Ýürekdeş sözler!
Heý, oglan gel tanyşaly
Mishel [off]
28.01.2026 / 19:03
Birden bir gyzy söýesim geldi
Şol barýan gyza söz diýesim geldi
Yzyna düşüp biraz ýöredim
Eý, gyz salam bile ýöräli diýdim
Gyz gülüp maňa seretdi
Ýüzüme, egnime, telefonyma esetdi
Hiç zat diýmän öňe ýöredi
Ýa ýör ýada ýöreme diýmedi
Bu wagt men onuň tahýasyna seretdim
Boýyna, boluşyna ünsümi berdim
Bir zat diýmeli ýöne sözi tapmadym
Ýalanmy sözüm ýa çynmy şuny bilmedim
Biraz bile ýöräp yza galyp ugradym
Ýöreýşimi assajykdan gowşatdym
Telefonyň ekranyna seretdim
Hamala telefona jaň gelen deý boldum.
Şeýdip, gyzdan daşlaşyp galdym
Salgyma öwrülýän gyza seretdim
Bir seretsem gyz maňa gerek ýaly
Indi seretsem gyz gerek däl ýaly
Onyň yzyndan oýlanyp galdym
Söýmelimi bu gyzy men-ä bilmedim
Gel, ertir ýene bir zat diýeýin
Pikiri näme anyk bileýin
Su pikirden kelläm doldurdym
Sözlerimi öňünden oýlanyp goýdym
Oýlanyp ahyry bir söze geldim
Ertir şu sözi aýdyp göreýin diýdim
Ertir ýene garaşyp durdym
Ýöl üstünde gara garantgy boldum
Ynha, şol gyz öňe ätleýär
Ýüzünden gar bilen ýagyş ýagýar
Ýöne men indi gyzdan gaçyp bilmerin
Düýn gaçyp galdym indi gaçmaryn
Näme diýsemde bir zat diýerin
Iň bolmanda salam diýip galaryn
Gyz halky syzgyr tilki deý bolýar
Göz astyna alanyny ýüz prosent bilýär
Muny maňa enem aýdypdy
Kimi söýjegiňi gyzlar bireýýäm bilýär
Emma men bu gyza söýýän diýip bilmerin
Özümi derrew onuň üçin ýere urmaryn
Gyz köp başgasyny söýeýerin
Onsoňam men häli armiýada giderin
Degse bäş degmese ýigrimi bäş içim gysanok
Gyz üçin entek ölüp baramok
Ýalandan ýene telefona seretdim
Dogryma gelende eý gyz salam diýdim
Gyz torsaryp hiç zat diýmedi
Tersine ädimi ýene bat aldy
Men galdym yzda aňkarylyp
Indi ädimi owadan gyza seredip
Tahýasy biraz gyşyk, öňe ymtylýar
Yzynda näme bar tilki deý bilýär
Gara paltuny galdyrap gidýär
Sary saçlary tahýadan çozýar
Göwnüme gyz indi owadan ýaly
Maňa taý gelin bolaýjak ýaly
Men hem ondan pes däl owadan oglan
Enem bilen atam gowy görýän oglan
Näme diýsem alyp berýärler
Maşyn gerekmi oglym diýýärler
Okuw bilen işim ýüz prosent taýyn
Diňe bir gyz gerek maňa bolaýjak taýym
Ine, indi seret bu gyza näme boldy oňa
Düýn gülen gyz bu gün maňa torsarýar
Alasarmyk men indi nätmeli
Gyzyň yzyndan ylgap ýetmeli
Öňüne geçip eliň sermeli
Men seni söýýän diýip gözýaş dökmeli
Kelläm doly pikir derde ýaranok
Şol barýan gyza täsir edenok
Ýene galdym ýolda gözüm çerreldip
Gara gözlerimden gamgyn seredip
Birden özüme teselli geldi
Dostyma jaň etdim bäri gel diýip
Ertir şu ýoldan bir gyz geçmeli
Iki bolup bu gyzyň kellesini görmeli
Näm pikirdedigini bilmeli
Asly kim şony bilmeli
Ynha ikimiz ýene şol ýola çykdyk
Gyzyň gelerine iki bolup garaşdyk
Anha, gyz göründi sen oňa seret
Nireli bu gyz, kim ol, bela sataşdyk
Şeý diýip biz iki ýana ylgaşdyk
Iki bolup duran ýerimize ýelmeşdik
Gyz ýakyn geldi salam bermeli
Eý gyz sen kim tanyşaly diýmeli
Emma biziň agyzlarymyz ýelmeşdi
Salam ornuna agyzlarymyz gülüşdi
Gyz gitdi hanha ol ýolda öýüne baraýar
Biziň ýaly samsykdan uzaga barýar
