Ýürekdeş sözler!
Galar
yurekdes [off]
13.01.2024 / 11:34
Her dünýäñ öz dünýasi bar, dünýäde💕
Hiç haýyr bermedik miwesiz bagyñ
Bahasy guransoñ odunda galar
Diñe şol hakdaky ýatlamalaryñ
Bir pursatlyk ýakan oduñda galar.
Adamdyr öziniñ uly duşmany
Ýürek islär öz ýaryna du:şmany
Ykbalyñda aýralygyñ nyşany
Iñ eziz görülýän zadyñda galar
Dyrmuşda çyn dostdan duşmanyñ kändir
Haýyr işde badak atjak betpäldir
Umytsyz başlangyç, başlangyç däldir
Ol diñe batlanan badyñda galar
Ýürek gamdan çişer mähre ganmasa
Göwnüñ aglar her pursatda gam basa
Gül ýüzüňden bagtyñ nury dammasa
Köýen umytlaryñ dadyñda galar.
Kineler dert berer gezmegin aýtman
Ädim ät hoş goş güne yzyña gaytman
Il üçin iş etseñ gijeler ýatman
Asyrlar geçsede adyñda galar.
Ýüregmize goýup bir pursat eli
Mährem enelere tagzym edeli
Zeminde ýagşy söz azam däl welin
Ýöne iñ ezizi yadyñda galar.
Avtor:Muhammet Bekgiyew
111 |
6 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Üýtgeşik bir zat aýdyp, ýazyp orta çykyp gepläp bilmejegiňi bilýän. Türkmen telewideniýesinde okalýan goşgylary diňlär ýaly däl. Sen hem şolaryň...dowamy...