Ýürekdeş sözler!
"Paş eder seni" goşgy.
Aixcam_nx [off]
28.01.2026 / 14:55
Alhamdulillah🤍
- "Paş eder seni" goşgy.
Içki syryň aýtma her bir namarda,
Syryň ile ýaýyp, paş eder seni.
Ogry-kezzap bilen obadaş bolma,
Malyňdan aýyryp, aç eder seni.
Sam-sam adam bilen oturma, turma,
Zynhar, namart bilen sen söhbet gurma,
Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,
Barsaň, depesine täç eder seni.
Bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,
Jemalyny bir görmäge zar bolsa,
Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,
Ýagşy dostuň bilen öç eder seni.
Sopular ýaňylyp aýtmaz senany,
Säher tursaň, geçgeý barça günäni,
Aýtmawer gybat söz, etme zynany,
Dowzahyň oduna duş eder seni.
Magtymguly, ile ýaýdyň nesihat,
Zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet,
Huda berse sagadatly bir perzent,
Garrygan çagyňda ýaş eder seni.
Awtory: beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy.
101 |
17 |
3 |
4 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Crazy-boy [off]
Giden gitmiştir gittiği gün bitmiştir, Ben gideni değil giden beni kaybetmiştir
28.01.2026 / 15:56
+0
Ýalňyş'masam men paýlaşypdm soňra hem saýt öňki taryha getiripdiler
rexha [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
01.02.2026 / 14:14
+0
Zynhar,ülpet
Name diymek
Kapiro (01.02.2026 / 14:32)
rexha, Zynhar-asla,hijem,ülpet-dost
Soňky teswirler
Eren Ören s dnyom rozhdeniye jigimjan
00:00 гутлажакдым уклап галыпдырна братишка извини😊...dowamy...
Ýatkeşligi ösdürüň!
Mena name etsemem bolonok men unutyan zadym birinin aydan sözleri yada öz aydan sözlerim garaz kelleden nasagrak men😁...dowamy...