Minigim [off]
03.02.2026 / 12:05
Lekum dinikum ve liye din
Küýkem bolsa, mydam ýalñyz başyny,
Mümkin boldugyça dik tutup gezdi.
Çagaka kän gülüpdiler üstünden,
Içýakgyç gülküden ini bez-bezdi.
Soñ kän gyzlar ondan ýüzüni sowdy,
Ýeñlesleri nakys gülüp, gaş kakdy.
Oglanyñ maksady söýgüsi bilen
Görülmedim menzillere aşmakdy.
Düşnüksiz üm bilen, yşarat bilen,
Ýadyna saldylar küýküligini.
Şol sebäpli oglan ýuwdandyr telim
Şor gözýaşa garyp tüýküligini.
Synasynyñ az-kem ýetmezi üçin,
Gaharjañ hem dymma bolýar küýküler.
Eger kimdir biri gyýa seretse,
Paýyş söger ýa ýüzüne tüýkürer.
Gyzlar, şol oglany, kalbyna garañ,
Şonda söýmek üçin bolmaz päsgel-de.
Arman çekýär söýgüsine şäriksiz,
Agyr düşýär duýgularna bäs gelme.
Emma kalby ýagty, niýeti düzüw,
Duýgulary çeşme ýaly kireñsiz.
Bagty çüwer ony söýen gözeliñ,
Çüwmez diýip, pikir etmäñ birem siz.
Çary Ýegenmyradow
106 |
14 |
3 |
4 |
1 |
0 |
1 |
IDEALLIDER2 [off]
03.02.2026 / 13:06
+0
Ynsanyň birzady kem bolsa, başga zady güýçli bolýar.
Bro (03.02.2026 / 13:44)
IDEALLIDER2, +Goşulýan, gaty dogry.
Minigim (03.02.2026 / 15:27)
IDEALLIDER2, deňeçer gitmelida hemme zatda üstünlikli bolup bilýãra adamlara
IDEALLIDER2 (03.02.2026 / 19:23)
Minigim, onsaň sen öz diýýäniň bolup bildiňmi?
Minigim (03.02.2026 / 19:41)
IDEALLIDER2, elbetde mana sungat mekdebe gatnamasan surat cekip bilmersin diydiler a men jetime gitsem erbet dineje adamyn yuzuni cekip bilemok galan suratlar meselesiz
IDEALLIDER2 (03.02.2026 / 21:43)
Minigim, onda nämçžn sen deňeçer gidip milýoner bolup bilmediň?
Minigim (03.02.2026 / 23:05)
IDEALLIDER2, eger birbada millioner bolup bilsedim bul wagta dine men dal herkim bolardy. Millionera dal yone wagtly wagtyna eline pul gelip dursa denecer gidip bolya
IDEALLIDER2 (04.02.2026 / 07:25)
Minigim, onda sen deňeçer gidip bilmänsiň
Minigim (04.02.2026 / 15:58)
IDEALLIDER2, mumkin
Orazjan [off]Sapby soranjaň
03.02.2026 / 15:40
+0
Aý, şu zamandaha küýkem bolsa pullyja bolsa bolany, gyzlar baslykýa,
Minigim (03.02.2026 / 15:42)
Orazjan, onyna dogry şul wagt hemme zat pull
IDEALLIDER2 (03.02.2026 / 19:23)
Minigim, ... diýýäniň özüni hem pul bilen çözüp bolýar.
Minigim (03.02.2026 / 19:39)
IDEALLIDER2, ay yok hemme zat pul kabir adamlaram pul kabirleri puldal
IDEALLIDER2 (03.02.2026 / 21:44)
Minigim, ilkä "Onyňa dogry" diýýäň, soňam "Aý ýok" diýýäň. Diýýänzatlaryňdan egniňdäkiň habary barmy?
Minigim (03.02.2026 / 23:00)
IDEALLIDER2, howwa pul hemme zady hemme yerde cozyar yone kabir yerde manlayyna bagly
Minigim (03.02.2026 / 23:20)
Orazjan, halki yok diyyaninem kabir adamy pul bilen cozup bolonok diydigim
Sen diydina "diyyanin ozunem pul bilen cozup bolar" diyip Ana sol
IDEALLIDER2 (04.02.2026 / 07:27)
Minigim, seň öz pikirleriň, sözleriň bulaşyk. Olary garyşdyrma. Aýyl-saýyl et.
Minigim (04.02.2026 / 15:59)
IDEALLIDER2, dusunene bulasyk dal. Yuwas yuwas dusunsersin mana
rexha [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
14.02.2026 / 06:07
+0
Mena halamadym
Minigim (14.02.2026 / 14:13)
rexha, aha
Soltan Jelaleddin. Ikinji garpyşyk
Awtory kim? Muhammet şa Heywere kesele üçrap aşyr adasynda yogalmayarmy?...dowamy...
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...