Senyorita [off]
03.02.2026 / 10:46
AÝ, BOLÝAR...
Men pelege gargap barýan içimden,
Pikirlem bulaşyk,
duýgulam dury.
Gyzgyn kofäň howry gidip kem-kemden,
Boşapdyr kalbymyň arzuw bulgury.
Jaň etsem almadyň. Gaty gördüňmi?
Seni näme diýip öýkeletdimkäm?!
Ýa bir sözi aýtman göwne degdimmi?
Ýa yşka meşgulmyň? Ýeri, ol kimkän?
Aý, bolýar, bolmasa bolmajagydyr,
Başyň esen bolsun, gijeleň mahmal.
Mensiz oňýan bolsaň durmuşyň şowdur,
Bagtly bolmasaňam,
rahatsyň ahmal...
Bu ömürde bar umydym söýgüdi,
Ony-da boş geçen ýyllar apardy.
Meni hiç kim isleýşimçe söýmedi,
Diňe enem pahyr çyndan öperdi.
Bir şahyra nirden indi diýsene
Munça söýgi, munça niýet, munça päl!
Sen ýanymda bolsaň edil şu dünýe,
Gyzgyn kofe bolsa oňuşmazça däl...
Seýitmyrat GELDIÝEW
143 |
29 |
7 |
10 |
0 |
0 |
0 |
Bro [off]
03.02.2026 / 14:04
+0
Aý, bolýar yzynda üşşnokat)
Senyorita (03.02.2026 / 15:42)
Bro,
Köp nokat köp zady aňladyp biler.
Zinnush [4m]
Goralan göze çöp düşer...
03.02.2026 / 14:12
+0
Men-ä bolýa diýýän)
Senyorita (03.02.2026 / 15:43)
Zinnush,
Makul bolsa bolýa diýmän bolanok-da)
Zinnush (03.02.2026 / 16:09)
Senyorita, göwne jaý
Minigim [off]
Lekum dinikum ve liye din
03.02.2026 / 15:56
+0
Pelege name?
Senyorita (03.02.2026 / 16:04)
Minigim,
Pelek sözi täleý, ykbal manysynda hem, asman manysynda hem ulanylýar.
Minigim (03.02.2026 / 16:11)
Senyorita, onda gosgyda asman manysynda ulandygy bolyarmy sebabi pelege synlap baryan diyyada
Minigim (03.02.2026 / 16:12)
Senyorita, gargap*
Senyorita (03.02.2026 / 16:17)
Minigim,
Goşguda pelege gargamagyň manysy ykbalyndan närazy bolmakmyka diýýän.
Minigim (03.02.2026 / 17:09)
Senyorita, mümkin ykbalda bul düşüner yaly dal
Belki [off]"Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
03.02.2026 / 17:03
+0
Kofecil Seyitmyrat...
Senyorita (03.02.2026 / 17:51)
Belki,
Hawa, goşgularynda bilinýär)
Fantom [off]
Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
04.02.2026 / 02:37
+0
Şu şahyr aýralyk goşgylaryny gowy ýazýaraý.
Ýörite pdf kitabyny gözläp tapyp okadym welin, internetdaky gowy goşgylaryny goşmandyrlar ýada meňki biriniň tapyp ýygnan kitaby boldy, garaz ine şu goşgysy ýokdy.
Diýjek bolýanym, Menä berekella diýän.
Senyorita (04.02.2026 / 08:45)
Fantom,
O:t ýalyjak goşgular. Belki, gowy gözlän däldirler-dä. Ýa-da bu goşgy ýazylmanka o kitabyň çykarylan bolmagam mümkin.
Mawy [off]
Dymmak iñ güýçli sesdir.
04.02.2026 / 18:19
+0
Gyzgyn kofe tapdyrar welin
Ine seni welin tapmak mümkin däl.Goşgyny her sapar okamda iñsoñunda pikirime gelýän sözleri ýazmak isledim.
Senyorita (04.02.2026 / 20:54)
Mawy,
Wah, ol aýdýanyňyz dogru-la.
rexha [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
14.02.2026 / 06:03
+0
Sen ýanymda bolsaň edil şu dünýe,
Gyzgyn kofe bolsa oňuşmazça däl...
Kofe ichmeyanler name...
Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk
Awtory kim? Muhammet şa Heywere kesele üçrap aşyr adasynda yogalmayarmy?...dowamy...
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...