“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New chat ,,ertir chat" - Biz bärde🙂 (täzeden agza bolmaly, täze açdyk)
Ýürekdeş sözler!
King-official : aşk gitme sev beni birakma vedalaşma demekdir #eren

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ýatla meni...
 Täzeje
 MaD_B [off]
 10.02.2026 / 14:13
 Tanamadyksyra meni göreňde...

Bagyşla, men seni unudup bilemok,
Unutmagmy isleseň-de her gezek.
Gün-günden sa:lgyma öwrülip barýan,
Iň bolmanda, ýatla meni bir gezek.

Ýagyş ýagsa ýatla, gar ýagsa ýatla,
Ýapraklar saralyp, güýz gelse ýatla.
Ýatlaber, ýüregiň darygan çagy,
Iň bolmanda ýylda bir gezek ýatla.

Bilýän, indi ykbal duşurmaz bizi,
Ýollarmyzy gabat getirmez pelek.
Men-ä hiç-haçanam unutman seni,
Senem meni ýatla, ýylda bir gezek.

27.12.2025.ý.
Awtor: Çerkez BAÝLYÝEW.


129

27

4

10

1

0

2
Teswirler:
 Premium
 Prinsessa [off]
  Dostum yok duşmanm kop
 10.02.2026 / 17:50

+2

:dovolen::dovolen:malades

 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
  Durmaklyk hem yza gaýtmakdyr şonuñ üçin hereketde dowam!!!
 10.02.2026 / 20:33

+1

Gaty gowy

 Premium
 Belki [off]
  "Dilerim ki... Dilerim ki asla caymazsın benim olmaktan..."
 03.06.2026 / 22:36

+2

Poeziyada lenc edilen pikirlerden gacarak durmak gerek. Meselem, gysda yazda yatla diyen yaly. Gosgyn icindaki uytgesijek bir zatlar aytjak bolmaly. Bolmanda adaty pikri ya duygyny uytgesijek gornusde aytjak bolmaly. Bular kop okabersen oz ozunden duzelip gitjek zatlar...


Täzeje
MaD_B  (03.06.2026 / 22:52) 

Belki, umuman meň söz baýlygym pes gelýädä, dogry düşündimmi


Premium
Belki  (03.06.2026 / 23:07) 

MaD_B, yo yo asla dahyly yok. Sizde pikir yoretman cunlugy yetenok...


Täzeje
MaD_B  (03.06.2026 / 23:16) 

Belki, hmm düşündim, sagboluň köp köp!

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 05.06.2026 / 17:14

+1

Bir mowzugy, bir gezek halamak mumkin!

Esasy Sada halkyň göwnünden tursa, ol seniň ýazan zatlaryňy ýyldan ýyla nämejik, asyrdan asyra geçirýär.

Gerek adam öz gözleýänini tapar. meniň pikirimçe näçe sözü kapýa kopýalary gowy bolsada setirleriň arasyndaky aýdylmadyk sözler, ýürek ineee diýmese häki nääçe owadanlap ýazsaňam häki nemedä karoçee...

Bu meň öz şahsy pikirim. Menä bolýa diýän, galamyň ýiti bolsun.


Täzeje
MaD_B  (05.06.2026 / 20:40) 

Fantom, sagboluň

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Oratdy şahyr / hekaýa


Gynandym-lay, son cun menem kopluk yerde gosgymy hodurlap duramok. Gowy hekaya. Sag bolun, Serdar aga!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
Belki (11.07.2026 / 12:26)

Oratdy şahyr / hekaýa


Nazaryýet — bu haýsydyr bir zat barada hemme zat mälim bolsa-da, şonuň hiç zadynyň düýbünden işlemeýänligi. Amalyýet (tejribe) — bu haýsydyr bi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
dabir (11.07.2026 / 09:32)

Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.


Baydak yaly gelin elden gitdi Haysy manyda aydylan shu :"baydak"sozi...dowamy...

Durmuşum.


Eger ol seniň ýüregiňdäki şol paklygy görüp bilmeýän bolsa, onda ol seniň söýgimize mynasyp däl diýmekdir. Emeli añ dalmi sho? "Söygumize"...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
rexha (10.07.2026 / 11:09)

Durmuşum.


Gowy tema. ýöne şu emeli aňa ýazdyrylan ýaly welin bir hiýli gurok bolupdyr. Negatiw kawul etme. sen emeli aňa gowy tekst ýazdyrjak bolsaň onda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşum.
Fantom (10.07.2026 / 04:32)

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 7


Karlik name diymek...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Ölümli jülgeden őlmänjik geç, öläýseňem aýt depip barlap görjek...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
zM (06.07.2026 / 19:33)

Ýagşylyk


Bu name repmi?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýagşylyk
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:53)

Gyrrygyz'ymyz


Pygamber yashy 63 daldimi...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Kimgerek_ (06.07.2026 / 17:45)

Kän garaşdyñmy?


Kän garaşdym kän.....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kän garaşdyñmy?
Ayjahan (06.07.2026 / 00:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->