Princessa04 [off]
05.02.2026 / 00:51
Özüň üçin ýaşa adamlar iýmekden doýmaýar.. 🌍🎓
Ýewgeniý Permýak
rus ýazyjysy
Elhenç ýazuw
(hekaýa)
Aýtmaklaryna görä, adamyň hat ýazuwy onuň tebigatyny, umuman häsiýetini beýan edýärmişin. Hat-da adamlaryň hat ýazuwyny öwrenýän ýörite hünärmenlerem bar. Ol hünärmenler adamyň ýazuwyny görüp, onuň häsiýetini dessine anyklaýarlar.
Dogrysy, men bu aýdylanlara nähili garajagymy hem bilmeýärin, meniň pikirimçe adamyň ýazuwy onuň özüne baglymyka diýýärin.
Bir gezek hem uly alym bolup işleýän mekdepdeş dostum şeýle diýdi:
― Öňler meniň diýseň elhenç ýazuwum bardy, iň bärkisi düýnki ýazyp, bellik edip goýan hatlarymyň köpüsine özümem düşünemokdym. Bu ýagdaý diňe meniň özüme däl, eýsem daş-töweregimdäki adamlara hem zyýan berip başlady. Özüň pikir edip gör hany, haçanda seniň ýazgylaryňy okamaklyk üçin alanlarynda, ondaky ýazylan jümlelere düşünmeseler özüňi nähili duýarsyň? Şeýlelik bilen menem edil beýleki adamlar ýaly pikirlenmäge başladym. Näme sebäpden meniň beýle elhenç ýazuwym barka? Birdenem men, birinji synpda ilkinji gezek çyzyjak, gyýtagrak şekiljikler bilen ýazuw ýazmaga başlanymdan, tä häzirki güne çenli ýazuwymy ýazyşymy ýatlamaga başladym. Seredip otursam, eýýäm birinji synpdan başlap ýazuwy howlukmaçlyk bilen biperwaý ýazmaga başlapdyryn. Wagt geçip, ýaşym ulalsa hem şol howlukmaçlyk bilen elhenç ýazmak endigimi taşlamandygyma haýran galdym. Sözleri doly ýazmaýardym. Harplary dogry-dürs ýazyşyma kän bir üns beremokdym, gyşyk-çaýşyk edip düşnüksiz hat ýazýardym. Käbir adamlar maňa ýazuwymyň elhençligi, düşnüksizligi barada aýtsalar hem «Men ýazuwymy düzedip bilmeýärin, elhenç ýazmaklyk endigi mende dogabitdi bar, bu bir tebigy ýagdaý ahyry...» diýen jümleler bilen özüme göwünlik berýärdim.
Soňra men «Ýazuw» sözüniň asyl manysy barada, adamyň endikleri barada, ikisiniň biri-biri bilen baglanşygy barada pikirlenmäge başladym. Adamyň geýýän eşiklerini, iýýän iýmitini aýawsyz saklaýşy dogrusynda, dişleriniň arassaçylygy, köpçülikde özüni alyp baryşy, goşlaryny bulam-bujar saklamagy, otagynyň hapalygy barada pikirlenýärdim. Bularyň ählisi endik. Ýaňky aýdan endiklerimiň ählisi özboluşly «ýazuwy» aňlatsa gerek? Pikirlenip otursam azrak çemeleşseň, adamyň şol endiklerini düzedip bolýandygyna haýran galdym. Aýratyn-da mekdep okuwçylarynyň endiklerini. Meselem, oňa käwagt öwretmeli, käwagtlar bolsa ýaramaz endiklerini düzetmekden ýüz öwürse käýemeli ýerleri hem bolýar. Howlukmaçlygyny, biperwaýlygyny, ünssüzligini iň bärkisi ýönekeý işleriň biri bolan ― köwüşleriniň arassaçylygyna çenli, geýimindäki kiçijik tegmile çenli we başga-da ençeme endiklerini düzetmek babatynda diňe bir oglanjyklar bilen gyzjagazlara däl-de, arassaçylyk meselesini haýwanjyklara hem öwretmeli.
Ullakan adam bolmagyma garamazdan, elhenç hatymy düzetmek üçin öz üstümde işlemäge başladym.
Her näçe maňa ýazuwy dogry we düşnükli ýazmaklyk, harplary edil nagyş çekilen ýaly owadan ýazmaklyk kyn görünse-de, öz üstümde işlemäge başladym. Çagalygymda kynçylyk çeken ýazuwymy düzetmek üçin onuň garşysyna göreşmäge başladym. Haýran galaýmaly!
Garaşylmadyk ýagdaý boldy. Men diňe bir dogry we tertipli ýazuw ýazamokdym, indi meniň ýazuwym beýlekilere we özüme diýseň ýaraýardy, okamak üçin kynçylyk berenokdy. Ýöne käwagtlar maňa howlukmaçlyk päsgel berýärdi, şonda-da özüme buýrup bu ýaramaz endigimden baş alyp çykmagy başardym. Ine-de netijesi...― diýip, meniň köne mekdepdeş dostum elde ýazan ylmy ýazgylaryny görkezmäge başlady. Setirleri şeýlebir tämiz, şeýlebir ajaýyp görünýärdi. Harplary bolsa gönüje, edil nagyş çekilen ýaly. Sözlerem okamak üçin düşnüklidi. Şol pursat men yhlas etseň elhenç ýazuwy düzedip bolýandygyna, elhenç ýazuwyň adamyň elhenç bejergisi bolmaýan endigine öwrülýändigine göz ýetirdim.