Ertesi ýola çykmak maňa ýokmady
Gyz üçin kösenmek dogry gelmedi
Üç-dört günden ýadymdan çykdy
Käwagt bu gyz maňa ýolda göründi
Indi bu gyzdan gaçyp başladym
Ony görsem bir ýerlerde gizlendim
Bu gyz ornuna başga gyzy gözledim
Ýöne uzak wagt başga gyzy tapmadym
Ynha täze bir gyz şu gyza bir söz diýeýin
Söýýän diýse men hem şu gyzy söýýeýin
Asssajykdan baryp salam eý gyz diýdim
Sagat näçe boldy aýdyp ber diýdim
Gyz gülüp maňa seretdi
Men hem gyza gülüp seretdim
Sagat ikiden ýaňyja geçdi
Sen nirä bärmaly eý oglan maňa diýdi
Men pylan ýere barmaly ýolun bilemak
Bu şäherde men ýeke hiç kim bilemok
Wagtyň bar bolsa meni şol ýere elt
Onsoň öz işiňe sag bol alyp gaýyt
Maňa geregi hem şu gyz gözläp ýördüm
Bu gyzyň özi maňa ýör diýýär
Hamala ony alada edýän boldum
Hany ýör men seni elteýin diýdim
Ýol boýy gepleşip gitdik
Bir-birimiziň nomerimizi alyşdyk
Gerek bolsam maňa jaň ibergin diýdim
Men seni şol ýere elterin diýdim
Ertesi bu gyz maňa ýene jaň etdi
Men däl bu gyz meniň yzyma düşdi
Men däl bu gyz meniň gadyrym bildi
Hemişe birinji bolup gadyrymy goýdy
Günleriň bir güni ol ýene jaň etdi
Ýetiş ýogsa meni başga berýärler diýdi
Men enemi gyssap sawçy ugratdym
Eýýäm agşam sawçylar kesamat kesdi
Şeýdip bu gyz meniň gelinim boldy
Öýe gelip maňa ýagşylyk etdi
Häzir ol meniň aýalym çagajygymyz bar
Biri-birimize çyn aladamyz bar
Şeýleräk gyzlar dünýä özgerdi
Indi oglan däl gyz öýlenmeli boldy
Indi gyzdan ogalana sawçy gitmeli
Sawçy, oglyňy gyzyma beräý diýmeli
Ýogsa indi gyzlar ärsiz galmaly
Ýa ýigide men baraýyn diýmeli
Günde jaň edip halyn bilmeli
Pursat bolsa oglany bary görmeli
Oglan üçin gyzlar ýolda durmaly
Heý, oglan bari gel tanyşaly diýmeli
63 |
19 |
1 |
0 |
3 |
0 |
0 |
Teswirler:
rexha [off]
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
05.02.2026 / 09:54
+0
Oglan üçin gyzlar ýolda durmaly
Heý, oglan bari gel tanyşaly diýmeli
Ay natdiñay
Soňky teswirler
Ogul...
"Uly görün ýaşyňdan, Hormat gazan işiňden, Galman deň-duşundan, Uzak ýaşa ös ogul..."...dowamy...
Gara tam — Birinji bölüm
Edil Rahman Zülfikarowyň stilinde ýazylan žanra gep ýok, dowamyny hem ýazan bolsaňyz goýsaňyz awtor...dowamy...
Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]
Şu ýerde käbir adamlaryň bir häsiýetine haýran galýan.Mysal üçin, bir adam jaý gurluşygy bilmeýän bolsa, ussa ýüz tutýar. Özüniň şu ugurda hiç bi...dowamy...
Oraza baýramy
Metjidimizin ymamy Remezan,hachanda Remezan gutaranson bashlayar,namazda hachan iki egnine salam bereninden son bashlayar diyip wagyz edipdi shu...dowamy...
Aldamana oglana ýagşy... [pes goşga, Hak jogap]
Göwnejaý gürrüň. Başarsaň, öwren we öwret. Başarmadyňmy, gep etme, şyltak atma....dowamy...
Halal zähmet (tymsal)
Örän gowy temany saýlap alypsyň. Halal zähmet çekip ýaşamalydygyny aýdypsyň. Emma özüňi mysal getirip aýytmansyň. Özüň halal zähmet çekip nämeler...dowamy...
Heserdeş (oýlanma)
Tuweleme. Ay bul-a Nesilde cap bolandyr...Yaslygymyn baharyna gatnasmansynyz-la, agam. Yeke gitmeli boldum )...dowamy...