“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Belki : Seni görenler göwnüñe laýygyny tapypsyñ diýdiler. Diýdim göwnüm neneñ owadan eken #Belki

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

"Ýaşlyk dramasy" goşgusyna goşulmadyk setirler
 Täzeje
 The_Dikea [off]
 07.02.2026 / 17:37


Ne-hä eşik bardy ne-de bir çörek,
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek,
Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň.

Şonda-da käteler bälçiräp içgin,
Diýerdik:" Söýüşmek hemme wagt mümkin.
Öýlenmek- gerek zat köpelmek üçin,
Urşuň gazap wagty, Adam az wagty!...

Bir ýyllap degmändi lebiňe lebim,
Diňe gatyşypdy demiňe demim.
Soň bir gün bozuldy beýle edebim,
Meniň Jeýhun wagtym, Seniň ýaz wagtyň.

Buşlap Ýeňiş bilen gutaran urşy,
Aldygna ýüwürdim öýňüze garşy.
Buşlugymy lebiňden üzüldim ýagşy,
Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň...

Uruş ýeňiş bilen boldy-da tamam,
Iň ilkinji soldat dolandy aman.
Şoldy ilki posa ilki bahana,
Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň...

Sagymyz- derýady, çepimiz gaçy,
Toraňňyň saýasy. Awgustyň 3-i.
Birden dolup gitdi gujagmyň içi,
Meniň bürgüt wagtym, Seniň gaz wagtyň.

Gijeler adyňy nagş edip şygra,
Gündüzler özüňi basardym bagra.
Emma arzuwlarymyz barmady ugra,
Meniň ýigit wagtym, Seniň gyz wagtyň.



Şahyryň arhiwinden


105

24

4

7

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 07.02.2026 / 18:00

+0

Gaty gowy

 Täzeje
 Bagul [off]
 07.02.2026 / 20:22

+0

Gowy goryanda su gosgyny

 Özümiziňki
 Minigim [off]
  Lekum dinikum ve liye din
 07.02.2026 / 21:06

+0

:dovolen:

 Premium
 rexha [off]
  Всё, что хочешь от жизни бери и беги
 20.02.2026 / 23:16

+0

Name uchin doly goshulanokka shu goshga kabir bentler

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hudaýsyzlar 6- nji bölümi.


yzyny yazarsynda...dowamy...

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)

Toba.(Hekaya)


Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Perhatsabirovv (Şugün, 01:24)

Toba.(Hekaya)


Toba günäni kemelder - diýýärä...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
Orazjan (Düýn, 16:09)

Toba.(Hekaya)


gowy ekeni...dowamy...
Erkin mowzuklar | Toba.(Hekaya)
SerdarG (Düýn, 14:42)

Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi)


yzy yokmy...dowamy...

“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal


Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->