Menem öz ýanymdan «Elhenç ýazuwymy düzetmegiň ýoly ýok» diýip hasap edýärdim. Haçan-da mende hat ýazmaklyk zerurlygy ýüze çyksa, owadan ýazyp bilmesemem, ony ýerine ýetirýärdim. Meselem: çakylyklardaky, bukjalardaky salgylary we möhüm iş hatlaryny ýazýardym.
Indi siz nähili pikirde? Men öz tejribäme ynanýardym, çünki elhenç ýazmaklyk adamyň tebigatynda barlygy üçin döremeýär, elhenç ýazuw edil beýleki endikler ýaly ― ýaltalykdan, tertipsizlikden, edepsizlikden döreýär.
Indi hiç haçan kiçijik oglanjygyň ýa-da gyzjagazyň ýazuwynyň elhençdigine, dogry-dürs ýazmaýandygyna oňa ynsanyň tebigatynyň sebäp bolýandygyna ynanmaryn. Siz hem bu ýagdaýa ynanmaň! Eger-de siziňem elhenç ýazuwyňyz bar bolsa, onda özüňizi ýazuwyň üstünde işlemäge mejbur ediň. Meniň mekdepdeş dostumyň aýdyşy ýaly, öz ýazuwyňy sabyr-kanagatlylyk bilen, howlukman, yhlas bilen ýazmaga başlasaňyz öwrenersiňiz. Dostumyň maňa beren bu maslahatyny sizem ýerine ýetirseňiz, maňa sagbolsun aýtjagyňyza ynanýaryn. Bu ýazgylardan daşary, men size ýene azajyk söz aýdasym gelýär...
Owadan ýazylan ýazuw diňe bir owadanlyk üçin zerur däldir. Kime elimiz bilen hat ýazýan bolsak, onuň okap, düşünmekligi üçin owadan we düşnükli ýazmaklyk zerur bolýar. Arassa, düşnükli ýazylan ýazgylar, okyjynyň wagtyny tygşytlamaga ýardam edýär. Elhenç ýazgylary alan okyjy, ýazgylary okamaklyga synanyşanda gyşyk ýazylan ýazgylary yzygider okap bilmän, setirini ýitirýär. Diýmek, owadan we arassa ýazylan ýazgylar diňe bir özümiz üçin gerekli bolman, eýsem köpçülik üçinem zerurlyk hasaplanylýar.
Elhenç ýazuw barada ýazan hekaýamy peýdaly hasaplap okansyňyz diýip umyt edýärin! Hekaýanyň netijesinde elhenç ýazgylaryň sebäpkäri adam tebigaty dälde, diňe özümiziň günäkärdigimizi bilmelidiris.
Rus dilinden terjime eden
Annadursun ANNALYÝEWA,
99 |
31 |
4 |
9 |
0 |
0 |
1 |
TäzejeVandenes [off]
05.02.2026 / 01:45
+1
Muny mekdeplerde mugallymlar okuwçylara okatsa gowy boljak eken. Ýazuw endikleri diýlip ýöne ýere aýdylmaýar.
Hekaýa meñ üçin ýeñilräk geldi. "Şonsuzam köre ýasno ýazuwyñ endik sebäplidigi doga däldigi" diýdirdi içimden.
Princessa04 (05.02.2026 / 13:56)
Vandenes, eser ýeňil sebäbi çagalar edebiýatyna degişli doganym
TäzejeVandenes (05.02.2026 / 15:48)
Princessa04, hä bilipdirin onda. Häk maňa berekella. Gugula girmän hemem örjinalyny okaman detskidigini bilipdirin. :)
IDEALLIDER2 [off]
05.02.2026 / 13:37
+1
Ýalňyş ýazýan bolsa dogtar bolmaly ekeni. Şonda düzetmek geregem bolmazdy. Indi birden lukmançylyk hünäri saýlasa ýene elhenç ýazmagy öwrenmeli bolar
TäzejeAgza [off]
05.02.2026 / 14:07
+0
Elhenç sözi gönimel terjime edilip alynypdyr emma terjimede gönimel terjime dälde sazlaşykly yazmak gerekmika diyan heýde sen bir ýerde elhenç hat diyip esidipmidin esiden dalsin sebabi turkmencilikde bu yeke soz bilen erbet yada owadan dal diymek dogry
Elbetde bu menin pikirim
Emma terjimeden bayrakly orun alyan adam ucin bu terjime gaty pes diyip bilyan mena
Princessa04 (05.02.2026 / 14:14)
Agza, belki bu terjime 1ýyl bäri hiç kime görkezilmän komýuterimde durandyr? Ulanan däldirin? Borla gep düşündirjek bolmaýyn gowsy
Mämet sallah
[b][i][color=#f82e00]Herili adam ba by dönýede, Biri balatnoý, biri çort, Biri her gün iýä tort, Biri her gün edtä zard. Herili adam ba dünýäde,...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
oglanlara owadan diýmeli däl görmegeý dimeli , asyl türkmen dilimizde oglanlara owadan diýilenok , umuman oglanlara güýç , batyrgaýlyk , zähmetsö...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Iki tarapyñam özüni bezeýän, gelşikli görkezýän owadanlygy bar. Gyzlaryñky; ahlak, abraý,näziklik,ýuwaş seslilik,mylakatlylyk. Oglanlaryñky; agy...dowamy...
Oglanlar owadanmy ýa-da gyzlar?
Biz ynsany iň ajaýyp görnüşde (iň kämil keşpde) ýaratdyk. (Tin suresi 4 nji ayat) Men pikirimche in gowy jogap shulmyka diyyan....dowamy...