Ýürekdeş sözler!
Döwülen ýürek, Degilen göwün
IDEALLIDER2 [off]
09.02.2026 / 22:27
Şägirdi:
– Dostuň duşmana öwrülmegi juda aňsat. Duşmanyň dost bolmagy bolsa gaty kyn. Munuň sebäbi nämedir? — diýip, akyldardan sorapdyrlar.
— Dünýäniň gurluşy şeýle. Özüňiz bir pikir edip görüň: jaýy gurmak aňsatmy, ýumurmak? Küýzäni ýasamak aňsatmy, döwmek?! Puly gazanmak aňsatmy, sowmak?
— Ara tow düşen dostlugy dikelmek kyn bolarmy?!
Akyldar gapdalda duran küýzäni alypdyr-da, ýere taşlapdyr. Küýze kül-uşak bolupdyr.
— Şuny ýelimlejek bolan ýaly-da — diýip, ol pessaý ses bilen sorag beren şägirdine aýdypdyr. Şägirdi hem:
– Akyldarym, eger rugsat berseňiz meniň bilen geliň. — diýip haýyşt eden. Akyldar razylyk bereninden soň, şägirt şol döwülen küýze bölejikleri ýygnap, torba salypdyrda bir küýzegäriň ýanyna barypdyrlar. Şägirt, küýze bölekleri ussa beripdirde, täze küýze ýasap bermegini sorapdyr. Küýze-ussa hem bölekleri alyp, kül-ýaly owradyp, ol ownuklardan hem palçyk ýasap, palçygada küýze şekil berip, peje salyp täze-küýze edip çykarypdyr. Şägirt küýzäni alyp akyldara görkezdi. Akyldar bolsa begenip "Şägirt Halypadan ozdurmasa..." diýip şadyýan jogaplapdyr. Göwün-ýürek hem şol küýze kimin, ötünç soran, ejir çekip kösençler görse hökman bagyşlanar. Mundan iň gowysy bolsa göwne degmezlik, ýürek döwmezlik.
99 |
13 |
5 |
4 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Orazjan [off]Sapby soranjaň
09.02.2026 / 22:53
+0
"Her bir göwne degmeklik, ganly çaknyşyga eltmeli däldir adamlar!" diýýärä kinoda
IDEALLIDER2 (09.02.2026 / 23:02)
Orazjan, menä gaýtam şoňa eltmeli diýip ynanýan. Çagalardan, gyzlardan we ruhy-hassalardan galanyna
erkin1997 [off]
Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
09.02.2026 / 23:04
+0
Gaty gowy
Minigim [off]
Lekum dinikum ve liye din
10.02.2026 / 00:53
+0
Kuyzani mysal getiripdir welin aynany mysal getiren bolsa nadip bejererdika???
IDEALLIDER2 (10.02.2026 / 01:05)
Minigim, olam şol görnüşde. Aýnany kül bolýança owräldyp, soň gyzgyn otda eretseň bolýar we eräninden soň tekizlikden geçiräýmeli
Minigim (10.02.2026 / 12:54)
IDEALLIDER2, ha dusundim
rexha [off]Всё, что хочешь от жизни бери и беги
20.02.2026 / 22:43
+0
Karoche gowne degishmeli dal
Soňky teswirler
Toba.(Hekaya)
Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal
Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...