Ýürekdeş sözler!
Top-tokgaja gyz öýümize geldi
Mishel [off]
Şugün, 10:19
Bir seretsem boýum ýetip gidipdir
Ýaşym birden ýigrimi alty bolupdyr
Ýigrimi alty ýaş diýip gysynyp gitdim
Gyz tapmaly diýen karara geldim
Seretsem bu gyzlar men üçin zanýat
Birje gyz ýok men üçin ne zanýat
Birwagtky gyzlar gidip galypdyr
Iň azy bir çagaly bolupdyr
Maňa bolaýjak gyz dogry gelmedi
Meniň üçin eneler gyz dogyrmady
Hemme gyz bir ýana biri gelmedi
Sawçy göýber diýen biräm bolmady
Bir gün aladam ýetik gidip otyrdym
Ýol boýunda dukan. Suw içeýin diýdim
Howa yssy suw içmeli boldum
Satyja sanap pulumy berdim
Suw guýýança töweregime seretdim
Bassyrmada otyran gyzlary gördüm
Gyzlar üýşüp doňdurma iýýär
Hem özara birzat diýip gülüşýär.
Gyzlaryň sesi jykyrda-jykyr
Kime gülüşýär kikirde-kikir
Görsem gyzlar içinde pökgüjik otyr
Çekgejigi gyp-gyzyl almajyk otyr
Ol hem gyzlara goşylyp gülýär
Tokgaja göwresi iki ýana oýnaýar
Saçlary dökülip egnine degýär
Yzyndan gyzyň ýüzi bilinmeýär
Şu gyzyň ýüzüni göresim geldi
Pökgijik turýança durasym geldi
Suwymy içip hol ýana geçdim
Bir agaç bar eken şoňa gizlendim
Ahyr gyzlar ýerinden turdy
Her bir gyz bölünip bir ýan ýöredi
Biri rusçalap do zawtra diýse
Bolup-eý gudbaý diýdi
Gowy boldy pökgüje ýoldan ýöredi
Myssarlyp bir gujak bolup ädimledi
Men yzyndan ýöredim saçlaryna seredip
Etden doly gyzyň boýlaryna guwanyp
Gapdallap ýöräp gyza seretdim
Ýüzüni göreýin diýip boýnum uzatdym
Bolsada eden azabym ýerine düşdi
Gyzyň gözlerine gözüm kaklyşdy
Gözleri ýaman däl mähirli eken
Semiz ýüzi bolsada nurana eken
Dodagy çekgesi bile utgaşýan eken
Burny hemmesinden owadan eken
Içimden şeý diýip gaty ýöredim
Barýan ýerime tizden gyssandym
Bäş-on ädip assajykdan sägindim
Özüme özüm şu sözi diýidim
Ýüzüni görüp bolýan eken diýdim
Özüň gyz gözleýän sallah sen diýdim
Indi näme öňe ylgaýaň
Gyz bilen belleşmän nirä sen barýaň
Häzir gepleşmesem gyz ýiter gider
Ýene bir sallaha gyz nesip eder
Gowysy häzir bu gyza bir zat diýip gör
Gapdalyndan gitmän birazrak ýör
Oýlanyp ýetenim su hyýal boldy
Onýança gyz gapdalyma geldi
Men duryn orta ýolda keserilip
Gyz geçjek bolýar menden sowulyp
Semiz bolsada ýöreýän eken
Ädimleri ýol önderýän eken
Eýýäm gyz menden arany açdy
Aramyz aýlanýançam bäş ädim boldy
Çakgan-çakgan ýöräp yzyndan ýetdim
Egnimiz deň gelende oňa şeý diýdim
Agyz menä saňa bir zat diýmekçi bolýan
Öň gyz bilen gepleşmändim öýkeleme diýýän
Bilýäňmi, agyz men ýigrimi alty ýaşadym
Indi öýlenmeli. Saňa öýlensem diýýän
Söýüşip ýörmäne indi wagtym ýok
Bolýar diýseň şu gün sawçy göýberýän
Bu sözlerim gyzy gyp-gyzyl etdi
Semiz ýüzünden gözi öň tarap çykdy
Dodagy sandyrap barmagyny çommaltdy
Hä, juwanamerk, utançsyz-haýasyz sen diýdi
Häzir agama jaň edip seni urdyryn
Ýoldan ýöräne söz diýmezek etdirin
Şeý diýip tokga gyz çirkin gygyrdy
Eje, gel, maňa bir oglan degýär, waýý
Men indi näme etmeli belki gaçmaly
Agasy geläýse meni urmaly
Gyzdan gapdala sowulyp hol ýerde durdym
Ýöne gaçmadym hiç kim gelmedi.
Gyz ýene myssyldap öňe ýöreýär.
Meniň aýaklarym ýene onuň ýanyna barýar
Gyz hiç zat diýenok dogry ýola seredýär
Meniň aýaklarym onyň gapdalyndan ýöreýär
Ahyry amatly pursat gelip oňa gepledim
Hä, nämä gygyrýäň men dogrymy aýytdym
Näme sen indi menden gowa bararmyň
Şu semizligiň bilen biriniň öýüne sygarmyň
Gyz dommarylyp: Işiň däl seniň
Semiz bolsam gel diýmedim ýanyma
Bar gitde tuberkulez degene öýlen
Meni öz erkime goý ýogsa seni uraryn
Agam däl seni özüm uraryn
Aýagyňdan tutyp hol palçyga zyňaryn
Men oňa: Nämä häýbat atýaň
Sen näme meni uraýmalymy
Onda ol: Senem maňa söz diýäýmelimi
Onda men: men saňa dogrymy aýytdym
Saňa öýlenjek diýdim
Sawçy göýberjek diýdim
Onda ol: sawçy diýip ýürege düşdüň
Hany göýber göreli adresimi berýin
Men oňa: Kim diýip nirä barmaly
Näçe galyň näçe manat tölemeli?
Onda gyz: Eger oýnaýsaň kelläň alaryn
Seni tapyp iş ýeriňden kowdyryn
Öýüňize baryp eneňe-ataňa gygyryn
Meni aldady diýip milisä hem bererin
Men oňa: ýök beýle bolmaz
Gykylyk däl enşalla toýymyz bolar
Şeýdip by gyz bilen toýymyz boldy
Top-tokga gyz öýümize geldi
14 |
7 |
1 |
2 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Soňky teswirler
