“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Söz ýalňyşy bolar, ýalany bolmaz... #Ali

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Tapmadym
 Özümiziňki
 Minigim [off]
 22.01.2026 / 21:52
 Lekum dinikum ve liye din

Ýaşap ýörse adam köp zat bilermiş,
Görenleň geljege sapak bolarmyş.
Ýagşylyk- ýagşy däp, göze ilermiş,
Ýagşy däpden görnüp duran tapmadym.

Ömür göwünleri bir-bire sapdym,
Agyr ýüklileriň ýüklerin çekdim.
Myhmany sylaglap, ýogum bar etdim,
Myhmana kän gujak geren tapmadym.

Köp işlerde köpçülige gatnaşyp,
Ýoldaş bol diýseler alyslar aşyp,
Bendäň birin iki etmäge çalyşyp,
Birim iki edip beren tapmadym.

Ýitireniň ýitigini gözleşdim,
Ýykylanyň taýan ýerin düzleşdim.
Ar-namysa gezek gelse yzlaşdym,
Namysym yzlaşjak ýaran tapmadym.

Bir pesi gördügim mes etjek boldum,
Aglanyň ýanynda ses etjek boldum.
Ýekäniň ýanyny köpeltjek boldum,
Öz yzyma hiç eýeren tapmadym.

Şeýdip, derýa ýagşylygy kän atdym,
Balyk hem Halyk dek deň biler öýtdüm.
Mal, zat däl-de, mähir tamasyn etdim,
Bu tamany ödäp ýören tapmadym.

Geldimyrat Seýidow


96

6

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 25.01.2026 / 02:13

+0

Edeniň ödelmese gynanýaň. Käbirine ýagşylygy köpüräk ediberseň, soňabaka borçdyr öýdýärler :)

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->