“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yağmur gibi sev beni. Kaçmak mümkün olmasın

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Çilim tüssesiniñ çaga zyýany
Premium
 Prinsessa [off]
 22.01.2026 / 20:27
 Şol onkije Ayperilai🙂

Ýanyp tüssesinden çilimiñ we çilim çekýän adamyn demi arkaly ýayradýan tüssesinden dem almaga mejbur bolmaklyga «gowşak çilim çekmek» diýilýär. Ýaramaz ysy bilen derrew belli bolýan çilim tüssesi adamyñ saglygyna uly howp salýar. Töwerege ýaýran çilim tüssesiniñ düzüminde 4 müñden gowrak (azyndan 43 sanysy düwnük keseliniñ döremegine sebäp bolýan) himiki maddanyň bardygy anyklandy. ABŞ-da uly adamlaryň 26 prosentiniñ çilim çekýändigi, bäş ýaşdan kiçi çagalaryň 50-67 prosentiniñ hem çilim çekilyän öýlerde ýaşaýandygy göz öñünde tutulanda çagalaryň nähili uly howpuñ astyndadygy has aýdyñ bolýar.
• Iñ uly zyýan çagalara ýetýär

Töwerege ýaýraýan çilim tüssesi hemmelere zyýanly, ýöne enäniñ göwresindäki bäbeklere we ýaňy bolan bäbeklere has zyýanly. Çünki ýañy ösüp gelýän öýken we beýni ýaly organlara zeper ýetýär. Ene bilen göwredäki çaganyň arasyndaky gan aýlanyşygy çilim çekýän aýallarda üýtgeýär. Munuň nähili keselleriñ döremegine sebäp bolýandygyny doly kesgitlemek heniz başardanok. Ýöne geçirilen käbir işler göwreli wagty çilim çeken eneleriñ köplenç kemis çaga dogurýandygyny, göwresindäki çaganyň aýrylýandygyny görkezdi. Mundan başga-da çilim çekýän aýallaryň 1-12 aylyk çagalarynyň birden aradan çykmak ähtimallygy hem bar.

• Çaganyñ öýkeni we dem alyş sistemasy

Töwerege ýaýran çilim tüssesi çaganyň öýkeniniñ işleýişini bozýar we çagada demgysma ýüze çykýar. Çilim tüssesi çagalaryň dem alyş ýollarynda dürli keselleriñ döremegine, esasan-da iki ýaşdan kiçi çagalarda bronhit we öýken çişme keselleriniň döremegine ýol açýar. 1992-nji ýylda geçirilen bir işiñ netijesinde töwerege ýaýran çilim tüssesiniñ 18 aýdan kiçi çagalaryň her ýylda 150-300 müñüsiniň dem alyş ýollarynda ýokanç keselleriñ döremegine sebäp bolýandygy belli boldy. Şol hassalaryň 15 müñüsi hassahanalar-da ýatmaly bolupdyr. Günde ýarym guty ýa-da ondan-da köp çilim çekýän ene-atalaryň çagalarynyň dem alyş ýollarynda kesel döremek ähtimallygy iki esse ýokarydyr.

• Çilim tüssesi düwnüge-de sebäp bolýar

Töwerege ýaýran çilim tüssesi düwnük keseliniñ döremegine-de sebäp bolýar. Çilim tüssesi her ýyl çilim çekmeýän adamlaryň üç müñden gowragynyň öýken düwnük keseli zerarly aradan çykmagyna getirýär. Çilimin töwerege ýaýraýan tüssesi gulakda dürli ýokanç keselleri hem döredip bilýär. Çagalarda kerlige sebäp bolýan esasy zadyň biriniň gulak ýokanç keselidigini ýatdan çykarmalyñ.

• Näme etmeli?

Eger çilim çekýän bolsanyz, çilimi taşlañ. Çilimi taşlamak üçin kömek gerek bolsa, lukmana ýüz tutuň. Sebäbi çilimi taşlamagynyza kömek etjek birnäçe serişde bar. Öýüñizde çilim çekýänler bar bolsa, olaryň çilimi taşlamagyna kömek ediň. Hiç bolmanda, olardan we öýe gelen myhmanlardan çilimi daşarda çekmegi haýyş ediñ. Maşynyňyzyñ içinde çilim çekilmegine ýol bermäñ. Çaganyzyň ýanynda çilim çekilip-çekilmeýändigine gözegçilik ediñ.

Bahar BERKMAN. Medisina


79

4

0

1

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Iňlisçe adyňy aýtmany başarýaňmy özi sen...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
Outlier (Şugün, 08:45)

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->