“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Ol gyz meni şeýle bir söýdi welin, maňa garşy uruş yglan etdi. Bilýäňizmi näme üçin?! Maňa ýesir düşmek üçin! (Şekspir)

Forum | UMUMY BÖLÜM | Dünýä täzelikleri

Tramp dollaryň kursunyň üýtgemegine teswir berdi
 Özümiziňki
 Vector_Pro [off]
 02.02.2026 / 09:56
 Köçe Mekdebi. Ynam däl, kynçylyk öwretdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dollaryň kursunyň peselmegine biynjalyk bolmaýandygy, gaýtam amerikan walýutasynyň «ýagdaýynyň gowudygy» barada aýtdy. Bu barada ol Aýýowa ştatynda, geçiriljek mitinge gatnaşmak üçin baran mahaly žurnalistlere habar berdi.

«Bloomberg» agentliginiň maglumatlaryna görä, dollaryň «Bloomberg Dollar Spot Index» görkezijisi sişenbe güni 0,4% aşaklap, 2022-nji ýylyň martyndan bäri iň pes derejesine ýetdi.
Dollaryň kursunyň peselmegi baradaky soraga Tramp: «Men şeýle bolmagyny isleýärin — [dollara] adalatly bolar ýaly öz derejesini tapmaga pursat bermeli», — diýip jogap berdi.

«Men ony ýo-ýo oýunjagy ýaly ýokary galdyryp ýa-da aşak düşürip bilerdim», — diýip ABŞ-nyň Prezidenti şeýle ssenariniň amatsyz boljakdygyny nygtady.

Amerikan walýutasy eýýäm bassyr dördünji gün arzanlaýar, iň uly peselme bolsa ýapon ýenasyna görä bolup geçdi. Ak tamyň ýolbaşçysynyň beýanaty «grinbegiň» (dollaryň) satylmagyny has-da güýçlendirdi. Şunuň bilen birlikde, bilermenler beýleki dünýä walýutalarynyň — ýewronyň we funt sterlingiň gymmatlaýandygyny belleýärler.
«Bloomberg-iň» habar berşine görä, dollar bilen işleýän treýderler 2011-nji ýyldan bäri walýutanyň has-da gowşamagyna iň uly stawkalary goýýarlar. Agentlik diňe bir bazaryň gysga möhletli gatnaşyjylarynyň däl, eýsem dollaryň uzak möhletleýin geljegine baha berýän maýadarlaryň arasynda hem ikirjiňlenmeleriň artýandygyny belleýär.

«ABŞ-nyň öňünden çaklap bolmaýan syýasaty dollaryň kursuna aç-açan oňaýsyz täsir edýär» diýip, «Danske Bank A/S»-iň uly analitigi Ýesper Fýarstedt aýtdy.

Mundan başga-da, «Fox News» telekanalyna beren interwýusynda Tramp import paçlarynyň (gümrük tölegleriniň) girizilmegi netijesinde ABŞ-nyň 600 milliard dollar alandygyny we şolaryň saýasynda ýurduň söwda defisitiniň 77% azalandygyny habar berdi.
Şeýle hem ol, eger söwda hyzmatdaşlaryna garşy girizilen paçlar ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti tarapyndan ýatyrylsa, olara çalşyrgyç tapjakdygyny sözüne goşdy. «Biz şol bir zady etmegiň başga bir ýoluny taparys. Ýöne ol beýle amatly bolmaz», — diýip amerikan prezidenti duýdurdy.


128

26

1

4

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 14.02.2026 / 05:59

+0

Sho Trampam sonky dowur her zat edip goryaray

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->