“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Dunyodagi : Menä küseýän.ýöne meň bilen işem yok

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

GÖWNÜME GÖWÜNDEŞ EJEM
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 27.01.2026 / 20:37

"Gyzym, soňky günler garraýan" diýip,
Meni beýle oýa batyrma, eje!
Ber eliňi, seni dünýä aýlaýyn,
Gözüňe ýaş aýlap oturma, eje!

Bu bir ömür aýlanyp dur aý-günler,
Saýaňda bark urýar al-elwan güller,
Göwre garrasa-da, ýaşdyr göwünler,
Bu ýüki gerdenňe göterme, eje!

Ýyllar gül ýüzüňde gasyn goýupdyr,
Durmuş sözleriňde asal goýupdyr,
Allam gursagyňa mähir guýupdyr,
Garrylygy göwne getirme, eje!

Garrylyk ynsana berilen bir paý,
Uzak ýaşamaklyk - ömrüňe serpaý,
Göwnüme göwündeş, ýüregime taý,
Ömrüňi gussada ötürme, eje!

"Balam, soňky günler garraýan" diýip,
"Gör, ýaşymam juda galňaýar" diỳip,
"Indi köpçülige barmaýan" diýip,
Meni beýle oýa batyrma, eje!
Bu derdi gerdenňe göterme, eje!

Bahargül Mejidowa

🌹🌹🌹

Görmäge geldim

Ähli aladamy bir ýaňa goýup,
Käbäm, ýene seni görmäge geldim.
Öwüt-ündewlerňi gursagma guýup,
Käbäm, ýene seni görmäge geldim.

Ýyly mährin küýsäp gözel obamyň,
Wah, goýnunda hezil edip oýnanym,
Men senim zürýadyň, yzyň, dowamyň,
Käbäm, ýene seni görmäge geldim.

Aýak ýalaň gezen köçelerimde,
Ýatlama galypdyr niçe ýerinde,
Oturyp ak gülli keçeleriňde,
Käbäm, ýene seni görmäge geldim.

Enäň perzendine ýokdur dözümi,
Ejem barka bagtly duýýan özümi,
Eşitmek üçin "balam" diýen sözüňi,
Käbäm, ýene seni görmäge geldim.

Boýum bilen boýdaş boldy agtygyň,
Baky eýesi ol köňül tagtymyň,
Mähribanlam gözbaşy siz bagtymyň,
Käbäm, ýene seni görmäge geldim.

Bahargül Mejidowa


110

16

2

10

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 Senyorita [off]
 28.01.2026 / 20:38

+1

...Seň kalbyma guýan çäksiz yşkyňdan,
Guşlary saýradyp, gider gyş mundan,
Seniň bahar, behişt ysly müşküňden,
Älem güllär, Zemin ýaz bolar, eje!

Ogultäç Oraztaganowa

* * *
...Garrasak, biz garraly,
Sen garrama, eje jan.

Myrat Ömür


Özümiziňki
Gulmahrem  (28.01.2026 / 20:56) 

Senyorita,🌹

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 01.02.2026 / 14:09

+1

Ejelermiz uzak yashasyn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak yaşa saýtdaş🎂🎉...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Eren jak uzak yaşa, moşşym!...dowamy...

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


nirede bolan zat bu...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Uzak ýaşa saýtdaş...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


şulam şu saýtda ulaldy)Uzak yaşa...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


Gözüm kakyşýar hatlary okajak bolsam...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


türkmençe bilýäs diňe...dowamy...

Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan


00:00 гутлажакдым уклап галыпдырна братишка извини😊...dowamy...

JAŇ EDIŇ!


Hawwa wagty ganymat bilmeli...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | JAŇ EDIŇ!
Daniel (29.06.2026 / 21:11)

Ýatkeşligi ösdürüň!


Mena name etsemem bolonok men unutyan zadym birinin aydan sözleri yada öz aydan sözlerim garaz kelleden nasagrak men😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýatkeşligi ösdürüň!
Minigim (29.06.2026 / 17:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->