— Siz şonda çygdan, ölden seresap boluñ diýip, maslahat beripdiñiz.
— Näme guragyryñyz ýene gozgajak bolýamy?
— Ýok… Ýöne men hammama gitseñ bolýanyny-bolmaýanyny soramaga geldim?!

• Öýlenemde-hä…

— Kaka, ejem näçe ýaşynda? — diýip, Ependiniñ ogly sorapdyr.
— Men ejeñe öýlenemde-hä on dokuz ýaşy bardy! — diýip, Ependi jogap beripdir.

• Laýam tapyp berseñ…

On günläp poliklinika gatnan Ependä wraçy ahyry gutarnykly kesgitnama çykarypdyr:
— Ependi aga, siziñ bagryñyza daş ýygnanypdyr, peşewhaltañyzy çäge tutupdyr, öýkeniñizi hek alypdyr…
— Dogtor jan, munça bolanyna görä laý üýşen ýerinem tapyp beräýseñ, men özüme kümmet galdyryberjek — diýip, Ependi wraçyñ sözüni bölüpdir.

• Mümkinmi

— Sap ýürekli adamyny satyn alyp bolarmy? — diýip, bir bende Ependä içýakgyç sowal beripdir.
— Satyn alyp bolmaz, ýöne satyp welin bolar — diýip, Ependi säginmän jogap beripdir.

• Ýaradymy?

— Nähili, doklad ýaradymy? — diýip, Ependiden sorapdyrlar.
— Sen sorama — menem aýtmaýyn! — diýip, Ependi başyny ýaýkapdyr. — Barymyz agzymyzy açyp galaýandyrys.
— Dokladçy gaty güýçli eken-dä onda?
— Sen düşünmediñ… Biz ýöne pallap oturdyk diýdigim şol…

• Garrylyk

— Keýwany, sen meñ äýnegimiñ nirededigini bileñokmy? — diýip, Ependi aýalyndan sorapdyr.
— Bilmedim-dä! — diýip, aýaly jogap beripdir.
— Päheý, heleý jan, ýadyñda derek galmandyr, garrap ýörsüñ öýdýän! — diýip, Ependi hüñürdäpdir.

• Öz ýanymda

— Bagyşlañ, ýöne siz nirededir bir gören ýüzüm! — diýip, awtobusda biri Ependä icgin-içgin garapdyr.
— Men ýüzümi onda-munda taşlap ýörenlerden däl, meñ ýüzüm hemişe öz ýanymda! — Ependi jogap beripdir. Degişmeler


81

6

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->